20:22

Hyýal

HYÝAL

Hyýala berildi ýetginjek ýigit,
Arzuw hem goşulup gitdi hyýala.
Başyny ýassyga goýan mahaly
Ýüwrük pikir duş gelmedi zowala.

Saýlady gyzlaryň gowdan~gowsyny,
Bir ajap gözele syn etdi durdy.
Nazaryn aýyryp bilmedi ondan,
Gyzyň mährin öz mährine ýugurdy.

Mylly Täçmyradyň sazyn berip dur
Sary radio elýeterinde.
Hyýal bolsa iň ýokary perdeden
Kuwwat alýar, belki, gerek ýerinde.

Golaýynda ene~ataň söhbeti
Gulagyna çala ilýär uzakdan.
Hyýal bolsa, etjegini edip dur,
Böwet bilmän çägaradan-çyzykdan.

Garaýolly.
Категория: Goşgular | Просмотров: 290 | Добавил: Garayolly1936 | Теги: Şyhymyrat Abdyllaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 mango  
651
Golaýynda ene~ataň söhbeti
Gulagyna çala ilýär uzakdan.

golaýyndaky söhbeti uzakdan eşdýär...
???

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]