18:19

Işbu günüñ goşgusy

IŞBU GÜNÜÑ GOŞGUSY

Bizi dört diwara gabap goýdular,
Dört diwaryñ arasynda azaşdym.
Çitenekli sime sarap goýdular,
Bu zatlary ýañy-ýañy añlaşdym.

Dört tarapa barýan ýoluñ dördüsem,
Petige diredi,
bent bolup galdy.
Ýagty gelejek diýp, baky tümlüge
gidenleñ täleýi pent bolup galdy.

Halkyñ ogullaryn halka duşman diýp,
Öldürdiler ýa-da ýaraladylar.
Gyzyl ýüzli, ak ýürekli mertleri
"Adyl höküm" bilen garaladylar.

"Adyl höküm" asyl köküm çüýretdi,
Mert ýigitler, asyl ärler galmady.
Gör, kimsäniñ çüýrük ideýalary
Depämizde baýdak bolup galgady.

Satdyk,
atdyk,
ýaraladyk,
öldürdik,
Sesin kesip, etin kesip iýdirdik.
Salgymy suw diýip görkezip ile,
Betbagtlara "Bagtly bizler!" diýdirdik.

Göwnühoşlyk dälmi,
biparhlyk dälmi
Damarmyzda gyzgyn gany sowadan?
Hasap soramaga pursat ýetipdir
Köñli başga, ýoly bizden sowadan.

Beýle diýsem,
bu gün başga bir halka
Öýdäýmäñ siz edýär diýip ykarat.
Bu gün synýar bizi dört diwar içre
Gabap saklap duran uly ymarat.

Egnimizden basyp duran gara daş
aýryldy-da,
diklenipdir kaddymyz.
Bu gün sorag berýäs:
"Goç ýigitleri
Siz nämüçin nähak ýere atdyñyz?!"

Bu sowala jogap berýän adam ýok,
Ol jogap howada asyl-asyl dur.
Indi ýurdy dogry ýoldan äkitjek,
Düz ýola düşürjek täze nesil dur.

Şu gün bu zatlary arkaýyn aýdyp,
Çekinmän sözleýän bolsak, elbetde.
Arkamyza ýel çalandyr,
şoñ üçin,
Aýyl-saýyl bolýar gowam, erbet-de.

Diñe bir ýol - halk ykbalyn götermek
Indi biziñ täleýmizde galan zat.
Geçmişiñ ýalñyşyn sapak edinmek
Iñ laýyk maksadyñ dälmi, adamzat?!

Daşyñdan tikenli simler aýrylýar,
Tikenli sözlerem kalbyñdan aýryp
biläýseñ sen,
ondan soñ öz kowmuña
ýagşy sözler aýdyp,
hoş sözler aýdyp,

Arkaýyn ýaşasak,
ösüp-örñesek,
Görmesek indi bir öñki şumlugy.
Hem salgyna çapman,
il-güne, halka
Ýurda, Watanmyza etsek gullugy.

Il täleýin ýagty ýola çykaryp,
Halka perzent bolsak,
Topraga - ogul.
Gara başy goýup onuñ ugrunda
Soñ hoş bolup ýatsak goýnunda onuñ.

Topragym,
Watanym,
ýurdum,
il-günüm -
Razy bolar bizden milletim, halkym.
Ýöne edil häzir ölümde däl-de,
Ýaşap ýörmekdedir manysy bagtyñ.

Atamyrat ATABAÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 214 | Добавил: Haweran | Теги: Atamyrat Atabaýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şert / Goşgular - 09.02.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]