14:24

Hormatly Prezidentimiziñ ýaşlara sargytlary

HORMATLY PREZIDENTIMIZIÑ ÝAŞLARA SARGYTLARY

■ Watan her bir ynsan üçin ýokary gymmatlykdyr.

■ Ylym-bilim biziñ ähli ösüşlerimiziñ binýady bolup durýar.

■ Gujur-gaýratyny we ukyp-başarnygyny döredijilige bagyş etjek ýaşlarymyz ylmy açyşlaryny Berkarar döwletimiziñ dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny, at-abraýyny mundan beýläk-de beýgeltmäge, mähriban halkymyzyñ bagtyýar geljegini üpjün etmäge gönükdirmelidirler.

■ Kalbynda berkarar döwletimize buýsanç duýgulary joş urýan bagtyýar ýaşlarymyzyñ Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanynyzyñ beýik geljegi üçin gujur-gaýratyny, ukyp-başarnygyny gaýgyrman, ak ýürekden, arassa we halal zähmet çekjekdigine berk ynanýaryn!

■ Bedew bady bilen öñe barýan halkymyzyñ agzybirliginiñ, buýsanjynyñ, ruhy joşgunynyñ, döredijilik ylhamynyñ esasy gözbaşy milli mirasymyzdyr.

■ Türkmen zenanlarynyñ çeper elleri, uz barmaklarynyñ gudraty bilen döredilen halylarymyz halkymyzyñ dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungatydyr.

■ Biziñ döwlet syýasatymyz beýik maksada ~ Türkmenistany syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösen döwletleriñ hataryna goşmaga, halkymyzyñ ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, döwletimiziñ we jemgyýetimiziñ demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

■ Biziñ ýaşlarymyz giñ añ-düşünjesi, ylym-bilimi, eziz Diýarymyza we mähriban halkymyza egsilmez söýgüsi hem-de buýsanjy bilen ata Watanymyzyñ at-abraýyny, mertebesini we şan-şöhratyny has-da beýgeltmelidir!

■ Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyñ beýik geljeginiñ, halkymyzyñ we adamzadyñ bagtyýarlygynyñ, dünýäde parahatçylygyñ hatyrasyna döredijilikli zähmet çekmek uly mertebedir.

■ Biziñ ýokary depginler bilen ösýän Garaşsyz döwletimiziñ iñ gymmatly hazynasy adamdyr.

■ Ýokary hilli bilim almak, hünär öwrenmek, jemgyýetiñ durmuşyna işjeñ gatnaşmaga taýýar bolmak her bir adam üçin uly bagtdyr.

■ Ylym adamyñ dünýägaraýşyny we durmuşyny özgerdýän, oña täsir edýän hakyky baýlykdyr.

■ Biziñ watançy, zähmetsöýer, maksada okgunly, ýokary ahlakly we bagtyýar nesillerimiz okuwda, döredijilikli zähmetde öz ähli gujur-gaýratyny we başarnygyny, ukyp-zehinini berkarar Watanymyzyñ gülläp ösmegine bagyş etmelidir.

■ Gadymy döwürlerden bäri biziñ halkymyz beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmäge örän möhüm ähmiýet beripdir.

■ Ynsanperwerlik, agzybirlik, haýyr-sahawatlylyk, akýüreklilik, lebzihallalyk, zähmetsöýerlik, ulyny sylamak, ruhy we ahlak taýdan arassalyk, baý milli medeniýete eýe bolmak biziñ halkymyzyñ asyrlaryñ dowamynda kemala gelen durmuş kadalarydyr.

■ Adamyñ sarpasy we mertebesi onuñ çekýän zähmetine görä kesgitlenýär.

■ Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir adam bütin ömrüniñ dowamynda yhlas bilen yzygiderli zähmet çekmelidir.

■ Dogruçyl, akgöwünli, hoşniýetli, zähmetsöýer we watançy bolmak, goý, biziñ ýaşlarymyzyñ baş ýörelgesine öwrülsin!

■ Berkarar Watanymyzyñ ýaş raýatlarynyñ öz mukaddes borçlaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin sagdyn durmuş kadalaryna eýerjekdiklerine, ylymly-bilimli adamlar bolyp ýetişjekdiklerine, eziz Diýarymyzyñ gülläp ösmeginiñ hatyrasyna gujur-gaýratyny aýaman, yhlas bilen zähmet çekjekdiklerine men berk ynanýaryn!

■ Ýurdumyzyñ yzygiderli ösmeginiñ esasy şerti agzybirlik hem-de asudalykdyr.

■ Bilim almak we döredijilikli zähmet çekmek, eziz Watanymyzyñ gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak, abadan we bagtyýar durmuşyñ hatyrasyna barha kämilleşmek, başarnykly we tutanýerli bolmak ýaşlaryñ öñünde duran esasy wezipelerdir!

■ Ynsan üçin Watandan beýik mukaddeslik, Watandan beýik gymmatlyk ýokdur!

■ Goý, biziñ watançy nesillerimiz agzybirligiñ, bitewiligiñ we pähim-parasadyñ esaslaryny düzýän ajaýyp maşgala däplerini we milli kadalary yzygiderli dowam etsinler! Beýik geljegimiz bolan ýaşlarymyz milli mirasymyza sarpa goýsunlar, taryhy, medeni-ruhy baýlyklarymyzy gorap saklasynlar, dünýä ýaýsynlar!

■ Eziz Watana söýgi, mertlik we edermenlik biziñ halkymyzyñ müñýyllyklardan gaýdýan parasatly wesýetleriniñ gözbaşydyr. Watany söýmegiñ we goramagyñ hatyrasyna gahrymançylygyñ müdimilik nusgalaryny döreden merdana ata-babalarymyzyñ häzirki nesilleri berkarar döwletimiziñ öñündäki öz mukaddes borjuny abraý bilen berjaú etmelidir!

■ Halkymyzyñ bitewi milli-medeni gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek, ösdürmek, dünýä türkmenleri bilen ylym, bilim we medeni ugurlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de ýygjamlaşdyrmak biziñ hoşniýetli syýasatymyzda ileri tutulýan ugurlaryñ biridir.

 

#nesil_2016

Категория: Sözler | Просмотров: 1043 | Добавил: Нawеran | Теги: Gurbanguly Berdimuhamedow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Sözler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Oguzhan_aga  
65
Sagbol Agarta. Köpden bäri hyýalymda aýlap ýördüm, nämüçin biziň öňbaşçymyz, serdarymyz, serkerdämiz hormatly prezidentimiz şu ýokarda getirilen we başgada ýaşlara pentleri nesihatlary, ugur görkezijilgi barka bizde gujurly, aňly düşunjeli, geçmişini söýýän ýaşlar göze ilenokka diýip pikilenip ýördüm. Ýeri gelende şulary aýdaýyn. Men her ýerde üýsmeklerde ýolda-yzda bir gowy gürrünçil biri bolsa derrew gürruň açýan. Arasynda ýokary okuw jaýlarynyň talyplary hem gabat gelýä. Olardan okuwlarynyň ýadaýlaryny, nähili bilimleri alýandyklary, gžtürkmeniň geçmişi taryhy hakynda nämeler öwrenýändiklerini soraşýas. Haýran galýan, diýýäler: "aý agam seň gürrüň berýän zatlaryňy menä burinji gezek eşidýän, bizä okuwa gidýäs gelýäs, ýada çärä gidýäs şedip geçip durow günumiz" diýýänlerine gaty kän gezekler gabat gelýän. Hany onda serdarymyzyň- ýaşulymyzyň pentleri. Ol aýtmaýamy "ýaşlarymyz gelejegimizdir" diýip. Onda kim günäkar talyplaryň biliminiň düşünjesiniň ýetersiz bolmagyna. Biziň Berkarar döwletmizi şu ýaşlar dowam etdirmel dälmi. Şu ýerde biraz mollumlarada igenesim gelýä. Talyp okuwçykary çäreden çärä ugradyp ýörmän hormatly prezidentimiziň aýdyşy ýaly "gelejegimiziň dowamatyny" her tarapdan aňly bilmli edip ýetişdirsinler. Hudaýa şükür biziň gowy oglan-gyzlarymyz bar. Bu biziň ganymyzda gowylyk bar, bir azajyk tekge berseler özleri alyp çykýalara. Diňe okuwda däl biz öýlerimizde-de öz çagalarymyzy aňly-düşünjeli, arly-namysly, utançly-haýaly, watansöýer, il-halkynyň ogly edip ýetişdirmäge gaýrat etmeli. Ata babadan gelýän edim-gylymlary, dini-diýaneti öwretmeli.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]