01:08

Islemediñ

ISLEMEDIÑ

Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Gysganmadym, bolanjamdan eçildim.
Eçildim, bir ädim yza tesmedim,
Çeýnänmi däl, berdim ýuwdanma çenlem.

Sen menden şeýle bir kän zat islediň:
- Iýmek-içmek, geýinmek, köşk-ymarat...
Sen menden şeýle bir kän zat islediň,
Emma, söýgi ýekelikden ybarat.

Bersem-de, men saňa dünýäň közüni,
Özüm üçin...
Özüm üçin, alyp galdym özümi.

Süleýman HAÝDAROW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 241 | Добавил: SüleýmanHAÝDAR | Теги: Süleýman Haýdarow | Рейтинг: 4.2/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 sabyrly  
908
"Ýuwdanňa çenli bereniň" birhili gäwüşän ýaly, gusan ýaly bolup dur.

"Emma, söýgi ýekelikden ybarat."

Söýgi — ýekelik däl-ä?!
Aýdyşyň ýaly her kim özüni özi üçin aýaýan bolsa,goraýan bolsa, ýekelikden başga zadam däl ýa bolmasa-da egoistdyr.

Soñky iki setirde "özüm üçini" gaýtalamak näme üçin gerek boldy-ka? Egoizmy has güýçlendirmek üçinmi?

Döredijiligiňde üstünlik!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]