11:10

Ikinji düşelge. 3-nji gün. Gyzylarbat

IKINJI DÜŞELGE. 3-NJI GÜN. GYZYLARBAT

Sosial tordan tanşym bolan Maral lukmanyň Gyzylarbatdaky aýal doganlaryna myhmançylyga bardym. Men bir etrapdan beýleki etraba baramda, syýahatymy myhmançylyga barýan maşgalalaryma görä sazlaýaryn. Ilki aladam myhman ýer. Soňra etrabyň çägindäki baryp-görüp boljak ýerleri öwrenmäge endik edipdirin. Sebäbi merkezden uzagrak ýerlere baramda köplenç hojalyga baranymy ýagşy görýän. Maşgala öýüniň ýylylygyny, girim-çykymyny, ýürekdeş söhbetdeşligini hiç bir dört diwaram berip bilmez ahyry.
Garry Nohur bilen hoşlaşyp, günortana ýola düşdüm. Myhman bolan öýümdäki ownuk-uşak çagalar başda ýadyrgap, gürleşmän, maňa tarap oýunjaklaryny zyňan bolsalar-da, soň öwrenişip köýnegimiň etegini goýbermän gezdiler. Gaýtjak mahalym yzymdan aglap galdylar. Ol duýgy maňa-da tanyş, ýaňy özlerine öwrenişdirýärler-de, soňam terk edip gidýärler welin, sussyň basylyp yzlaryndan aglasyň gelýär. Hernämede bolsa, durmuş dowam edýär.
Obadan Arçmana barýan sürüji ýolugra sement alýança garaşsam, meni uly ýola mugt düşürjegini aýtdy. Ulaga sement ýüklenýänçä uly şahly, akýagyz sygyrlaryň çeşme boýundaky otlary kerçeýişlerini synlap durdum. Uly ýolda düşürip, «Şu ýerde eliňi göterseň Gyzylarbada gidýän ulag hökman tapdyrar» diýdi.
Howa-da ýaňy gyzgynyny gowşadan çagydy. Elimi galdyryp durun, durýan ulag ýok. Ýarym sagat çemesi garaşyp durdum. Soň ýoluň ugrunda gawun satýan oglanlaryň biri sowuk suw hödür etdi. «Ýantorbaňy şu ýerde goýaý, yssyda asfaltda durmasyn. Özüňem kölegede dynjyňy al» diýip, özüni Geldiş diýip tanadan satyjy mürehet etdi.
Ömrüne mal-gara, aluw-satuw, ekin bilen gümra bolup ýören oglandygy gürrüňiniň hörpünden aňdyrýar. Ol ozal Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebinde okandygyny, paýtagtdaky köprüleriň gurluşygynda hem işländigini, gawun möwsümi gutaransoň mal alyp, bakyp satýandygyny gürrüň berdi. Gürrüň berip durka geçip barýan ýolagçylar hümer bolup gawun almaga gelip başladylar. «Sen geldiň welin, müşderiler köpeläýdi. Bir salym dursaň, soň özüm eltip gaýdaýaryn» diýip güldi. Elbetde, razy bolmadym. «Ýolagçy ýolda ýagşy» diýleni. Wagtam ikindiden aşypdy. Geldişe häli-şindi Gyzylarbatdan traktoryň çeleklerini dolduryp, gawundyr zamça düşürip gidýärdiler. Olaryň gürrüňlerini, söwdalaşyşlaryny çetinden diňläp durdym. Gawun getiren ataly-ogul Gyzylarbada gaýdyşyn menem alyp gaýtdylar. Gyzylarbada gelip, Altyn bibileriň öýlerini tapdym. Görüp otursak, Arçmana gawun eltip gaýdan ýaşuly Altyn bibi bilen bir mekdepde okan eken.
Öýe girip goşlarymy ýerleşdirdim. Ýeke özi ýaşaýan eken. Ogly Aşgabatda talyp, häzirem tomus dynç alşyna gelip, Balkanabada toýa gidipdir. Şorja palaw bilen, meniň nesibäme, geçen ýyldan galan iň soňky ülje şerbeti bilen agşamlyk edindik.
Öýleri tertipli, arassa, ähli şertleri bar. Içerä göz aýlaýançam, myhmanlar geldi. Gelenler Maral lukmanyň uly agasynyň maşgalasy. Olar garry eneleriniň hatyrasyna ertirki beriljek sadaka üçin gelen ekenler. Tanyşlykdan, gürrüňdeşlikden soň hemmämiz Altyn bibilerde ýatdyk.
Altyn bibi hünäri boýunça şepagat uýasy, ol häzir gaz çykaryş edaralarynyň birinde işleýär. Alçak, göwnühoş zenanyň gözleri birneme tukatdy. Ýalňyz görünýärdi. Entek içgin tanyşmankam, bir zatlar soramagam aýypdy.
Ertesi Paraw obasynyň ýanyndaky Paraw bibi zyýarathanasyna gitdik. Bu zyýarathana-da ýurdumyzda köp gelim-gidimli ýerleriň biri. Ol Gyzylarbatdan 20 km demirgazyk-günbatarda, Paraw obasynyň golaýynda ýerleşýär.
Zyýarathananyň ak gümmezi obanyň ilersinde, dag gerşinden 100 metr beýiklikdäki gaýanyň bilinden seleňläp görünýär. Zyýarathananyň gapdalynda ýene bir otag bar.
Myhmanhananyň golaýynda we obanyň ýanaşyk ýerinde IX asyra degişli bolan Ferawa (käbir çeşmede Afraw diýlip atlandyrylýar) şäheriniň galyndylary bar. Taryhy çeşmelerde bu şäheriň rabat hökmünde dörändigi bellenilýär.
Ozallar bu ýerden derde derman suwly çeşme akýan eken. Ol bireýýäm gurap gitse-de, bu gadymy aramgähe ozalkysy ýaly zyýarata gelýän köp.
Rowaýata görä, gadym eýýamlarda bu ýerde ýaşaýan owadan Paraw bibi çozup gelýän duşmanyň eline düşmejek bolup, daga tarap gaçýar. Parawbibi Alladan özüni duşmandan halas etmegi diläpdir. Gudrat bilen dag darka ýarylýar-da, gyz oňa girip gidipdir diýýärler.
Bu ýerde-de aramgäh gurulýar. Adamlar häli-häzirem şol ýerdäki gara daşda Parawbibiniň eliniň yzynyň bardygyny aýdýarlar.
Bu ýere zyýarata gelenleriň arasynda arzuwy gursagyna sygmaýan Gunça atly gyz hem-de onuň ejesi Gülendam gelneje bilen tanyşdym. Gunça entek gundagdamahaly ysgynsyzlyk derdini çekýärkä, ejesi oňa şu ýerde dileg-doga edip, şypa tapypdyr. Indi hem wagt tapdyklary Balkanabatdan şu ýere gaýdýan ekenler.
Soň Gunça maňa Aşgabadyň 140 ýyllygyna bagyşlap düzen goşgusyny ýatdan aýdyp berdi. Äheňi, owazy sagdyn. Ol özüniň žurnalist bolmak isleýändigini, goşgularyny okyjylara ýetirmek höwesindedigini aýtdy. Arzuwlaryň hasyl bolsun, Gunça!
Paraw bibä zyýarat edip, Altyn bibi bilen yzymyza gaýdar bolduk. Çykalgaň gerşinde hatar bolup duran ýadygärlik sowgatlyklary satylýan dükanlaryň satyjylary «Bizden zat alaýyň, gadyrdanlar!» diýýän ýaly seredişip durdylar. Meňem ýüregim ýeňimden tutup, şolara bakan çekeläp duransoň, ýörjen-ýörjen edip bardym. Goşa bilezik aldym.
Öýe gelip sadaka taýýarlyk görüp başladyk. Maral lukmanyň garry enesiniň hatyra ýylyndan soň, «soňky aş» diýlip sadaka berilýär. Olar sadakany restoranda etdiler. Alla kabul etsin! Nur içinde ýatsyn! Omyn!
Sadakadan gelip mazaly dynjymyzy aldyk. Öýde Altyn bibiniň Balkanabada toýa giden oglundan başga-da bir Eziz atly oglanjyk bardy. Alçak, görmegeý, zehinli çaga. Ejesi-kakasy iş saparyna gidensoň häzirlikçe Altyn bibilerde bolýan eken. Biz onuň bilen demirýol geçelgesiniň üsti bilen agşamdan öň fitçi almaga gitdik. Soň bazaryň garşysyndaky guýma doňdurmadan alybam öýe gaýtdyk. Eziz maňa «Aýjemal bibi, bizde ýene galaýyň. Öýde ýeke özüm içim gysýar. Galsaňyz bolmazmy?» diýdi.
Men oňa «Ýolagçy ýolda ýagşy» diýdim.

Aýjemal GURBANOWA,
sanly aragatnaşyk boýunça hünärmen

Çeşmesi: “Biznes reklama” gazeti, 12.12.2022ý.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 188 | Добавил: Bagabat | Теги: Aýjemal Gurbanowa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]