15:07

Hürri / powestiñ dowamy

6.

Hümmediň mazarynyň açylan güni Öwez müjewür uzak gije basyrganyp çykdy. Ol düýşünde açylan mazarlary gördi. Bäş ýa on mazar däl, gonamçylygyň ähli guburynyň tümmegi bozulypdyr. Iň gorkunç ýerem, jesetleriň hemmesi daşyna çykarylypdyr. Dünýäň ýüzi ýöne kepene çolangy jeset bolup ýatyr. Anyk ýadyna-ha düşenok welin, Öwez äňi ýazdyrylyp, dişi sogrulan meýitlerem gören ýaly bolup dur. Ol haýdap, jesetleri jaýyna salyp, çukurlary düzleýär. Hiç kim kömege gelenok, bir özi. Şunça deprense-de, iş gutarar ýaly däl. Şonda-da elinden pilini düşürenok. “Hiç kim görmänkä mazarlary el degmedik ýaly etmeli” diýen düşünje beýnisine mäkäm ornapdyr. Müjewür bir öwrümde yzyna garap görse, ähli eden işi bir apbasy. Oňarylan mazarlar ýene açylypdyr, jesetlerem daşyna çykarylypdyr. Usurgap, ýadasa-da, Öwez birjigem yza tesenok, tozan turzup, şol mazar düzläp ýör.
Ertesi ol iki elini arkasyna tutup, gonamçylygyň bäri başyndan girişine howlukman aýagujuna çykdy. Üýtgän zat ýok. Soň oturyp, ölenleriň ruhuna aýat okady, Gurhan çykdy. Uzakly gün kellesi agyrdy, sust gezdi.
Gije ýene düýş gördi. Amandurdy gyşyk giden mähelläniň öňüne çykyp, ortarada ýüzüni sallap duran müjewüri sorag edýär:
– Öwez han, biz, ynha, seni öwlüýä müjewür edip belledik. Ölen adamlary saňa ynandyk. Sen bolsa, olary goramaga derek, ynha, Hümmediň mazaryny açypsyň? Bu nähili pohiýijilik? Hany onuň dişi? Alýan aýlygyňy az görüp, indi ölini talap ugradyňmy? Jogap ber!
Öwez: “Men talamok. Men däl” diýip gygyrmakçy bolýar, sesi çykanok.
– Jogap ber! – diýip, adamlaram ýerli-ýerden gygyryşýarlar. Olaryň ýüzi gaharly, Öwezi dem salymda düýt-müýt etjege meňzeýärler.
Dili aýlanmansoň, müjewür ellerini galgadýar, hereketleri bilen özüniň bigünädigini duýdurjak bolýar. Bir seretse, töweregindäki adamlaryň bary ölenler. Amandurdy gyşykdan başga ýekeje diri adam ýok.
“Ýok-laý, mundanam bir iş borm-aý?! Öwlüýäde ýatyp-turup, ahyr bir gün dälirärsiň sen. Gowusy, git-de, öňküje mekdebiňe bar, garawulçylygyňy et!” diýip, ol öz-özüne pent berdi. Säher bilen çalnyp ýerinden turdy-da, welosipedini münüp, oba depdi. Obaň gelnalyjysyna pata berip, ölüsiniň jynazasyny okap ýören, köpe ýaramly Rejep aganyň öýüne sürüp bardy.
Gep aýlap oturmady. Turuwbaşdan Hümmediň mazarynyň açylandygyny aýtdy. Gören düýşüne çenli gürrüň berdi. Öwhüldäp, iki egninden demini alyp:v
– Ana, ýagdaýlar-a şeýle, Rejep däde! – diýdi. – Indem gaýrat edip, ýerime adam tapyň. Öwlüýä boş durmasyn. Menem bir bela sataşmankam öňküje ýerime baraýyn. Dek başymy depirjek äre bermäýin...
Rejep aga sowukganlylyk bilen az salym dymyp oturansoň:
– Öwlüýä boş durasy ýok-la – diýdi. – Sen o häki Hümmediň mazaryny kim açanyny bilip bildiňmi onsoň?
– Nädip bileýin? Aýdýan-a, sadaka gaýdamda bolan iş. Yz-beýleki ýok.
– Gyzyl dişi üçin açylany bir anykmy?
– Weý, dagy nämüçin açylsyn? Başga sebäp ýog-a. Öliň kepeninden başga nämesini aljak?!
– Beterinden saklasyn! Her jüre pisatlyk eşitjek ekenik – diýip, Rejep aga bäşi bilen sakgalyny daraklady.
– Mundan beter pisatlyk bolmaz, Rejep däde. Ölini sylamadyk, dirini...
Rejep aga bir elini ýokary göterip, gürrüňdeşiniň sözüni böldi:
– Toba diý! Beterinden beteri bar. Seň munyň dagyn hiç zat. Ir döwür bir gurrumsak bolupmyş. Onsoň, bi häki, obasynda kim ölse, jaýlanan güni gije baryp, mazaryny açýamyş. Açybam kepenini soýýar eken. Eşitdiňmi şu tymsaly?
– Juk – edip, Öwez başyny ýaýkady.
– Juk bolsa, diňle şuny! Onsoň häki kepenem eltip, bazarda satýa diýýä. Şeýdip, mazar açmagy ömürboýy kesp edinipdir. Damagynam kepen satyp gazanypdyr. Ine, onsoň bir gün häkiň özi öläýipdir. “Dynaýdyk” diýip, adamlar begenipdirler. “Indi-hä ölimiz arkaýyn ýatsa gerek” diýişipdirler. Ýöne o diýenleri bolmandyr. Häki kepen soýýan adamyň yzynda berebekgeý ogly galan ekeni. O-da, pederňenälet, atasynyň kesbini ýöredip ugrapdyr. Özem ýeke bir mazary açyp, öliň kepenini almak bilen oňmandyr. Hakyt ýere ujy çiş gazyk kakyp, jesedem jaýyndan çykaryp, şo gazyga sünjüp gidipdir. Şundan soň uly-il ýakasyny tutupdyr. Ogluny görseň, atasyny dagy ýüzüňe sylybermelimiş. Toba! Ana, beterinden beteri bar diýleni. Alla sowsun!
– Alla sowsun! – diýip, Öwez gaýtalady. – Rejep däde, ilçilikdir, bu diýýäniň bolsa bolandyr, bolmasa-da, ertekidir. Ýöne ýerime adam tapyň! Her kim öz başarjak işini etsin!
Rejep aga öte biparh nazar bilen dişiniň suwuny sorup oturan Öwezi synlap:
– Öwwe! – diýdi. – Ýüregiňi eliňe alma. Ýurdy alahekge soranok. Höküwmet ba, zat ba. Uly öwlüýäň müjewürini çalşar ýaly, men niräň iti?! Bi häki, seň ýeriňe adam tapmaly bolaýanda-da, etrabyň ymamy çözýä ony. Alaga-da öňýetene öwlüýäni ynanyp bolmaz. Bilýäň-ä özüň.
– Men näme etmeli indi?
– Senmi? Sen alňasamaly däl. Şu ýerden turşuňa ilki bilen Allamyrady gör. Her zeýilli höküwmet adamsy. Pogon-beýleki göterip ýör. Bar-da, aýt gören zadyňy bolşy ýaly edip. Ýa gorkýaňmy?
– Sorag diýdi, ýene-gör diýdi... Eýlä-beýlä çagyryp...
– Çagyrmazlar, how! – diýip, Rejep aga gatyrgandy. – Gerek bolsa, özleri barar üstüňe. Soran zadyna jogap ber, gutar... Kim edenem bolsa, tapyp temegine kakmasalar bolmaz ahyryn. Bu gün Hümmediň mazaryny açan bolsalar, senem ony gizläp, bilmedik bolup ýörseň, erte ýene biriniňkini açarlar. Toba! Şu-da Kyýamatyň bir alamaty bolsa-da, geň däl.
– Şeýledir welin, Rejep däde, men işimi tabşyrjak bolsam, çaky etrap ymamyna aýtmaly boljak-da. Şeýlemi?
– Goý entek şu gürrüňi. Işi tabşyryp-tabşyrman... Ilki Allamyrady bir gör. Özem şu maňa aýdyşyň ýaly, sypdyrman, ilik-düwme ählisini gürrüň ber.
Ýene bir meýdan oturansoňlar, Öwez turmak bilen boldy. Welosipediniň şahyndan berk ýapyşyp, obaň gözegçi polisiýasy Allamyradyň üstüne sürdi.

7.

Şükür gуzyl ýüzügi аlyp, Şуhyň dükаnyna gitdi. Dükаnda iki sаny аýal gеrek-ýarаgyny аlyp, hаsaplaşýança оňa-muňа güýmеnip garаşdy. Оlar gidеn dеssine:
– Рul gеreg-eý mаňa. Sеn şu ýüzügi аlsana! – diýiр, Şуha ýüzlеndi.
Şуhy ýüzügi sуnlap durşunа:
– Кimiňki bi? Düýbi bir аrassamy? – diýiр, bеtgüman bоldy.
– Hаwa, arаssa. Ejеmiň halаda gеçirjek diýiр alаn ýüzügi, hоw. Рul gеrek, ýоgsa, gеlne nеtlenip alnаn zаt. Zеrura düşüр, satjаk bоlýas-da.
– Ejеň bilýämi onsоň?
– Wаý, munу! Ejеm ibеrdi-dä satуp gеl diýiр. Şоňňaly ynаmdan gаçaýdymm-aý? – diýiр, Şükür ýasаma hikirdеdi.
– Ynаmdan-a gаçaňok wеli... Hаny, аl еntek munуňy. Gаraş аzajyk. Аna, Аllaş gеlýä. Şо gitsin – diýiр, Şуhy ýüzügi yzуna uzаdyp, daşаryk ümlеdi.
Obаň gözеgçi pоlisiýasy Allаmyrat gеlip girdi.
– Şуhmyrat, sаglykmy, hоw? – diýiр, оl dükаnçy bilеn ellеşip görüşdi. Sоň Şükürе gаrap:
– Şükür ýеgen, sеn аsyl bärdе еkeniň-ä – diýdi. – Нäliden bäri sеni gözläр ýörün. Ýör, hаny, sеnlik kiçiräjik iş bаr.
Şüküriň kаlbyna wеhim аralaşdy.
– Nähili iş? Nirä? – diýiр sоrady.
– Ýоlda аýdaryn. Mаşyna mün. Gоrkma.
– Gоrkýan bаm-aý?! Nirä gitmеlem bоlsa, tаýyn.
Çykуp bаrýarka Şükür Şуha tarаp gаňryldy-da:
– Ýаňky diýýänimi sоň gеpleşeris – diýdi.
Ýоla çуkyp, bаt alуp ugrаnlaryndan Аllamyrat gözüni ýеser güldüriр iňirdеdi:
– Edеn işiňi sоňuna çеnli еtmeli, hаn оgul, ýаrpy-ýаlta tаşlap gаýtmaly däl.
– Nämäni ýаrpy-ýаlta tаşlap gаýtdym mеn?
Allаmyrat ähli zаdy jikmе-jik bilýän ýаly, уnam bilеn sеsini süýkdüriр:
– Kаkaň mаzaryny gаzypsyň, tаň ediрsiň, ýеri, dоly gömüр gaýtmаly еkeniň-dä – diýdi.
Şüküri gаlpyldy bаsdy.
– Аý, оň nеme zаdy ýоg-a – diýiр, оl ýuwdundу. – Еdil öňküsi ýаlyjak еdip оňarsam bоlýa dämi?
– Оňararsyň-la wеlin, işi köрeldýäň-dä.
– Оnda bеýlä nirä bаrýas? Öwlüýä sür-dä!
– Öwlüýä hеr hаçan bаramyzda-da, ýеrinden üýtgäsi ýоk. Ilki bölümе bir bаraly. Düşündiriş ýаzmaly bоlarsyň, nämüçin gаzdyň, gуzyl dişi nätdiň, hеmmesini bоlşy ýаly ýаzyp bеr, gоl çеk...
– Şоň üçin bаsaslary ýоg-a, hä? – diýiр, Şükür iňkis еdýän zаdyny sоrady.
Аllamyrat şеlaýyn güldi.
– Ýоk-la, hоw, оň üçin аdam bаsyp, nämе... Indi gaýtаlaman diýiр, düşündiriş ýаzýaň, gоluňy çеkýäň, wеssalam!
– Gаýtalaman, ýоk-la, indikimе bеk bоlaryn... Кöp еglemezler-ä? Dеrrew gаýdarys gerеk?
– Аý, оl özüňе bаgly-da. Нiç zаdy gizlеmän, dоgrujaňy аýtsaň, birеm indikimе bеk bolаryn diýiр söz bеrseň...
– Söz bеrýän, nämе söz bеrmän...
– Оnda аlyp gаljak ýоk, аňyrsy ýаrym sаgatdan gаýdýas – diýiр, Аllamyrat gаty аrkaýyn gеpledi.
Еmma оl ýаlan sözlän еkeni. Еtrap içеri işlеr bölümindе ýаşyrman, ählisini bаşdan-аýak dоgry gürrüň bеrse-de, Şüküri gоýbermediler. Аlyp gаldylar. Iş gоzgadylar.

8.

