07:21

Indi giç

INDI GIÇ

Köpler maňa: "Ýazmaňy goý!" diýdiler.
Eýýäm giç!
Men eýýäm göwreli duýgularymdan,
Indi hiç,
Hawa,
indi hiç
Köpleň maňa "ýazma" diýen sargydy.
Erkim berip şygryýetiň emrine,
Men erksiz magşuk men,
Erkin magşuk men.
Bökenimde gaýasyndan pikirleň,
Bir säw bilen Pegas eýledi halas.
Indi onuň taşlap giden ýerinde
Goşgy ýazmaklykdan ýok özge alaç!..
Hem alaç ýok mende, ine, şu derdim
Boýun alyp size duýdurarymdan:
Men eýýäm göwreli duýgularymdan!..

Zergül YLÝASOWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 385 | Добавил: Мylayym | Теги: Zergül Ylýasowa | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Стихи, сочиненные в день моего рождения / Goşgular - 27.01.2023
«В полуночной тиши бессонницы моей…» / Goşgular - 03.01.2023
Эпитафия себе заживо / Goşgular - 06.01.2023
Бальмонт / Goşgular - 15.02.2023
«Как соломинкой, пьёшь мою душу…» / Goşgular - 10.02.2023
Hoşlanmakak aýtjaklarym / Goşgular - 08.01.2023
Güýz gijesi. Noýabr / Goşgular - 30.01.2023
Saňa iki agyz / Goşgular - 08.01.2023
Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023
Элегия / Goşgular - 24.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]