23:33

Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy jandar

IÑ KÖP ADAM ÖLDÜRÝÄN ÝYRTYJY JANDAR

Haýwanat dünýäsinde adamzadyñ janyna we saglygyna iñ köp howp salmaga ýakyn jandar haýsyka? Adama howply hasap edilýän ýyrtyjy haýwanlaryñ haýsysy dünýä boýunça ýylda ortaça näçe adamyñ ganyna galýarka? Ýa-da haýsy jandar bilen ýüzbe-ýüzbe ýüz galmak sizi has köp gorka salar? Belki-de, Stiwen Spilbergiñ "Jaws" ("Челюсти") filminde akulalaryñ adama topulýan epizodlaryna tomaşa edenleriñ ýadyna ýyrtyjy akulalar düşer. Arañyzda eýýämden möjegi, ýolbarsy, ýa-da ýylanlary, içýandyr zäherli mör-möjekleri serinden geçirenler bar bolmagam mümkin. Elbetde, eger siz bu jandarlardan gorkýan bolsañyz, ýa-da olara sataşanyñyzda size hüjüm etseler, onda ol jandarlar hasam uly howpa öwrülip biler. Şeýle ýagdaýda olardan gorkmanam bolmaz.
Geliñ, "dünýäde iñ köp adam öldürýän haýwan haýsy?" diýen sowalyñ statistik maglumatlara esaslanýan iñ dogry jogabyny gözläliñ.

5. Akulalar (Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy)

Hawa, edil köpleriñ pikir edişi ýaly bolmasa-da, iñ köp adam öldürýän ýyrtyjylaryñ sanawynda iñ soñky orny eýeleýändigine garamazdan, akulalar ýylda ortaça on adamyñ ganyna galýarlar.

4. Ýolbarslar (Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy)

Haýwanlaryñ şasy ýolbarslara gezek gelende, olaryñ pidalarynyñ sany biraz artýar. Ýitip barýan haýwanlara degişlidigi üçin aýratyn gorag astyna alnynan we esasan Afrika yklymynda ýaşaýan et iýiji we süýdemdiriji ýyrtyjy jandar bolan peleñler ýylda ortaça ýüz adamyñ ganyna galýar.

Atlar, piller, sygyrlar we başga-da käbir eldekileşdirilen haýwanlar hem çetine degilse wagşy haýwanlardan has beter howlpy jandara öwrülip, adam pidalaryna sebäp bolup bilýärler.

3. Pller (Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy)

Statistiki maglumatlara seredenimizde ýylda ortaça 500 adam piller tarapyndan aýak astyna alnyp, depgilenip ölýär. Şeýlelikde, piller iñ köp adam öldürýän jandarlaryñ sanawynda 3-nji orny eýeleýär.
Ölüm adamyñ başyna hemişe ölüm howply hüjümler ýa-da heläkçilikli we pajygaly wakalar görnüşünde gelip duranok. Ol käte kinniwanja haýwanyñ awuly neşterini sokmasy zerarly, howply zäheriñ endamymyza ýaýramagy bilenem geliberýär. Käbir zäherli mör-möjekler, ýylanlar we içýanlar sebäpli dünýä boýunça ýylda on müñlerçe adam ölýär.

2. Adamlar (Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy)

Nemes filosofy Fridrih Nisşe "Adam iñ wagşy haýwandyr" diýipdir. Adamzat taryhyna gysgaça ser salanymyzda, onuñ gaty bir öte geçmändigini görmek bolýar. Adamzat döräli bäri biziñ günlerimize çenli bolup geçen müñlerçe gandöküşikli söweşler adamyñ adama ýuwutdyran hunabasyny, bir-birine garşy eden zalymlygyny, bir-birinden çeken ezýetini tebigatda bar bolan hiç bir janly-jandar adama çekdirmedik bolsa gerek.
Dünýäniñ iñ köp adam öldüren jandarlarynyñ sanawynda adamlar 2-nji oruna düşdi. Adamlar öz jynsdaşlaryndan her ýyl 750 müñ töweregini öldürýär.

1. Siñekler (Iñ köp adam öldürýän ýyrtyjy)

Hawa, biler bolsañyz birnäçe ýokanç keselleri göterip, hapa tumşuklaryny süýräp ýören ölüm howply ýigrenji siñekler (кровососущие комары) dünýäde häzirki wagta çenli 45 milliard adamyñ ölümine jogapkärdir. Häzirki wagtda her 12 sekuntda bir adam bu siñekler sebäpli aradan çykýar. Aýratynam ysytma mikrobyny özünde saklaýan siñekler ýylda ortaça bir million adamyñ ölmegine sebäp bolýar. Mundan soñ tomsuna aýna-gapylaryñyzy açmankañyz, gowja pikirleniñ. smile

Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 719 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Geñ-tañsy jandarlar | Рейтинг: 4.0/3
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 lunemia  
216
Bir koreý kinoda deňeşdirme geçirýädi, gyz akuladan gorkýar welin, oglanam akuladan gorkma, adamlardan gork, akula bir ýyl "näçe" (sany ýatda däl, az sanly aýdýar ýöne) ,adamam "näçe" (akylaňkydan ep-esli köp) adam öldürýär. Adamlar has wagşy diýýär.

0
2 ***  
Siñekler her belaça bar eken.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]