09:04

Hukuk sorag-jogaplary - 10. Hususy telekeçilik işi we salgyt kanunçylygy

HUSUSY TELEKEÇILIK IŞI WE SALGYT KANUNÇYLYGY

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda, olaryň amala aşyrýan telekeçilik işleriniň görnüşine we häsiýetli aýratynlyklaryna baglylykda, hususy telekeçilerden alynýan salgytlaryň, tölegleriň we ýygymlaryň şu aşakdaky görnüşleri bardyr:

• girdeji salgydy;
• goşulan baha üçin salgyt;
• ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt;
• goşmaça töleg;
• mahabatlandyrma (reklama) üçin ýygym;
• şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym;
• awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym;
• awtoulaglaryň ýerlenilmegi üçin ýygym;

Mälim bolşy ýaly, salgyt – bu döwlet edaralarynyň we (ýa-da) ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň maliýe üpjünçiligini ýola goýmak maksady bilen, ýuridik we fiziki şahslardan, olara eýeçilik hukugy, hojalyk dolandyryşyna ýa-da operatiw dolandyryşa bolan hukugyň esasynda degişli pul serişdeleriniň, hökmany, şahsy we muzdsuz döwlet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň býujetine tölenmegidir [Большая электронная юридическая энциклопедия. Москва, 2001. Статья «Обязательный налог».].

Ýygym – bu döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary ýa-da beýleki ygtyýarly edaralar hem wezipeli adamlar tarapyndan ýuridik we fiziki şahslaryň peýdasyna hukuk taýdan ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylmagy, şol sanda olara belli bir ygtyýarlyklaryň ýa-da hukuklaryň berilmegi üçin, ýuridik we fiziki şahslardan alynýan hökmany tölegdir.

Goşmaça töleg (aksiz [Lat. Accidere-kesmek]) – bu esasan köpçüligiň peýdalanýan harytlarynyň, şeýle hem hususy kärhanalaryň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň bahasynyň möçberine girizilýän dahylly (gytaklaýyn) salgytdyr. Goşmaça töleg ýurduň çäginde getirilýän ýa-da ýurduň içinde öndürilip ýerlenýän harydyň bahasynyň möçberine goşulýar we döwlet ýa-da ýerli býujete alynýar.

Girdeji salgydy

Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksine laýyklykda, Türkmenistanda fiziki şahslardan olaryň kanunda bellenen çeşmelerden alan girdejileriniň ähli görnüşleriniň 10 göterimi möçberinde girdeji salgydy alynýar [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 182-nji madda.]. Girdeji salgynyň alynýan möçberi, tertibi, salgyt özeni, salgyt salynýan binýat, salgyt aýyrmalary we ş.m. bilen bagly hukuk kadalary Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 182-200-nji maddalarynda bellenilýär.

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyna laýyklykda, hususy telekeçiler babatda salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy hereket edýär. Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenýän işleriň sanawy boýunça telekeçilik işiniň aýry-aýry görnüşlerini amala aşyrmakdan girdeji alýan hususy telekeçilere degişlidir.

Salgyt salmagyň ýeňillikli ulgamy girdeji salgydynyň bellenen ululygyny (bellenen patent tölegi), şeýle-de telekeçilik işlerinden umumy girdejiden (goşmaça patent tölegi) hasaplanyp çykarylýan salgydy, Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 188-nji we 189-njy maddalarynda bellenen aýyrmalaryň möçberini azaltmazdan göz öňünde tutýar. Şeýle ýagdaýda Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 187-nji maddanyň 5-nji bölüminde bellenen ýeňillikler ulanylmaýar.

Girdeji salgydynyň bellenen ululygy (bellenen patent tölegi) telekeçilik işleriniň her bir görnüşi boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär. Telekeçilik işleriniň birnäçe görnüşleri amala aşyrylanda bellenen patent töleginiň iň ulusy tölenýär. Bellenen patent tölegi salgyt töleýjiniň telekeçilik işlerini amala aşyrmagy niýet edýän döwri başlanmanka tölenýär. Bu döwür üç aýdan az bolmaly däldir.

Salgyt töleýjiniň amala aşyrýan işini wagtlaýynça duruzmagy şu döwür üçin bellenilen patent tölegini tölemek boýunça borçnamalarynyň ýerine ýetirilmeginiň aradan aýyrylmagyna, bellenilen patent tölegi tölenilen döwürde bolsa – onuň möçberiniň üýtgetmegine getirmeýär. Kesgitlenen patent töleginiň hasaplanan möçberi şu ýagdaýlarda üýtgedilip bilinýär:

• salgyt töleýji tarapyndan görkezilen döwürde işiň kesgitlenen patent töleginiň has ýokary derejesi bellenen görnüşi amala aşyrylanda;
• salgyt töleýji tarapyndan hususy telekeçi hökmündäki iş bes edilende.

Bellenen patent tölegi salgyt töleýji aradan çykan halatynda onuň hukuk oruntutaryna gaýtarylyp berlip ýa-da salgytlar, şeýle hem maliýe jerimeleri we puşmana tölegleri boýunça bergileri üzmegiň hasabyna hasaplanylyp bilinýär. Görkezilenler artyk tölenilen goşmaça patent tölegine hem degişlidir.

Kesgitlenen patent tölegini gaýtadan hasaplamak degişlilikde, işiň täze görnüşini amala aşyrmak başlanmazdan ýa-da işiň bes edilmezinden öň salgyt töleýjiniň salgyt gullugyna berilýän arzasynyň esasynda geçirilýär.

Salgyt töleýjiniň hasaba duran ýerindäki salgyt gullugy salgyt töleýjä Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan bellenen nusga boýunça bellenen patent tölegini töländigine şaýatlyk edýän resminama (patent) berýär. Patent salgyt töleýjiniň telekeçilik işlerini amala aşyrmagy niýet edýän döwri başlanmanka berilýär (uzaldylýar).

Patent salgyt töleýjiniň telekeçilik işini amala aşyrmagy maksat edinýän döwrüniň başlanmagyna çenli on günden giç bolmadyk möhletde salgyt babatda hasapda goýlan ýerindäki salgyt gullugyna onuň berýän arzasy esasynda berilýär (uzaldylýar).

Bu möhleti bozmak bilen patentiň güýjüni uzaltmak (täzesini bermek) üçin salgyt töleýji salgyt gullugynyň edarasyna ýüz tutan halatynda, bar bolan (ýa-da öň berlen) patentde görkezilen döwrüň tamamlanýan möhletinden soňky seneden başlap patentiň güýji uzaldylmalydyr (täzesi berilmelidir). Şunda bellenilen patent töleginiň wagtynda tölenilmezligi Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 70-nji maddasyna laýyklykda, puşmana töleginiň ulanylmagyna getirýär.

Goşmaça patent tölegi Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 200-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen, telekeçilik işleriniň görnüşlerinden alynýan harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemegi öz içine alýan umumy girdejiniň jeminden, şeýle-de Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 200-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy bölümlerinde bellenen, daşarky amallardan alnan aýry-aýry girdejileri we çykdajylary (yitgileri) hem goşmak bilen hasaplanýar.

Hususy telekeçilik üçin kesgitlenen patent töleginiň hem-de goşmaça patent töleginiň möçberi, alynmagynyň tertibi we ş.m. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugynyň hem-de Türkmenistanyň Maliýe ministrliginiň 2008-nji ýylyň 8-nji awgustynda çykaran № 44-Ö, 62 belgili buýrugy bilen tassyklanan “Patentleri bermegiň we patent tölegini kesgitlemegiň tertibi boýunça Usuly görkezmeleri” bilen kesgitlenýär.

Harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan girdejini kesgitlemek maksady üçin Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 186-njy maddasynyň we 187-nji maddasynyň ikinji we üçünji bölekleriniň düzgünleri ulanylýar. Goşmaça patent tölegini hasaplamak üçin Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 200-nji maddasynyň 5-nji we 6-njy bölümlerine laýyklykda kesgitlenýän umumy girdeji salgyt özeni bolup durýar.

Hasaba alynýan ýerlemekden daşarky girdejilere şular degişlidir:

• ätiýaçlandyryş ýa-da gaýtadan baglaşylan ätiýaçlandyryş şertnamasy boýunça ätiýaçlyk öwezini dolmalar;
• jerime we beýleki çäreler görnüşinde ylalaşyk borçlarynyň bozulandygy üçin alnan serişdeler, şeýle-de yitgileriň ýa-da zyýanyň öwezini dolmakdan alnan möçberler;
• ozal hasapdan öçürilen bergileri üzmek üçin gelip gowşan möçberler;
• talap möhletiniň geçendigi üçin ýa-da başga esaslar boýunça hasapdan öçürilen bergileriň pul möçberleri, şu Bitewi kanunyň 57-nji maddasyna laýyklykda salgytlar (jerimeler we puşmana tölegler) boýunça tölenjegine umyt bolmadyk möçberlerden başgasy;
• daşary ýurt puly bilen amallar boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky gymmatlyklaryň we talaplaryň bahasy gymmatladylanda ýa-da daşary ýurt pulunda görkezilen borçlar arzanlandylanda oňyn aratapawut;
• hasabat ýylynda ýüze çykarylan geçen ýyllaryň girdejileri:
• ulanmakdan çykarylýan esasy serişdeler ýok edilen halatynda ýa-da sökülende alnan materialyň ýa-da beýleki emläkleriň bahasy
• tükelleýiş netijesinde ýüze çykarylan haryt-material gymmatlyklaryň artygynyň bahasy;
• gaýry ýerlemekden daşarky girdejiler.

Hasaba alynýan ýerlemekden daşarky çykdajylara (ýitgilere) şular degişlidir:

• daşary ýurt puly bilen amallar boýunça, şeýle hem daşary ýurt pulundaky gymmatlyklaryň we talaplaryň bahasy arzanladylanda ýa-da daşary ýurt pulunda görkezilen borçlar gymmatladylanda oňaýsyz hümmet tapawudy;
• kazyýetde işlere seredilendigi üçin çykdajylar;
• jerimeler, puşmana tölegleri we maliýe jerimeleriniň beýleki görnüşleri, Türkmenistanyň Döwlet býujetine ýa-da başga döwletiň býujetine tölenýänden, şeýle-de ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak boýunça çykdajylardan başgasy;
• talap möhletiniň geçendigi üçin ýa-da başga esaslar boýunça hasapdan öçürilen algylaryň jemi;
• ozal hasapdan öçürilen bergileri üzülişmäge tölenen pul möçberleri;
• hasabat ýylynda ýüze çykarylan geçen ýyllaryň çykdajylary (ýitgileri);
• tebigy betbagtçylykdan, ýangyndan, heläkçiliklerden we beýleki adatdan daşary hadysalardan çekilen ýitgiler, heläkçiliklerden we beýleki adatdan daşary hadysalardan çekilen ýitgileri aradan aýyrmak ýa-da düzetmek üçin çykdajylary hem goşmak bilen.

Salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamy bellenen telekeçilik işinden alnan girdeji salgydynyň möçberi (goşmaça patent tölegi) umumy girdejiniň 2 göterimi möçberinde bellenilýär. Hasabat (salgyt) döwri Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 191-nji maddasyna laýyklykda kesgitlenýär.

Hasabat (salgyt) döwri üçin goşmaça patent tölegi Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 200-nji maddasynyň 4-nji bölegine laýyklykda hasaplanýan salgyt özenini, şol maddasynyň 7-nji böleginde kesgitlenen salgyt möçberme köpeltmek arkaly kesgitlenýär.

Salgyt beýannamasy Türkmenistanyň Salgytlar hakynda kodeksiniň 200-nji maddasynyň 1-nji böleginde görkezilen salgyt töleýjiler tarapyndan, hasabat döwründen soňky ikinji aýyň 15-den gijä galman salgyt töleýji hökmünde salgyt hasabyna duran ýerindäki salgyt gullugyna berilýär. Salgyt beýannamasy esasynda hasaplanan, Türkmenistanyň Döwlet býujetine tölemäge degişli goşmaça patent tölegi geçen hasabat döwründen soň gelýän ikinji aýyň 25-den gijä galman tölenmelidir.

Goşulan baha üçin salgyt

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hususy telekeçiler goşulan baha üçin salgyt töleýjiler bolup durýarlar [“Goşulan baha üçin salgydy hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakynda Gollanma №33”. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan 2004-nji ýylyň 13-nji aprelinde tassyklanan. Aşgabat: Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndysy, 2011 ý., № 1 (12), I bölek, 58-nji sahypa. II bölüminiň 4-nji böleginiň “d” bendi.].

Salgyt töleýjiler tarapyndan “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksiniň 98-nji we 99-njy maddalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerinde geçirilýän salgyt salynýan amallar goşulan baha üçin salgyt salynýan binýat bolup durýar. Şu amallar salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilýär:

• harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek, şeýle hem emläk hukuklaryny bermek;
• öz hajatlary üçin gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmek (görkezilenler diňe satyn alynýan ýa-da öndürilýän enjamy gurnamak we (ýa-da) oturtmak bilen baglanyşykly işleriň ýerine ýetirilmegini şeýle hem ony abatlamagy öz içine almaýar);
• harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda günäkär taraplardan ýetirilen zyýanyň öwez töleginiň alynmagy, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar;
• degişli harajatlar peýda (girdeji) salgydyny hasaplamak üçin kabul edilýän aýyrmalara goşulmaýan halatynda (şol sanda ulanyş tölegleriniň üstünden hem), özüniň sarp etmegi üçin harytlary peýdalanmak, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek [ “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 96-njy maddanyň 2-nji bölegi].

Şular salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilmeýär:

• amallaryň numizmatika maksady ýok bolsa, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň tabşyrygy boýunça edara görnüşli tarapyň taýýarlan puluny ýerlemegi bilen baglanyşykly bolmadyk, puly saklamak, inkassasiýa etmek boýunça hyzmat bolup durmaýan halatlarynda, kanuny töleg serişdesi bolup durýan daşary ýurt pullarynyň, pullaryň, banknotlaryň dolanyşygy;
• gymmatly kagyzlaryň dolanyşygy (kärhana paýly gatnaşmak hukugyny aýrybaşgalamak), olar boýunça dellalçylyk we araçyllyk hyzmatlary muňa girmeýär; kredit (ssuda) bermek we şolar boýunça göterimleri almak;
• aşakdakylary muzdsuz bermek:
 ýuridik şahs üýtgedilip guralanda onuň hukuk mirasdüşerine (hukuk oruntutarlaryna) şol ýuridik şahsyň esasy serişdelerini, maddy däl aktiwlerini we (ýa-da) beýleki emläklerini;
 döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça durmuş we önümçilik maksatly desgalary (ýaşaýyş jaýlary, dynç alyş öýleri, zawodlar, fabrikler we şulara kybapdaş beýleki desgalar);
 haýyr-sahawat guramalary tarapyndan harytlar berlende (işler muzdsuz ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende);
 ynsanperwerlik ýa (ýa-da) haýyr-yhsan kömegi hökmünde harytlar berlende (işler muzdsuz ýerine ýetirilende we hyzmatlar edilende);
• emläk aýrybaşgalananda:
 döwlet ýa-da jemgyýetçilik hajatlary üçin ýa-da ýeriň, medeni gymmatlyklaryň bolmalysy ýaly peýdalanylmaýandygy sebäpli, döwlet häkimiýeti we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgütleri boýunça alynmaga degişli ýer böleginde ýerleşen emläkler;
 miras alynýan emläge bolan eýeçilik hukugy döwletiň haýryna mejbury alnanda, döwletiň haýryna geçirilende ýa-da başga birine berlende, şeýle hem eýesiz galan emläk ýa-da hazynalar döwlet tarapyndan kabul edilende;
 daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara guramalary ýa-da fiziki şahslar tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwer, maliýe we tehniki kömeginiň we kreditleriň (karzlaryň) maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň çäklerinde harytlary ýerlemek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek. Görkezilenler şu şahslara degişlidir:
o daşary ýurt döwletleriniň, halkara guramalarynyň ýa-da şahsy adamlaryň harytlary (işleri, hyzmatlary) şunuň ýaly ýerlemegi amala aşyrmaga ygtyýarly eden adamlaryna;
o şeýle kömegi we kreditleri (karzlary) alyjylar hökmünde bellenilen adamlara;
o tölegi görkezilen serişdeleriň hasabyna geçirilýän, ýokarda görkezilen ygtyýarly edilen taraplar bilen we şeýle kömegi hem-de kreditleri (karzlary) alýanlar bilen şertnama boýunça iberijiler (işleri ýerine ýetirijiler, hyzmatlary edijiler) bolan taraplara;
• telekeçi däl ýuridik şahslar tarapyndan, peýda almak maksady bolmazdan harytlaryň ýerlenmegi, işleriň ýerine ýetirilmegi, hyzmatlaryň edilmegi;
• eger görkezilen işleri ýerine ýetirmegiň (hyzmatlary etmegiň) hökmanylygy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen halatlarynda, işiň belli bir ugrunda olaryň üstüne ýüklenilen aýratyn wezipeleri ýerine ýetirmegiň çäklerinde döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işleri ýerine ýetirmegi (hyzmatlary etmegi). Görkezilenler, esasan, döwlet ýangyna garşy göreş gullugynyň hyzmatlaryny, gümrük hyzmatlaryny, harytlary (işleri, hyzmatlary) güwälendirmek boýunça hyzmatlary, beýleki şular ýaly işleri we hyzmatlary özünde jemleýär;
• harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemek baradaky ylalaşykdan gelip çykýan talaplara hukugy ilki başdan bermek ýa-da görkezilen talaplaryň kanun esasynda başga şahsa geçmegi;
• emlägiň gaýry ýuridik şahslaryň we şereketleriň esaslyk maýalaryna gatançlar hökmünde berilmegi.

„Salgytlar hakynda“ Türkmenistanyň kodeksinde bellenýän maksatlar üçin ýerlenýän ýa-da ýerlenmäge niýetlenen emläk haryt diýlip ykrar edilýär. Elektrik we ýylylyk energiýasyna, gaza, suwa haryt hökmünde seredilýär.

