22:11

Hokkeý

HOKKEÝ

Gijäň ýary gykuw bilen eýwanda
Girjek bolduk göni indi ekrana,
Buzdan batly böküp barýan şaýbany
Biz özümiz urýan ýaly, hamana.

Bizden beter basga düşdi diktoram:
Sekundomer oýny gaty gyssaýar.
Deň hasaply, deň ýalynly ýaryşyň
Soňky sekund, soňky synag, kössi bar.

- Ýarym minut... On bäş sekund... Bäş sekund...
Soňky sekund! Soňky sekund ereýär!..
Gol diýdi-de, bökdi birden Ozerow,
Stadionda şeýle bir goh döreýär!

Soňky sekund! Soňky sekund arzyly
Hem azaply uly ýeňşe ýetirdi.
Soňky sekund erjel erke mynasyp
Hem sapaly şanly şöhrat getirdi...

Ýaşam indi ýetdi, ýoldaş, bir çene...
Öňde bolsa biçak beýik geriş kän...
Soňky sekund gadryn bilen çilikçi
Diýdi: agam, entek-entek göreş kän.

Ata ATAJANOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 24.12.1977 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 198 | Добавил: Haweran | Теги: Ata Atajanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 yalnyzozi660812  
1367
Керим Гурбаннепесовда хем бармы Хоккей хакында гошгы? Бар болса гойсаныз миннетдар болардык!?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]