21:39 Iki goşgy | |
OBAM
Sen nä beýle köp girýärsiň düýşüme?! Hyýalymda bagra basýan, ogşaýan. Atam döwründäki araba meňzäp, Ýat ülkede mysapyr men — çagşaýan. Ýollar çar tarapa bölünip giden, Ýykylara pir tapmadym bu ýerden. Kaka dönen ýürek gu:rama ýakyn, Kim meni ýygnajak, öläýsem birden?! Biparh geçip gidýänler kän deňimden, Göz gytagy bilen gizlin seredip. Ölemden soň dula çekjek tapylmaz, Uýam gelmez bagrygirýan ses edip. Amanady saklasaň-da aýaman, Eýesine bermeli bor, asylsa. Jesedimi ýygnar bir gün ýat toprak, Göripler deý çetlemez ol asyl-ha. * * * EJE Eje, sen ýoluma kän garaýarsyň, Gözýaşyňy sylyp, gyňajyň ezip. Ýalňyzlyk derdinden has garraýarsyň, Ýyllar baýdak boýuň gidendir egip. Nägilesiň bu kakabaş dogmaňdan Hem gaýgy edýänsiň eziz ogluňy. Boýdaşlaryň agtyk söýüp ýörendir, Senem şony isleýänsiň, dogrumy?! Ýadapdyryn “Huw-Hak” diýip ýörmekden, Ynanýan ýok bu ýerlerde derwüşe. Hakam menden gaçyp ýören bolmaly, Meňzedip gedaýa, galyp endişä. Ahmal basym gaýdyp barmagym, eje, Ýat illerde meňzäp ýörmän gedaýa. Men Haky gözledim ýykyk dünýede, Mähribanym, sen meňzeýäň Hudaýa. Sahy ÖWEZOW | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |