11:42 Iki ýoluñ arasy | |
IKI ÝOLUÑ ARASY
Gijäñ yary it oyaryp köçeden baryan, Kejir erkime-de däl eýe. Hut yañyja eşden "Unut!" sözümden Serim duman, gargap baryan täleýe. İki dünyäñ arasynda ser-sepil, Damagymda doñup galan sözlerim Gursagyma neşter bolup sünjülyär, Bir ömürlik derde dözen dözmezim! .. Nury egsilerden ummasyz söýgi, Gurap galdy, ýel uwlady ýerinde. Kalbymda goş basdy аjy gussalar, Senli yatlamadan dykyn Serim-de. "Huw" diyip çöllere çykaýyn diydi, "Agdar-düñder etsem" diydi panyny. Edil düynem joşgun çogan yüregim Bugün arzuwlaryñ boşan galyby ... Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |