11:34

Hiç zat hakda hekaýa / hekaýa

HIÇ ZAT HAKDA HEKAÝA

Diňe özi barada ýazmakdan başga hiç bir zat elinden gelmeýän otuz dört ýaşlaryndaky ýazyjy gijäniň ýarynda tisginip oýandy. Ony nämäniň ýa-da kimiň oýarandygy belli bolman galdy, şunlukda ol oýandy-da, düşegiň üstünde agaç ýuwdan ýaly sömeldi galyberdi. Onuň beýdip näçe wagt oturanyny hiç kim bilenok, sebäbi öýde hemmeler ukudadylar. Ol bolsa ine, şeýdip otyr.
Kän otyrdymy, az oturdymy, belli däl, garaz, ahyrsoňy özüne geldi, gözlerini süpürişdirip, ukudan kemsiz açylyşdy.
Şonda ony köp wagt terk eden wyždany kem-kemden oýandy, özüniň kimdigi, gelip çykyş içtimagy ýadyna düşdi duruberdi. Hut şol pursatda-da onuň özünden şeýlebir göwni geçdi, uzakly gün gereginden artyk sypaýysyran bolmasy ony öz-özüniň öňünde şeýlebir gözden düşürdi welin, muny beýan etmek-de ýeňil däl.
Bir baksa, ähli ýazanlary az hem däl eken, emma olaryň ählisinde-de söhbeti ahyryna deňiç alyp gitmändir. Kä ýerde wakalary ýoýupdyr, büdür-südür ýerlerini düzläpdir, ýüzüni sapajyk-supajyk edişi, mylaýymsyran bolşy ýaly, ähli ýazanlary-da şeýlebir salyhatly welin, ol setirler, megerem, hiç kimiň ýüregini gozgan däl bolsa gerek.
Ýok, ýok, bu aslynda juda bir beýle hem däldi, ähli galamdaşlary ýaly ol-da ynsan hasraty, şatlygy hem bagty barada ýazýardy. Emma hut häzir dim-dik bolup otyrşyna ol nämüçindir bar ýazanlarynyň ýaramazlygy, gara köpük gymmatynyň ýokdugy barada netijä geldi.
Bu pikirler onuň, dogrusy, birki aý bäri ynjalygyny alýardy. Her gezek özünden göwni geçginkä, onuň ýadyna şo-ol çişik adam düşerdi. Bu irräk bolupdy.
Bir gezek ol günorta arakesmede gazetleriň birinde bezegçi bolup işleýän dostunyňkyda otyrdy, bezegçi dosty etli-ganly, şokolady we buzgaýmagy halaýan ýigitdi. Üstesine degşip-gülüşmegi eý görerdi, her hili gürrüňler toslap, hemmeleri gyzyl-gyran ederdi, mahlasy, ony hemmeler gowy görýärdi. Dostunyň ýene bir edähedi bardy, ol-da dostlaryny ýygy-ýygydan öýüne çagyryp, zyýapat bererdi.
Ine, şeýleräk häsiýetleri bolan dostunyň ýanynda stoly degip duran çişik bir adam oturardy, bu kişi demini zordan alýardy, durmuşdan hem adamlardan göwnigeçginligi üçinem gürlemäge-de ýaltanýardy.
Emma biziň ýazyjymyz ol wagtlar ýaşdy hem gujurlydy, etsem-goýsamy kändi. Ol dostuna şol gezek täze ýazan powesti üçin surat çekdirmäge gelipdi. Powestiniň öz işleýän gazetiniň indiki sanyndan çap edilip başlanjakdygy barada magtanyp oturşyna surat näçe tiz çekilse, şonça gowy boljakdygyny gaýtalaýardy. Dosty daşy şakyrdawyk kagyzly şokolady şapbyldadyp oturşyna:
―Powestiň näme hakdadygyny gürrüň ber ahyryn―diýýärdi.
―Ine, şunuň ýaly surat çek―diýip, ol suratçy dostunyň öňüne gerekli suratynyň taslamasyny goýdy:―Ine, şunuň ýaly surat.
―Aý, şunyňam erbet däl-ä― diýip, suratkeş dosty onuň garalamasyny synlap, äwmän aýtdy.
―Ýok-how, sered-ä adamlaryň ýüzleri gyşyg-a.
―Haçana gerek saňa surat?
―Ertire. Aýtdym-a powest indiki sandan çykyp başlaýa diýip.
―Tüweleme, ýazýaň-aý―diýip, dosty agzyny süpürip otursyna oňa garady.
―Ýazylýandyr, dost.
Şol wagtam häliden bäri dymyp oturansoň, bardygy-da undulan çişik kişi: ―Onam ýazarsyň, munam ýazarsyň. Şo-ol ýazar ýörersiň. Kyrka ýetmänem ähli zatdan göwnüň geçer―diýip, şeýlebir äwmezlik bilen aýtdy welin, ýaş ýazyjy bu sözlere ör-gökden geldi hem ýokuş gördi.
...,,Dogry aýdan eken-ow. Kyrka ýetmänem ähli zatdan göwnüň geçer― diýip. Hany, indi şol powest öz ýadyňa berin düşýärmi?''
,,Kerpiç-kerpiç şokolad. Be-e, şol şokoladlar ýaman süýjü-daý.'' Ol düşekde sömelip otyrşyna nämüçindir şol şokoladlary ýatlady. ,,Şol şokoladlar häzir dükanlarda barmykan-aý? Ertir birini alyp dadyp göreýin-le. Tagamy dagam üýtgeşikdi-laý şolaryň.''
Ol nämüçindir kerpiç-kerpiç şokoladlar barada oýlanyp uka gitdi.

***

Merhum garry atamyň dogany, garry agam, oba baranymda, öýe geldi. Bir wagt daýawdan irimçik göwresi indi sykylypdyr, mazaly horlanypdyr. Golaýda agyrja dümewlänem eken.
―Gezýän ýerleriň amanlykmy? Bolýa, sag gez, ogul.
―Pylan däde, ejem çaý demledim diýýär.
―Hä?
,,Gulagam agralan eken-ow''.
―Ejem çaý içip git diýýä.
―Çaýa wagt ýok, men metjide barýan. Ýassy namazy wagty boldy.
Gitdi, keýpi ýok.
,,Onuň öz derdi.Ýazan kişi bolup ýörmegiň nä derkaryna''.

***

,,Ýalançyda jennet bolsa,
Ýar gujagy ol jennetdir''.
Ömrüni sallah ötüren Gulhan obanyň çekenesini öňüne salyp geçip gitdi.

***

―Yrakda her gün ýüzlerçe adam gyrylýar. Amerikanyň prezidenti bolsa, ol ýerde ýene goşun sanyny köpeltmek barada kongresden idin soraýar.
―Eýran atom bombasyny ýasaýar diýip, dünýe goh turuzýar.
―Orsýet ýene güýçlendi. Ors prezidenti Amerikany tankyt etdi.

***

―Awara du, awara du,
Tumhara kişme, du darahuw, marahuw.
Awaraduw.
―Hindi-türkmen bhaý, bhaý.
,,Nämüçin biziň adamlarymyz hindi kinosyny gowy görýärkä?!''
Daşardan ýagyş gatyşykly çapgyn şemalyň penjiräniň daş ýüzüne gerilen polietilen kagyzy şakyrdadyp oýnaýan sesi gelýärdi.

***

,,Soňky günler kakam şäherde ýeke ykmany çykardy. Irden çykyşyna agşam iňrik gatlyşanda dolanyp gelýärdi. Onuň bolşy geňdi, göýä ölümine taýýarlanýan ýalydy. Ol, hakykatdanam, golaý wagtda ölmelidi, lukmanlar onuň wagtynyň az galandygyny, ýöne muny ondan gizlemegimizi tabşyrypdylar, ol bolsa özüniň sanalgy gününiň galandygyny duýýan eken.
Ol bir gün wagtynda dolanmady. Onsoň men ony gözlemäge deňziň ýakasyna geldim.
Ol portuň ýanyndaky kiçeňräk seýil meýdançasynda, skameýkada ýalňyz özi oturan eken. Ol äpet-äpet gomlaryň özlerini kenara urşuna tukatlyk bilen syn edýärdi. Men onuň ýanynda oturdym.Ikimizem gürlemän deňzi synlaýardyk.
―Deňziň aňyrsynda haýsy ýurt ýerleşýär?―diýip, kakam sorady.
―Orsýet―diýip, men jogap berdim.
Biz dymdyk.
Men ahyrsoňy :― Kaka, öýe gideli. Wagt gijikdi―dýdim.
―Birazajyk oturaly... Düýn şu ýerde otyrkam, Ajal gara eşikli ýanyma geldi. Seniň häzirki oturan ýeriňde otyrdy. ,,Sen ýola gitmäge taýýarmy?― diýip sorady. ,,Men biraz wagt, başarsaň bir hepde puryja ber― diýdim: „Biraz tertipleşdirmeli işlerim bar. Oglanlara ony-muny sargyt etmeli― diýdim.
―Kaka, diýýän zatlaryň näme?
―Ýeri, bolýa, oglum, gizlemek nämä gerek. Men ählisini bilýän ahyryn.
Kakam gamgyn ýylgyrdy.

***

Biz sergä gitdik. Ýaş hudožnik dostumyzyň ilkinji sergisidi. Asylgy duran suratlaryny öwme öwdük. ,,Bä, eden bolaýşyny. Sen duranja zehin-how. Saňa uly geljek garaşýar. Bärde-bärde durmazsyň sen. Bir Parižden çykarsyň, bir-de Londondan!― diýdik. Emma ýeke eserine-de düşünip barmaýardyk.
Daş çykanymyzda, ýagyş edil bedreden guýulýan ýalydy. Şeýlebir ýagýardy welin, üst-başymyz dessine öl-myjjyk boldy. Hudožnik dostumyzyň welin keýpi ýokdy, ýolboýy dymyp geldi. Megerem, bileje tirkeşip ýören, ýap-ýaňyja gymmatbaha çakyr bilen şokolad hödür eden şahyr dostlarynyň hiç biriniňem öz eserlerine düşünmeýändigine, biziň hijimiziňem sungatdan başymyzyň çykmaýandygyna lapykeç bolýardy.
Men hoşlaşyp öýe sowuldym. Sergidäki eserleriň hiç birine-de düşünmändigim üçin özümi asla müýnli duýmaýardym. ,,Näme, eglendiň-le?― diýip soranlarynda-da, hil bir iş bitirip gelýän ýaly ,,Sergiden gelýän― diýip agzymy dolduryp jogap berdim.

***

Salam, jenap okyjylar. Neneň-niçik ýagdaýlaryňyz?! A-how, siz maňa hekaýa ýaz-hekaýa diýip güň bermediňiz-le.Näme, hekaýa ýazmak ýeňildir öýdýäňizmi? Otyrsyňyz ýumşajyk kürsüleriňizde, bikärlikden, hiç zat edesi gelmezlikden ýüregiňiz gysyp jaň edýäňiz: ,,Gadyrdan, mähriban ýazyjymyz, ýazyň-a bir hekaýa. Tukatlykdan halas eýläň ahbetin bizi― diýip. Şeý diýýärkäňiz, hekaýa ýazmagyň näjüre güzap pişedigi barada, heý, oý etmeýärsiňizmi? Men nä size masgarabazmy, tukatlygyňyzy bezär ýaly?
Siziň doýdum-doldumyňyz ýok-la. Düşüniň-ä, ýadadym, ýoruldym men.

***

Ýene diwarlar aňryk süýşdi, holodilnik, elektroötürgiç, içi gülli golçalar, gülyşyk... bir gapdala aýrylyp, öýüň içi barlyk bilen galtaşyp, oňa birleşdi gitdi. Ne penjiräm, ne gapym, ne açarym, ne gulpum bar meniň. Alyslar ýakyna geldi, ýakynlar elimi öpýär. Petige bakdym, ol-da ýok ýerinde, ýyldyzlar göz gypýar. Aýam barýar ýuwaşja süýşüp.
Şeýdip, gündiz zähmet bilen bitewileşdim, özümi unutdym, zähmet meni, barlygymy, ellerimi aýaklarymy ýuwutdy. Gybaty, öýke-kinäni, gahary unutdym.
Gije hyýaldyr ýatlama bilen birleşdim. Indi ne özüm bar, ne-de öz-özlügim. Ýok men, ýitdim men.
Kä tapylýaryn, emma bu-da az salymlyk, soň ýene ýitýärin.
Men ýazyjymykam diýip oýlandym. Göwnüm şübhede, sebäbi ne stilim, ne dilim, ne-de garaýşym bar meniň. Ýazyjyda stil bolmazmydyr?! Gördüm bakdym, men men däl ekenim, men öýkünme ekenim. Kimde bir oňat söz görsem şony gaýtalajak bolupdyryn. Men imitasiýa eken, asyl däl ekenim.
Men barlygy ýazmaýaryn, mendäki barlyk bu barlyga meňzemeýär. Barlyk umman, men derýa, emma suwlarymyz bir-birine galtaşýar-da, garylmaýar.
Men ne senlik, ne olluk. Men ne barlyk, ne ýokluk.Men ne hekaýa, ne hekaýa däl. Ne agy men, ne şatlyk. Ne gyş men, ne-de bahar.

***

Haçanda menden bu hekaýanyň näme baradadygy hakynda soranlarynda, men: ,,Bilmedim. Megerem, hiç zat hakda bolsa gerek?! A siz nähili pikir edýärsiňiz?― diýsem gerek.

Çeşmesi: H.Hudaýgulyýew. Ömrümiň köçeleri. Aşgabat, 2016. 73-82 sah.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 274 | Добавил: Bagabat | Теги: Hemra Hudaýguly | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Surat / nowella - 14.03.2024
Garagumda / hekaýa - 09.03.2024
Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Köprüler / hekaýa - 15.01.2024
Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Bagabat  
43
Hemraguly Hudaýgulyýew, 1971-nji ýylyň 23-nji aprelinde Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Akýaýla obasynda eneden dogulýar.
1994-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-ny tamamlap, "Edebiýat we sungat" gazetinde korrektor bolup işe başlaýar. Soňra bu gazetde habarçy bolup işleýär. Dürli ýyllarda "Ahal durmuşy", "Adalat", "Nesil", "Watan" gazetleriniň redaksiýalarynda habarçy, uly habarçy, Türkmen radiosynda redaktor, bölüm redaktory, "Dünýä edebiýaty" žurnalynyň baş redaktorynyň orunbasary bolup işleýär.

0
2 Bagabat  
43
Hemra Hudaýgulyň "Ömrümiň köçeleri" atly kitabynyň sözbaşynda onuň döredijiligi hakda şeýle bellenýär:

Bu kitapda jemlenen hekaýalar ynsan hem onuň duýgulary, ruhy meni bilen ýüzbe-ýüz bolnan halatlar, dünýäniň gurluşuna, ynsan häsiýetine düşünjek bolmak islegi hakynda. Hawa, bu hekaýalaryň awtory özüni ―Diňe özi hakynda hekaýa ýazmakdan başga zat bilmeýän adam‖ diýip atlandyrýar. Ýöne ol özünde ýamanlykdan juda alysda, diňe ýagşylygyň hem mähriň höküm sürýän, ynsanlara ýagşylyk etmekden başga zady bilmeýän, dünýäni gowulyga tarap özgertjek bolup çalyşýan täsin bir dünýäniň bardygyny beri bilýärmikä?!
Şonuň üçin bu hekaýalaryň her birinde şygra mahsus şahyranalyk, şygra mahsus duýgy, şygra mahsus sazlaşyk bar. Bu hekaýalardaky ruhy ahwallar köplere tanyş. Sebäbi olarda tutuş dünýäni özüne sygdyran şahyr ýüregi bar.

0
3 Metida  
436
Onuñ "Ömrüniñ köçeleri" meniñ şu günler geçen köçelerimden eşidenlerime gabat gelişi ýylgyrtdy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]