Goşulan baha üçin salgydyň möçberi:

• „Salgytlar hakynda“ Türkmenistanyň kodeksiniň 105-nji maddasynda görkezilen salgyt salynýan amallar babatynda 0 (nol) göterim derejesinde;
• beýleki salgyt salynýan amallar babatynda 15 göterim derejesinde bellenýär.

Döwletiň kesgitlän bahalary boýunça harytlar ýerlenende, işler ýerine ýetirilende, hyzmatlar edilende degişli möçberiň şu salgyt möçberine göterim gatnaşygy hökmünde kesgitlenýän, 100-e artdyrylan möçber ulanylýar. Hasaplama usuly bilen kesgitlenen möçber, haçanda salgyt gullugynyň edarasy tarapyndan salgyt „Salgytlar hakynda“ Türkmenistanyň kodeksiniň 36-njy maddasyna laýyklykda kesgitlenen we öz içine goşulan baha üçin salgydy alýan, hakyky bazar bahadan ugur alynyp hasaplanylan ýagdaýlarynda hem ulanylýar.

Goşulan baha üçin salgyt boýunça salgyt döwri hususy telekeçiler we düzümine ýuridik şahs girmeýän şereketlere gatnaşyjylar üçin bir senenama ýylyna deň, hasabat döwürleri bolsa 1-nji ýanwaryndan 30-njy iýunyna we 1-nji iýulyndan 31-nji dekabry aralygynda bellenilýär [“Goşulan baha üçin salgydy hasaplamagyň we tölemegiň tertibi hakynda Gollanma №33”. Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapyndan 2004-nji ýylyň 13-nji aprelinde tassyklanan. Aşgabat: Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýygyndysy, 2011 ý., № 1 (12), I bölek, 58-nji sahypa. X bölüminiň 45-nji bölegi.].

Goşmaça töleg

„Salgytlar hakynda“ Türkmenistanyň kodeksiniň 116-njy maddasynda görkezilen salgyt amallaryny geçiren, şeýle hem Türkmenistanyň gümrük çäklerine goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary getiren halatlarynda ýuridik we fiziki şahslar (şol sanda hususy telekeçiler hem) goşmaça tölegi töleýjiler bolup durýarlar [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 114-nji maddanyň 1-nji bölegi.]. Buýrujy tarapyndan iberilýän çig maldan (materiallardan) Türkmenistanyň çäklerinde öndüriliýän goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar üçin haryt öndüriji goşmaça tölegi töleýji bolup durýar.

Aşakda sanalýan amallar, goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar ýa-da olary öndürmek (taýýarlamak, guýmak) üçin hyzmatlar Türkmenistanyň çäklerinde öndürilen bolsa salgyt salynýan binýat diýlip ykrar edilýärler. Şu kadany göz öňünde tutmak bilen, şular salgyt salynýan amallar bolup durýar:

• özüniň öndüren goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryny ýerlemek;
• goşmaça töleg salynýan harytlary öndürmekden başga, özüniň sarp etmegi üçin öndürilen goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary peýdalanmak;
• goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlar ogurlananda ýa-da zaýalananda günäkär taraplardan ýetirilen zyýanyň öwez töleginiň alynmagy, şeýle hem ätiýaçlandyryş öwezini dolmalar;
• buýrujynyň çig malyndan (materialyndan) goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlary öndürmek (taýýarlamak, guýmak) boýunça hyzmatlary etmek [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 116-njy maddanyň 2-nji bölegi.].

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt

Türkmenistanyň çäklerinde gazylyp alynýan peýdaly zatlary çykarmagy amala aşyrýan, himiki elementleri we birleşmeleri (mundan beýläk-peýdaly magdanlar) almak üçin ýerasty (ýerüsti) suwlary çykarýan we peýdalanýan ýuridik we fiziki şahslar ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydy töleýjiler bolup durýarlar. “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda potratçylar we kömekçi potratçylar bolup durýan edara görnüşli we şahsy taraplar ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytlary töleýjiler hasap edilmeýärler [Şol ýerde. 129-njy maddanyň 1-2-nji bölekleri.].

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, toprak gatlagyndan aşakda hem-de suw ornan ýerleriň düýbünden aşakda ýerleşip, geologik taýdan öwrenmek hem özleşdirmek üçin elýeterli bolan ýer gabygynyň bir bölegi ýerasty diýlip hasaplanýar [“Ýerasty baýlyklar hakynda” Türkmenistanyň kanuny. Aşgabat: Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992. №12, 115- madda. 1-nji madda.]. Ýerastynda bar bolan we adamzat üçin peýdaly bolan ähli jisimlere-de „ýerasty baýlyklar“ diýilýär.

