13:46

Iñ soñky garlawaç

IÑ SOÑKY GARLAWAÇ

Iñ soñky garlawajam depämden geçdi gitdi...
Häzir güýz pasly...
Güýz - gussa döwri...
Guşlaryñ gidip barýanyna ýüregim gyýylýar...
"Duruñ, nirä barýañyz, duruñ-a!.." diýip... ses edip yzlaryndan ylgaýasym gelýär…

* * *

Häzir güýz pasly...
Kölegeler çekildi...
Günüñ öñki ýylylygy ýok...
Aýralyk günleri...
Ak bulutlar gussa getirýän ýaly depämdd aýlanyp dur...
"Duruñ, duruñ, nirä gyssanýañyz?.." diýip... gollarymy gerip, bulutlary tutaýasym gelýär...

* * *

Bir-birlerinden daş durup, gygyryp gürleşýän goñşy bagy-bossandaky obalylaryñ indi sesleri-de eşdilenok...
Baglary bozdular...
Şahasynda ýatdan çykarlan ýek-tük üzüm hoşalary...
Ýaşly saçlar ýaly asmalar...
Ýazlagçylar tutularyny ýapyp gitdiler...
Bagyñ içinde taşlanyp gidilen birküç sany oturgyç, bir plastmassa stol... Haçan gapy açylarka diýip biderek ýere garaşýan aç pişik...
Meniñ şahasyndan tänip düşen şu ýapraklara has köp janym ýanýar...
"Duruñ-a, şu duran ýeriñizde" diýip... toplap-toplap şahalaryna goýup çykasym gelýär...

* * *

Güýz - gussa...
Gün toprakdan, gum ýylylykdan, bugdaý sümmülinden, guşlar höwürtgesinden, gül ýapragyndan, ýaşyl sarysyndan, tomus yşklaryndan aýrylýar...
Terminallarda saralyp-saralyp gidýänler bar...
Bir gyz ýüzüni diwara bakan öwrüp, aglanyna utanýar...
Ýöne şu günler aýralyk zamany...
Şu pasylda adam çalt aglap bilýär...
Göreçleriñ bulaklaryna bahana bolsa bolýar..
Ýaş gözden aýrylýar...

* * *

Güýz gaýgy-gussanyñ pasly...
Bu aýralyklar maña görä däl...
Elimde ak elýaglyk...
Yzlaryndan ylgap "aglamañ..." diýe-diýe... ähli nemli gözleri sylasym gelýär...

Bekir JOŞKUN.

"SÖZCÜ" gazeti, 02.09.2018 ý.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 171 | Добавил: Gökböri | Теги: Bekir Joşkun | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Garadag  
128
Juda duýguçyl

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]