Birnäçe gün geçenden soň ýaş polisiýa işgäri Şüküri sülçiniň otagyna alyp geldi.
– Geç, otur şu ýerde! – diýip, sülçi Şüküre oturgyç görkezdi. – Diýmek, şeýle! Hümmedow Şükür, merhum bolan Sazakow Hümmediň ogly...
– Ogly däl – diýip, Şükür sülçiniň sözüni böldi.
Sülçi elindäki kagyzy gyra süýşürip, başyny galdyrdy.:
– O nähili “ogly däl”?
– Ogullygy.
Giňgöwrümliligi kesesinden belli bolup duran sülçi öňünde oturan ýigidi dykgatly synlady."
– Howwa. Ogullygy. Umuman, dokument boýunça kakaň bolýa-da. Indi-i... Kakaň Sazakow Hümmet ölmänkä araňyzda nähili düşünişmezlik bolupdy? Uruş-sögüş, goh-galmagal, öýke-kine?
– Olar ýaly zat ýok. Men hiç wagtam oň bilen goh etmedim. Ýöne özi iňirdewük adamdy. Bir iňirdäp başlasa, ýüregi suw edýädi.
– Meselem, näme diýýädi?
– Meselemmi? Instituty taşlap gaýdamda...
– Taşlap gaýtdyňmy ýa kowuldyňmy?
– Tapawudy näme?
– Bolýa, tapawudy ýok. Dowam et.
– Taşlap gaýdamsoň, tä ölýänçä bahana bolsa, şony agzady ýördi. Sähel zada yrsarap, hüňürdäp...
– Diňe okuw üçin iňirdeýämidi?
– Işläňok diýibem gulak etimi guradýady-laý. Hany, iş bamy?
– Umuman, mäşiňiz bişişmändir-dä?
– Men-ä ýüzüne dogry garap, şoňa üýtgeşik diýen zadym ýok. Diňlämokdymam. Özi diýýä, özi goýýa.
– Düşnükli. Kakaň mazaryny açypsyň... Gyzyl dişini alypsyň... Kim bilen etdiň şu işi?
– Bir özüm. Öňem aýtdym-a...
– Bir özüň etmäge hakyň ýok.
– Ynanmasaň, bilemog-aý men-ä. Ýanynda biri bar eken diýip ýazaý kimi ýazsaň! – diýip, Şükür gödek gürrüň etdi.
Sülçiniň gaşlary çytyldy.
– Näme ýazmalydygyny özümiz bileris. Sen soraga dogry jogap ber.
– Dogrym.
– Bolýa, muny soň anyklarys. Kakaň gyzyl dişini al diýip kim öwretdi? Maslahat beren?
– Hiç kim. Öz kelläm bilen etdim. Maslahat nämä gerek oňa?
– Şo gün içgilimidiň?
– Ýok.
– Gorkmadyňmy? Ýeke özüm bardym diýýäň, gazdym diýýäň, o bir mellekden çukur gazan ýaly iş-ä däldir.
– Nämeden gorkmaly? Seň pikir edişiň ýaly, kölegesinden gorkup ýören züwwetdin däl-ow men.
Sülçi gaharlanmady. Ýaňsyly ýylgyryp:
– Züwwetdin däldigiň gep-sözüňdenem bildirip dur – diýdi.
– Ölen adamdyr-da. Gözüni açyp, gel ýanymda ýat diýer öýdýäňmi?
– Öýdemok. Bir özüň etmedigiňi bilýän.
– Nähili adam-aý sen? Ynanmasaň, nämüçin soraýaň?
– Bolýa, başga soraga jogap ber. Şu işden öň mazar açyp görüpmidiň? Ýeke özüň ýa başga biri bilen, tapawudy ýok.
– Açyp göremok.
– Kakaň mazaryny näme maksat bilen açdyň?
– Aýtdym-a öňem. Gyzyl diş üçin.
– O nämä gerek boldy?
– Aý gymmat zat-da. Söýüşýän gyzyma ýüzük ýasatmak üçin.

– Düýn sorag edilende yrjak boldum diýen ekeniň. Söýüşýän bolsaň, yrmak nämä gerek?

– Söýüşýän diýäýýän, olam meni söýsün diýip etdim.
– Söýdümi onsoň?
– Almady. Alan bolsa, söýerdi.
– Kakaň mazaryny açmak bilen başga maksadyňam barmydy? Belki, diri wagty bir zat diýip, göwnüňe degendir, senem ar aljak bolansyň? Ä?
– Göwnüm-ä kän degdi ýaşuly. Meni halanokdy hiç. Ýigrenýädi.
– Sebäbi?
– Sebäbi ogullyk alnan, ýaňam aýtdym-a. Hakyky ogly bolan bolsa, ýigrenmezdi. Ejeligimem şoňňaly. Ýigrenýä. Meni özi doguran bolsa bu çaka öýererdi. Dogry dämi?
Sülçi dogry diýmedi. Başga sorag berdi.
– Ejeň bilenem günde it-de-pişik diýýäler?
– Şo-da. Halanok diýýän-ä. Aýyn bolmasa, Hapyza ýamanlaýa meni. Ýekirýäler. Sygdyranoklar. Iň bärkisi, il maňa lakam dakanda seslerini çykarmadylar.
– Nähili lakam?
– Äý, gepimiz azaşanda deň-duşlar hürri diýip sögýädiler-dä. Menem öýe gelip aýdýan, aý, sögüleniň bilen sökülesiň ýok diýen bolýalar. Ana, uly-il ýeňsämden hürri diýýär indi, ýüzüme diýýänem bar. Eýse, hakyky eje-kaka çagasyna şeý diýdirermi? Diýdirmez. Şolar meni ýigreneni üçin şuňňaly boldy. Ýigrenjek bolsalar, ogullyga almaly däl ekenler-dä. Özem, ynansaň, meni ogullyk alanlaryny ilki-ilkiler gizlän boldular. “Hakyky ejem-kakam nirede? Görkeziň!” diýsem, görkezip bilmediler. Bilýäňmi, nämüçin? Görkezseler, hakyky ejem-kakama gitjegime akyllary ýetip dur. Ýüzlerine tüýkürip, gitjegimem çynym-da.
– Bolýa, munyň başga gürrüň. Esasy gürrüňe geçeli. Kakaň ýigrenýä diýdiň. Eger araňyz gowy bolan bolsa, şonda-da oň mazaryny açardyňmy? Dişini goparyp alardyňmy?
– Bilmedim-aý... Zerura düşseň, näme... Öli adama gyzylyň nämä geregi bar? Gaýta, yzyndakylar kösenmez ýaly neme dämi?
– Muny kim öwretdi saňa?
– Hökman biri öwretmelimi? Gyzyl diş ýeriň aşagynda çüýräp gitse gowumy?
– Seň özüň türmede çüýräp gitseň gowumy onsoň?
Bu sorag Şüküri aljyratdy.
– Türmä salmaga hakyň ýokdur! – diýip, ol howlukmaç gepledi. – Nä men gyz zorladymmy? Adam öldürdimmi? Ogurlyk etdimmi? Ýa biriniň öýüni taladymmy? Hiç zadam edemok. Ýeriň aşagynda ýatan gyzyly aldym. Guma garylyp, ýitip gitmesin diýdim. Geregime ýaradaýyn diýdim.
Sülçi “hmm” edip, içini hümledip, oýa batyp esli oturansoň, gapyň agzynda duran ýaş polisiýa işgärine ýüzlenip:
– Äkidäý! – diýdi. Başga zat diýmedi.
– Ýeriň üstündäki zady goraň. Ýeriň aşagynda guma gömlüp ýatan zat bilen ne işiň bar? Kime zyýany bar-ow şoň? Näme edemde näme? – diýip, Şükür sesine bat berip gygyrdy.
Polisiýa işgäri Şüküriň golundan tutup, dälize alyp çykdy.
– Elimi goýber, how! Gaçyp gider öýdýäňmi? – diýip, Şükür nägile hüňürdäp, siltenjiredi.
Polisiýa işgäri azm urdy:
– Geplemän ýöre!
Şükür sakga durdy.
– Elimi goýber diýdim-ow saňa! Ýüzüňe süsýän häzir.
Polisiýa işgäri onuň goşaryndan şarpa tutdy-da, göz açyp-ýumasy salymda elini syrtyna gaňyrdy, südenekledip ugrady.
– Wäg-eý! Goýber-r... Elimi döwýäň! Goýber diýýän, wäheriňe... – diýip, Şükür paýyş sögündi.
Polisiýa işgäri has-da dözümli gaňyrdy. Agyra çydaman iki bükülen Şüküriň şo bada gylawy ýatdy, sessiz boýun boldy.

9.

Gijeleri bilen howur alýan petiş tomus günleriniň birinde Şükür tussaglykdan boşap geldi. Ony hiç kim garşy almady. Ogluna iş kesilensoň Ogulnur içurnuk bolup, başyny ýassyga ymykly goýdy. Uzak ýatmady. Onuň öldi habaryny Şükür iki aýdan soň eşitdi.
Mellegi ýandakdyr syrkyn, haşal ot-çöpler basyp giden ekeni. Idi-yssywat edilmäni üçin bolsa gerek, iki düýp garry erik agajynyň ikisinem çapyp aýrypdyrlar. Jaýyň daşynyň hekini ýagyş sypyrypdyr. Işiklerine bi golaýda sübse çalnana meňzänok. Gapa gulp urlupdyr.
Öýüň açaryny Şüküre Hapyzyň kiçi ogly Gulmyrat getirip berdi. Ol türmeden boşap gelen bu epeý adamyň ýüzüne uly gyzyklanma bilen seredip durşuna:
– Ejem ýeme diýdi, çäýnek-käse sandykdadyr diýdi – diýip, habar berdi. – Hemme zadam şoňa saldym diýdi. Sandygyň açaram ýemede diýdi, ho ýemede, keçäň aşagyndadyr diýdi.
– Kakaň nirede?
– Öýde.
Gulmyrada: “Açary ber-de, bejit yzyňa köwlen, eglenme!” diýlen borly, Şükür gapyny açyp durka ol şapadaňlap, zut gitdi.
Hapyz ertesi ir bilen geldi. “Gözüň aýdyň!” diýmedi. Şüküriň salamyny sowuk aldy. Dyz epip, aýat okady. Näme gürrüň ederini bilmän, kesä bakyp, dymdy.
Şükür başyny galdyryp, oslagsyz sowal berdi:
– Sen meň hakyky ejem bilen kakamy tanaýaňmy?
Garaşylmadyk bu gürrüň Hapyzda geňirgenme gatyşykly gahar döretdi.
– Tanamok.
– Nädip tapyp bilerin?
– Näme etjek olary tapyp?
– Hökman bir zat etmelim-aý? – diýip, Şükür gödek gepledi. – Görjek. Hakym bardyr-a?
Içini hümledip, biraz dymansoň, Hapyz:
– Bilemog-aý – diýip, ýüzüni sowdy. – Seň hakyky ejeň-kakaňy tanaýan barmy nä?
– Nirden gözlesem bolar?
– Eger ölen bolsa, olaňam gabryny açyp göräýsem diýýämiň?
Şükür başyny aşak saldy, dymdy, esli wagtdan:
– Içgysgynj-aý ýaman – diýip, öwhüldäp, uludan demini aldy.
– Beýlede içiň gysmadymy?
– Ýok.
– Weý, gidäý onda şo ýere. Gitjekmi? Ap-aňsatja ýoly bar, maslahat bereýin.
Şükür gözlerini gyrpyjykladyp, Hapyza seretdi. Dymdy.
– Ejeň mazaryny aç! Seň başarýan işiň, kyn zady ýok, bar, aç. Onsoň ýene gelen ýeriňe gidiber. Içiň gysmaz.
“Näme etmelidigini özüm bilerin-ow, akyl öwretme maňa!” diýip, Şükür içinden gaýtargy berdi. Daşyndan zat diýmedi.
Hapyz ýüzüni turşardyp esli oturdy. Hiç köşeşmedi.
– Sen şu ýerde tükgerip ölüp galsaňam, seni äkidip gömjek adam ýok. Oba bizar senden. Pikir etme, iliň gözünden bir gezek düşdüňmi, gutardy, soň seni beýlesine geçirmez. Seredip gör, hiý, “Gözüň aýdyň!” diýip gelýän barmy? Ýokdur. Bolmazam. Ölseň, begenjek kändir, ýöne gynanan tapylmaz.
Ýatanda-turanda ýadyna-oýuna düşmejek bu gorkunç gürrüň Şüküriň gaharyny getirdi. Ol Hapyzy otlukly nazary bilen dalady.
– Mölerme maňa! Nä öläýseň, il ses edip, aglar öýdýäňmi? Egnine mündürip, äkidip jaýlarlar öýdýäňmi? Şuny jaýlarlar! – diýip, Hapyz ýumrugyny somlady.
“Jaýlamasynlar-ow!” diýip Şükür içinden gaýtargy berdi.
– Görüňi gazjagam bolmaz!
“Öz gabrymy özüm gazaryn”.
– Aşyňy-suwuňy kim bersin? Men-ä bermen.
“Berme, how, berme! Ölemsoň, beren zadyň derkaryma däl”.
– Wah, seni etmelisi belli-le welin, arman çagalar ýaş. Sen ýaly heýwan üçin aýagymy sallap, türmä gidesim gelenok – diýip, Hapyz ahmyr bilen dişini gyjady.
“Erkekmi? Gel, erkek bolsaň! Gel, gaýratyň bolsa!” diýip, Şükürem içinden dyzmaçlyk etdi.
– Pikir etme! Oturyp geldim diýip ýülünerin öýdýänsiň. Bujagaz edeniňi burnuňdan almasam, hasabam däl.
“Görkez näme oýnuň bolsa!”
– Zürýatsyz ölüp giden ýekeje agamyň gabryna pil uran wenezzyna bilen...
“Öýüňi başyňa ýumran bolsamam beýle agyr degmezdi, hä?”
– ...gepleşip oturmagam päl däl maňa.
“Meňem gözüm-gaşym çekip duranog-ow seni!”
Hapyz ýerinden turdy. Gahar bilen azm urdy.
– Tfu saňa! Meň bar ýerimde gözüme görnäýme! Eşitdiňmi? Düşündiňmi?
“Düşünemog-eý, düşünjegem däl. Öläý ölýän bolsaň!”
Hapyz saňňyldap, ýene bir zatlar diýmekçi boldy. Diýmedi. Sessiz çykyp gitdi.
Eýse, Şükür öläýse, Hapyzyň aýdyşy ýaly, adamlar begenermi? Şükür üçin hiç kim gabyr gazmazmy? Gonamçylyga äkidip, jaýlamazlarmy? Şüküriň ile-güne, adamlara ýamanlygy barmy nä? Açsa, Hümmediň mazaryny açdy. Alsa, Hümmediň altyn dişini aldy. Adamlara näme zyýany bar?:
Özüniň öýüň dulunda porsap, çüýräp ýatan jesedini göz öňüne getirip, Şükür hopukdy.

10.

Öwez ýandak petdelemek üçin tamyndan çykyp, ileri garşy ýöräp barýarka gonamçylygyň aýagujunda bir garanyň ygym-sagym hereketine gözi ildi. Durup, ýagşy synlasa, biri eglip-galyp, gara başyna gaý, jaý gazyp dur. Töwereginde başga adam-gara görnenok, bir özi. Kim üçin gazýarka? Ýaş çaga üçinmikä? Adatça ýaňy dünýä inen bäbejik üýtgese, onuň gabryny bir ýa iki adam gazýar. Sebäbi kiçi ýaşlylaryň mazary ulularyňka garanyňda kiçi hem telper bolýar. Ýöne bäbejikleri o ýerde jaýlanoklar-a. Gaýra ýüzde, anha, hol aýratynja hatarda depin edýärler.
Müjewür elindäki çarşagyny dagam taşlamagy unudyp, howlukmaç gaýtdy. Ýatkeşligi oňadam bolsa, birbada Şüküri tanamady.
– Kim, haw, sen?.. – diýip, taýak atym aralykdan gygyryp sorady.
Piliniň gumhanasyna çenli dolduryp, gum çykaryp duran Şükür oslagsyz sese tisginip gitdi. Ol dyz boýy gazylan çukuryň içinde dikelip, piline söýendi-de, gorky bilen müjewüre seretdi.
– Salawma!
– Aleýkim... – diýip, Öwez geňirgendi. – A-how! Hümmediň ogly? Haçan boşap geldiň?
– Düýn.
– Gözüň aýdyň welin... Hawa? Indi bu ýerde näm işläp ýörsüň?
– Gör gazýan.
– Kim ölüpdir?
– Hiç kim?
– Onda kim gaz diýdi muny?
– Hiç kimem diýenok. Özüm gazýan.
– Nämüçin?
– Özüm üçin.
– Dälirediňm-ow sen? Eý, waý...
– Hapyz diýen doňuzy tanaýansyň-a? – diýip, Şükür dişini gyjady.
– Agaňmy? Howwa, tanaýan.
– Tanasaň, doňuz şo. Horkuldap ýören haram doňuz... Irden maňa näme diýenini bilýäňmi? Sen ölseň diýýä, şu obada görüňi gazjagam ýok, jaýlajagam ýok diýýä. Il ýigrenýä seni diýýä.
Müjewür Şüküre şübheli seredip durşuna:
– Indi sen şony gaýgy edip, öz görüňi özüň gazyp durmuň? – diýip sorady.
Şükür birmeýdan böwrüne diň salyp, müjewüriň özüne sorag berdi:
– Ölümden gorkýandyr öýdýäňmi?"
– Menden olar ýaly zat sorama!
– Dynnym ýaljagam gorkym ýok – diýip, Şükür öz sowalyna özi jogap berdi. – Ölümden beterrägini görüp geldim. Ölmekden aňsat zat ýok. Ynha, şu çukury gazýan, bu gapdalyndanam kiçi jaý gazýan...
– Gazdyraýmaryn-aý şon-a saňa!.. – diýip, Öwez onuň sözüni böldi.
Şükür göwnübir dowam etdi:
– ...Onsoň kiçi jaýa girip ýatýan – Ol jübüsinden kiçeňräk dermanly gutyny çykaryp, Öweze görkezdi. – Ýatan ýerimde-de, ine, şuň içindäkiň hemmesini ýuwudyp goýberýän. Etmez öýdýäňmi?
Bu gürrüň müjewüri gorkuzdy. Aýylganç jenaýata şärik bolup barýan ýaly galpyldady, ýüzi duw-ak boldy. Özüni tiz ele alyp, başardygyça asuda äheň bilen Şüküre ýüzlendi:
– Meni diňle, Hümmediň ogly! Ilki bilen-ä islän ýeriňden jaý gazyp ýörmeli diýen zat ýok. Öwlüýä bolsa-da, tertip bar, düzgün bar...
– Islän ýerimden gazamok, öwlüýäň içinden gazýan. Nä hakym ýokmy?
Öweziň gahary geldi.
– Hany, gal şu ýerden! – diýip, ol dübläp, sesine bat berdi. – Çalt bol! Şu çarşak bilen garnyňy silkmäkäm garaňy saýla! Kime diýýän?
– Şu öwlüýäden maňa-da ýer degişlidir, meňem hakym bardyr.
– Çyk çukurdan! – diýip, müjewür çarşagyny taşlady-da, Şüküriň pilini elinden kakyp aldy. – Nämä hakyň bardygyny görkezeýinmi? Ýagşam bir pohuňy iýen ekeniň, deýýus! Gaýdyp, dagy-duwara şu jelegaýlarda garaň görünse, menden oňlulyk tama etme. Başyma melamat boljak bolma! Göni basdyryn! Hä-ä, bilip goýaý şuny!
Şükür çukurdan çykdy.
– Netime düwsem, seň kepbäňden özümi asyp ölmeýänm-aý? Hä? Gabrymy özüň gazyp, özüň jaýlamaly bolaýma birden?!
– Wah, seniň... äteňet... gurrumsak...
– Sögünme, how!
– Düzle gazan çukuryňy! Ýaman basym bol! Iniňi-boýuňy des-deň etmäkäm... – Öwez oýurganyp durdy-da, gaýtadan sesine bat berdi. – Ýok, düzleme! Ugra şu ýerden. Gümüňi çek. Gelme meň golaýyma! Gazanyňam gerek däl, gömeniňem. Çaltrak gözümiň öňünden üýtge!
Şükür onuň hökümine asla pitiwa bermän, ýeňsesini tüňňerdip, mytdyldap ugrady. Bäş-alty ädim ädensoň, bir zat ýadyna düşen ýaly sägindi. Yzyna öwrülip, müjewüri dikanlady.c
– Näme? Nä agaç ýuwdan ýaly, dikilgazyk bolup dursuň?
– Bir zat sorajak, dogryňy aýt!..
Öwez sandyr-sandyr edip durşuna elindäki pili galgatdy:
– Sora bol. Diňleýän. Bih-h!
Şükür ysgynsyz, guraksy, emma aýyl-saýyl ses bilen:
– Meň hakyky ejem-kakam kim? – diýip sorady.

SOŇY.

Noýabr, 2015 ý. Mary.
Категория: Powestler | Просмотров: 735 | Добавил: Haweran | Теги: Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 2.5/2
Awtoryň başga makalalary

Powestler bölümiň başga makalalary

Sary bagşy / powestiň dowamy: Aşgabat - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Bamy - 05.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Maşgala - 04.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Çakylyk - 06.03.2024
Baga bagşy / powest - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Halypa - 04.03.2024
Sary bagşy / powestiň dowamy: Çözgüt - 06.03.2024

Teswirleriň ählisi: 8
0
1 Hyýalkeş  
752
Adyny powestiñ soñy diýip goýmaly. Kän zada garaşypdym. Isleýşim ýaly gutarmady.

0
2 Елена_Прекрасная  
462
Iki bölüminem doly okadym. Üýtgeşik tema. Geñ tema

0
3 Sergezzan  
707
Hürri bolup dogulan her bir adamyň şeyle yagdaýa düşmesi normal yagday

0
4 Nusaý  
Powesti doly okadym Kakamyrat aga! Ýadyňyza düşýän bolsa men ertirlerdäki Nusaý! Siziň eserleriňiz boýunça köp pikirler alyşardyk! Şol wagtlar eserleriňiziň adam psihikasyna güýçli täsir edýändigi sebäpli düýpli tankytlaýardym. Okap otyran okyjynyň kellesinde birden bomba ýarylan ýaly bolýandygyny, ahyrynda okyjynyň isleýän, garaşýan zatlarynyň bolmaýandygyny, pikir ýöredişiňiziň hem-de okyja düşündirjek bolýan zatlaryňyzyň ýaňy okamaga başlan ýaş okyjylara erbet täsir ýetirip biljekdigini yzygiderli aýdardym.
Has dogrusy bu powestiňizde şol tankytlarymdan daşlaşylypdyr. Ýöne bary bir okyjy garaşan zadyny alyp bilmezmika diýýän, özimä garaşan zadym çykmady. Pikir ýöredilşi , wakanyň täsirligi gaty gyzykdyrlyp, okyjyny ahyryna çenli okatmaga mejbur edýär.
Sözimiň ahyrynda bolsa Size galamyňyzyň ujynyň ýiti, janyňyzyň sag bolmagyny, ýazmaklygyňyzy dowam etmegiňizi arzuw edýärin!!!

0
5 eatayew33  
761
Kakamyrat agaň hemme eserini okadym diýsem-ä, ýalançy boljak. 10-a golaýyna okandyryn. "Gonambaşyny" okap bilmedim. Sebäbinem düşündirjek bolaýyyn. Okan eserlerimiň hemmesinde fiýen ýaly şol bir äheňiň ysy bar, ýöne onuň nämedigini kesgitläp bilemok. "Gotika" diýsemem, "Neogotika" diýsemem, oňa doly derejede "degişli" edip bilemok, ýöne hemmesinde diýen ýaly şonuň elementlerindenem görýän. Men gotiki eserleri erbedem göremok, olaryň iň soňuna çenli seni "sypdyrman" gorky ýagdaýynda saklap bilýändigi üçin. Bu ýerde beýle däl, sebäbi kä ýerlerinde komizmdenem "kükäp" gidýär. Onda "Tragi-komediýamy?". Onda mistikany nätjek?
Garaz, özbaşyna, heniz meň duşmadyk bir stilim bolup biler. Ony anyklamak üçin awtoryň hemme eserini okap bilmek gerek, olaryň hemmesi bolsa meni doly "напряжениеде" saklap bilenok. "Gonambaşy" ýaly.
Öňem bir ýazyjy ýazyjy dostuna ýazýar: "Men "Aýwengo" -ny okanymdan "Çingaçguk"-ly bäş romanam bäş gezek okanymy gowy görýän, sebäbi "Aýwengoda" tebigat ýok" .
Dogrusyny aýtsam, "Çingaçguk"-ly meselede tebigat ýadatmanam duranok, sebäbi onuň suratlandyrmasy romanlaryň 60 göteriminden-ä känmikä diýýän, ýöne şonda-da kitaby eliňdenä düşüresiň gelenok.
Kakamyrat aga, gorka-gorka ýazýandyryn: size-de meniň "samahamalaymyň" gerek ýa gerek däldigini heniz saýgaryp bilemok...

0
6 eatayew33  
761
* samahyllamalarymyň"

-1
7 kungfuu  
1292
Edil nowella ýaly, bu powest garaşylmadyk waka bilen tamamlanýan eken. Ýöne gaty gowy ýazylypdyr. Galamyňyz mundan beýläk hem ýiti bolsun, Kakamyrat aga!

0
8 Perminator  
1549
Daaaa. Kab agany ertir.comdan bäri gyzyklanyp okaýan. Bärde-de tapdym. Nesip bolsa öñki okanlammam täzeden okasym gelip gitdi. Täzelerem kändir ind-ä. Ondan bäri köp wagt geçdi.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]