Salgyt töleýji tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinde amala aşyrylýan amallar salgyt salynýan binýatlar diýlip ykrar edilýär. Salgyt salynýan amallaryň geçirilen ýeri diýlip peýdaly magdanlaryň gazylyp alynýan ýeri hasap edilýär.

Salgyt salynýan amallar diýlip ykrar edilýär:

• salgyt töleýji tarapyndan gazylyp alynýan peýdaly magdanyň ýerlenmegi;
• salgyt töleýji tarapyndan gazylyp alynýan peýdaly magdanlary özüniň sarp etmegi üçin peýdalanylmagy, şol sanda gaýtadan işlenmegi;
• gazylyp alynýan peýdaly magdanlar ogurlananda ýa-da zaýalananda ýetirilen zyýanyň günäkär taraplar tarapyndan öweziniň dolunmagy, şeýle ätiýaçlandyrma öwezini dolmalaryň alynmagy.

Gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň ýerlemek düşünjesini kesgitlemek üçin “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksiniň 97-nji maddasynda bellenen kadalar ulanylýar. Mejbury almagyň, elden almagyň netijesinde gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň kesekiniň haýryna alynmagy ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgyt salmak binýady bolup durmaýar [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 130-njy madda.].

Ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň möçberleri aşakdaky ölçeglerde bellenýär:

• uglewodorod serişdeleri bilen baglanyşykly salgyt salynýan amallar boýunça:
 tebigy we ugurdaş gaz üçin - 22 %;
 çig nebit üçin – 10%.
• düşewüntliligiň derejesine baglylykda beýleki gazylyp alynýan peýdaly zatlar bilen baglanyşykly salgyt salynýan amallar boýunça:

Düşewüntlilik göterimlerde Salgydyň möçberleri
göterimlerde
15-e çenli 0
15-den ýokary,17-ä çenli 30
17-den 19-a çenli 32
19-dan 21-e çenli 35
21-den 23-e çenli 40
23-den 25-ä çenli 45
25-den ýokary 50

Salgyt salynýan amallar boýunça (uglewodorod serişdelerinden beýleki amallar) ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgydyň bellenen möçberleri ýataklaryň tejribe-senagat taýdan ulanylýan döwründe, emma 3 ýyl möhletden köp bolmaly däl, 50 % aşakladylýar. Şu ýagdaýda düşewüntlilik önümi ýerlemekden alnan peýdanyň ony öndürmek üçin çykarylan, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksiniň 154-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň “a,d” bentlerinde bellenen aýyrmalaryň jemi hökmünde kesgitlenýän we şonuň ýaly önüme degişli bolan harajatlaryň göterimi hökmünde hasaplanýar.

Önümi ýerlemekden alnan peýda önümi ýerlemekden alnan, salgylanýan Kodeksiň 149-njy we 150-nji maddalaryna laýyklykda hasaplanýan, Kodeksiň 154-nji maddasynyň 2-nji bölüminiň “a,d” bentlerinde bellenen aýyrmalaryň möçberine azaldylan we şunuň ýaly önüme degişli bolan jemi girdeji hökmünde kesgitlenýär [Şol ýerde. 133-nji madda.].

Mahabatlandyrma (reklama) üçin ýygym

Täjirçilik häsiýeti bolan mahabatlandyrmany (reklamany) ýaýradýan hususy telekeçiler mahabatlandyrma (reklama) üçin ýygymy töleýjiler bolup durýar [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 201-nji maddanyň 1-nji bölegi.]. Şu aşakdakylara reklama üçin ýygymy salmagyň binýady hökmünde seredilmeýär:

• ýuridik we fiziki şahslaryň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýradylýan, telekeçilik (täjirçilik) işini amala aşyrmak bilen baglanyşykly bolmadyk bildirişleri habarnamalary ýa-da habarlary;
• jemgyýetçilik we döwlet bähbitlerine gönükdirilen reklama;
• jaýa girilýän ýerdäki, jaýyň içindäki ýa-da witrinalardaky reklama ýazgylary;
• maýyplar guramalarynyň dikeldiş ýa-da durmuşy çäreleriniň reklamasy;
• haýyr-sahawat çäreleriniň reklamasy [Şol ýerde. 202-nji maddanyň 2-nji bölegi.].

Reklama üçin ýygymyň möçberi aşakdaky derejelerde bellenýär:

• Aşgabat şäheri üçin - reklama üçin harajatlaryň bahasynyň 5 göterimi;
• welaýat merkezleri bolup durýan şäherler üçin - reklama üçin harajatlaryň 4 göterimi;
• beýleki ilatly ýerler üçin - reklama üçin harajatlaryň bahasynyň 3 göterimi [Şol ýerde. 203-nji madda.].

Şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygym

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hususy telekeçiler hem şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymy töleýjiler bolup durýarlar [Şol ýerde. 207-nji maddanyň 1-nji böleginiň “b,ç” bentleri.].

Kanuna laýyklykda, hususy telekeçiler üçin, şäherleriň, şäherçeleriň we oba ýerleriniň çäklerini abadanlaşdyrmak üçin belli bir maksada gönükdirilen ýygymyň möçberi, goşulan baha üçin salgydyň hasaplanyp ýazylan möçberine azaldylan, harytlary (işleri, hyzmatlary) ýerlemekden alnan jemi girdejiniň 0,3 göterimi, emma aýda 2 manatdan az bolmaly däl [Şol ýerde. 208-nji madda.].

Awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygym

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, awtoduralgalaryň eýelerinden alynýan ýygymy töleýjiler diýlip, tölegli awtoduralga hökmünde peýdalanylýan ýer bölekleri berkidilen hususy telekeçiler we ýuridik şahslar ykrar edilýär. Görkezilen şahslar awtoduralga hökmünde peýdalanylýan ýer ülüşiniň ýerleşýän ýeri boýunça salgyt hasabyna durmaga borçludyrlar [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 210-njy madda.].

Kanuna laýyklykda, töleýjä bölünip berlen we tölegli awtoduralga üçin niýetlenen ýer ülüşi ýygym salmagyň binýady bolup durýar. Ýer bölegi awtoduralga hökmünde doly ýa-da bölekleýin peýdalanylyp ugran pursadyndan başlap, ýygym salynýan binýat diýlip hasap edilýär. Görkezilen ýer böleginiň umumy meýdany ýygymy hasaplamagyň özeni hökmünde alynýar. Birnäçe gaty bolan awtoduralgalar üçin her gatyň meýdany kabul edilýär [Şol ýerde. 211-nji madda.].

Ýygymyň möçberi awtoduralganyň meýdanynyň bir inedördül metri üçin:

• Aşgabat şäheri üçin - 1,5 manat derejede;
• welaýat merkezleri bolup durýan şäherler we Türkmenbaşy, Abadan şäherleri üçin - 1,2 manat derejede;
• beýleki ilatly ýerler üçin - 0,9 manat derejede bellenýär [Şol ýerde. 212-nji madda.].

Awtoulaglaryň ýerlenilmegi üçin ýygym

Türkmenistanyň çäklerinde awtoulaglary ýerlemegi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar (şol sanda hususy telekeçiler hem) awtoulaglaryň ýerlenilmegi üçin ýygymy töleýjiler bolup durýarlar [Şol ýerde. 216-njy maddanyň 1-nji bölegi.]. Kanuna laýyklykda, Awtoulaglaryň (awtobuslaryň, pnewmatik usulda ýöreýän ýük we ýeňil awtoulaglaryň) ýerlenilmegi ýygym binýady diýlip ykrar edilýär [Şol ýerde. 217-nji maddanyň 1-nji bölegi.].

Ýygym salynýan binýada aşakdakylar goşulmaýar:

• Türkmenistanyň Raýat kodeksine laýyklykda, mirasdüşerler diýlip ykrar edilýän adamlara awtoulaglaryň berilmegi;
• ýuridik şahslar üýtgedip guralanda mirasdüşere (hukuk oruntutarlara) awtoulaglaryň berilmegi;
• döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň çözgüdi boýunça awtoulaglaryň berilmegi;
• awtoulaglaryň ene-atasyna, ýanýoldaşyna, doganlaryna, aýal doganlaryna, ogullaryna, gyzlaryna, agtyklaryna, şeýle hem ýanýoldaşynyň ene-atasyna, doganlaryna, aýal doganlaryna we çagalaryna sowgat berilmegi;
• awtoulaglaryň býujetdäki edaralar tarapyndan ýerlenilmegi;
• awtoulaglaryň binýadynda gurnalan ýörite tehnikany – ýük galdyryjy ulaglary (awtokranlary), göçme barlaghanalary (laboratoriýalary), tiz kömek ulaglaryny we ş.m. ýerlemek;
• daşary ýurt döwletleri ýa-da halkara guramalary tarapyndan Türkmenistana berilýän halkara ynsanperwerlik, maliýe we tehniki kömeginiň we karzlaryň taslamalarynyň we maksatnamalarynyň çäklerinde alynýan awtoulaglaryň ýerlenilmegi;
• döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan awtoulaglaryň girdeji almak maksady bolmazdan ýerlenilmegi [“Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň kodeksi. Aşgabat, 2004-nji ýylyň 25-nji oktýabry. 217-nji maddanyň 3-nji bölegi.].

Aýry-aýry ýygym möçberi bellenen, ýerlenýän awtoulaglaryň sany awtoulaglaryň ýerlenilmegi üçin ýygymy hasaplamagyň özeni bolup durýar.

Awtoulaglaryň ýerlenilmegi üçin ýygymyň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen iň az zähmet hakynyň ululygynyň aşakdaky möçberlerinde bellenilýär:

• ýük awtoulaglary üçin - 8 esse ululykda;
• awtobuslar üçin - 5 esse ululykda;
• ýeňil awtoulaglar üçin - 6 esse ululykda [Şol ýerde. 218-nji madda.].

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýynda kabul eden „Türkmenistanda binýatlyk mukdarlary bellemek hakynda“ PP-5594 belgili permanyna laýyklykda, durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, döwlet paçlaryny, jerimeleri, aýlyk iş hakynyň iň az we ortaça möçberleriň şeýle hem jenaýat we administratiw kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberleri hasaplamak üçin 2010-njy ýylyň 1-nji iýulyndan başlap:

• durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary, hasaplamak üçin binýatlyk mukdary 50 manat möçberde;
• döwlet paçlary, jerimeler hem-de jenaýat we administratiw kanunçylygy boýunça hasaplamalar üçin binýatlyk mukdary 300 manat möçberde bellemeli [“Türkmenistanda binýatlyk mukdarlary bellemek hakynda“ Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 11-nji maýynda kabul eden, PP-5594 belgili permany. Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň ýygyndysy, 2010-njy ýyl. №5, 856-njy madda. 2-nji bendi.].

Türkmenistanyň salgyt kanunçylygynyň bozulmagy Administratiw hukuk bozulmalary hakynda Türkmenistanyň kodeksiniň 288-nji, 291-nji, 300-301-nji maddalarynda bellenen adminstratiw etmişleriň düzümini emele getiren ýagdaýynda günäkär şahslar kanunda bellenen tertipde adiminstratiw jogapkärçilige çekilmäge degişlidirler.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hususy telekeçiniň girdejileri ýa-da beýleki salgyt salynýan zatlary bilkastlaýyn ýaşyrmak ýa-da azaldyp görkezmek arkaly, salgytlary tölemekden boýun gaçyrmagy, şonuň ýaly-da göz-görtele ýoýlan maglumatlary salgyt beýannamasyna, hasaby ýörediş resminamalara girizmegi, uly möçberde salgytlary tölemekden boýun gaçyrmaga getiren bolsa Türkmenistanyň Jenaýat kodeksiniň 262-nji maddasynda bellenen jenaýat jogapkärçiliginiň ýüze çykmagyna getirýär.

Bellik: Türkmenistanyň kanunçylygyna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar bilen Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň saýtynyň "HUKUK MAGLUMATLAR MERKEZI" atly bölüminde (saýtyň salgysy: https://minjust.gov.tm/hukuk/merkezi) islän adam internet aragatnaşygynyň üsti bilen tanşyp, okap-öwrenip bilýär. Zerurlyk ýüze çykanda şol saýtyň üsti bilen degişli kadalaşdyryjy hukuk namalar boýunça mugt hukuk maslahatlaryny we düşündirişlerini alyp bilýärler.

Ondan başga-da Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň degişli ugruny amala aşyrýan we döwlet dolandyryşynyň bellenen pudagynda ygtyýarly edara hökmünde hereket edýän, ýagny profilleýin ministrlikleriň, gulluklaryň, guramalaryň hem-de edaralaryň resmi saýtlarynda olaryň öz işlerini amala aşyrýan çygyrlary boýunça kanunçylyk namalary bar, dürli sowallar bilen ýüz tutup, olar bilen habarlaşyp bolýar.

Çeşmesi: Ýagmyr Nuryýew, Serdar Ataýew, Aýdogdy Çaryýew, Döwran Orazgylyjow. Telekeçilik işi: kanunçylyk we tejribe. Ylmy-amaly gollanma. Aşgabat: Ylym, 2015. Sah. 46-54.
Категория: Hukuk maslahathanasy | Просмотров: 298 | Добавил: Bagabat | Теги: S.Ataýew, Ý.Nuryýew, A.Çaryýew, D.Orazgylyjow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hukuk maslahathanasy bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Bagabat  
43
Bu kitap, çeşmesinde görkezilişi ýaly, 2015-nji ýylda çap edildi. Ondan bäri degişli kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Şonuň üçinem degişli edaranyň resmi saýtynyň üsti bilen özüňi gyzyklandyrýan sowala anyk jogap almak maksadalaýyk bolup durýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]