22:11 Indi meni asla güýmemez günler... | |
INDI MENI ASLA GÜÝMEMEZ GÜNLER... Indi asla meni güýmemez günler, Indi asla meni eglemez wagt. Iňňe deý kalbyma, Çigit deý göwne Sen girdiň bagtymyň buşlugy bolup. Saçlary ýaz darap, Näz darap göwni, Berdi aklygymy gojaman daglar. Gyssaň, gysymyňa sygmajak ömri Bir gözel başbütin kalbyna baglap, Tutuş barlygyma öwüşgin çaýdy. Pikirlerim — serhoş, tükendi derdim. Bulutsyz asmanda süýtmeňiz Aý deý Meniň hyýalymy asmana gerdi. Meni öz ýanyna äkitdi Aýym, Älemi gördüm men göreçlerinde. Birmahal başlanan soňuny saýman Döwür bilen eden göreşlerim-de, Ýeňişlem, ýeňlişlem — bary biderek, Geçiren günlerim boş hyýal eken. Meniň gözleglermiň baryna degjek Gara gözleriňde goşgy bar eken. Kapyýam, pikirlem diňe sen diýýär, Alysdan aldym men hörpüni şygryň. Ömrüň döwre degjek yşgyny duýýan, Meniň bar edenim — ýalňyşym, dogrym Özüňe äkitjek ýodalar eken. Sen geldiň bagtymyň buşlugy bolup. Ömrüme gussasyz peýzaž çekerin, Indi asla meni eglemez wagt. Aşyr HANOW. | |
|
√ Русская весна / Goşgular - 10.01.2023 |
√ Git! / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Bagyşla, ezizim! / Goşgular - 06.01.2023 |
√ ,,Ak gar ýagyp..." / Goşgular - 17.01.2023 |
√ «Как некий юноша, в скитаньях без возврата…» / Goşgular - 07.02.2023 |
√ Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Белой ночью / Goşgular - 06.02.2023 |
√ «Двух – жарче меха! рук – жарче пуха!..» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Алмаз / Goşgular - 09.02.2023 |
√ Beýle ýagdaý bolmawersin her kimde... / Goşgular - 13.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |