17:24 Itli pyýada / hekaýa | |
ITLI PYÝADA
– Başlyk diýleni beýle ýüregedüşgünç bolar oguşýan. Telefonymy öçürüp goýdum, ýogsa dynç güni bolsa-da jaň edip, günüme goýmaz. Berýänem şol bir tabşyryklar. Bar işi bitirendigimi näler düşündirdim, onda-da gorkaklygy galjak däl, zol-zol gaýtalaýar. Barypýatan züwwetdin eken-äý… Muny aýdanymda, öýümüziň penjiresinden garap durdum, stoluň başynda oturan aýalym tikini bilen başagaý halyna sözlerimi makullady: – Azary-bizary köp bolsa, iş ýeriňi çalşaýarlar. Bilimiň-hünäriň bar wagty, kösenesiň ýok. Onsoňam… Dowamyny eşitmedim, aýalymyň sözleri tikin maşynyň güňleç sesine owranyp gitdi. Äpişgämi çarçuwa edinen giň manzara ser saldym. Uzakdan Köpetdagyň belent gerişleri seleňläp görünýär. Tomsuň jöwzasynda onuň gögümtil reňki asmandan çala tapawutlanýar. Dagyň etegindäki giň baýyrlykda kiçeňräk tüweleý kä towlanyp, kä köwlenip, duýdansyz ýene gaýyp bolýar. Şäheriň başlanýan ýerindäki edara binalary nyzama goýlan ak lybasly esgerleri ýada salýar. Bärräkde kärhanadyr fabrikler kök urupdyr, aralarynda bolsa dürli kysymdaky ulaglar tow berlen ýaly ikiýana tigirjekleşýär. Jokrama güneşiň tüýs höküm sürüp ugran möwsümi, töwerekdäki baglaryň ýapraklary sülleripdir, otlara-da Günüň reňki ýokuşypdyr. Öýümiz bilen uly ýoluň arasyny insizje kanal kesip geçýär, ony iki tarapyndan gabawa salan arçalar özboluşly tebigy dälize ogşaýar. Ençeme tanyşlygy, söýgi oýunlaryny hem aýralyk gözýaşyny görýän bu seýilgähde, häzir yssy bolansoň, adam-gara görnenok. Garaz, öwrenje nakgaşyň eli bilen çekilen bu suratda göz egläre zat ýok. Şol dakykada kanalyň boýunda ýany itli bir pyýada peýda boldy. Ol howlukmaç ýörap gelýärdi, çalymtyl itjagazam eýesinden galmajak bolup, ýetişibildiginden seňkildeýärdi. Men bu jübüte geň galyp, siňe seretdim. Şunuň ýaly howurly günde haýsy tentek itini gezdirýärkä diýip, pikire batdym. Onýança ýaňky pyýada haýdap jaýymyza tarap gaýtdy, birdenkä başyny galdyryp, penjiräniň öňünde duranymy gördi-de, elini bulaýlady. Salgyma aldanypdyryn. Gapdalyndaky itdir öýdenim onuň kölegesi eken. Pyýadanyň özi bolsa – başlygym. Ýok, ho-ol uzakda hatarlanyşan ol jaýlar esgerler däl-de, jynaza duran ak redaly ahunlar bolmaga çemeli, ulaglaram – olaň ýüpi üzülen tesbilerinden pytrap gaçan monjuklar. 2015. Maksat BÄŞIMOW. | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |