21:43

Iwanyñ köwi

TSSR-iñ we TKP-niñ 60 ýyllygyna

IWANYÑ KÖWI

Iwanyñ köwi "Leninizm" sowhozynyñ Jejirs obasynyñ demirgazyk-günbatarsynda, Rewüş dagynyñ ýokarsynda ýerleşýär. Iwan Jejirse patyşa hökümeti tarapyndan sürgün edilen adam. Ol kolhoz gurluşygyna gatnaşyp ýörkä galtamanlar tarapyndan şol köwüñ ýanynda atylýar.
Awtor.


...O mahallar baý garyba ýagydy,
Halkyñ görýän güni jebir-agydy.

Bir-birini çapsa, batyrlyk bilip,
Öz eden işinden göwni hoş bolup.

Bardy tenäp ýören köp haramylar,
Halka dowul salýan zäherli marlar.

Bolup atam şeýle wakañ şaýady,
Aýdypdy ol bolup geçen bir zady.

* * *

Obañ ilersinde, garaja öýde,
Töweregi çöplük, kiçijik oýda.

Ýaşaýardy Iwan atly bir gazak,
Onuñ ömür ýoly çöşlärden uzak.

Erteki aýtmaga ökdedi diýseñ,
Aýtdyrdy saña-da oñadyn bilseñ.

Diñe bir çaga däl, ulular üýşüp,
Diñlärdiler ony sözüne gülşüp.

Mydam ala-ýazdy Iwanyñ öýi,
Hiç kes geçirmezdi Iwansyz toýy.

Aýdymam aýdardy ene dilinde,
Bolşun ýada salyp gözel ilinde.

Käte türkmençeläp aýdyma çekse,
Käte hem guşanyp göreşe çyksa,

Gapdaldan adamlar: "Göter-de-göter",
Çagalar gygyrşar hemmeden beter.

Ähli toýda şeýdip hezil bererdi,
Şoñ üçin hemmeler eziz görerdi.

* * *

Günleriñ bir güni ala-baharda,
Turup ýuwundy-da irden säherde.

Günortana çenli gelerin diýip,
Könelşen şinelin egnine geýip.

Düýesine münüp gitdi oduna,
Odun çapma durdy, baran badyna.

Düýesini ýükläp odundan kemsiz,
Yzyna dolandy hiç zatdan gamsyz.

Birden: - "Dur" sesine tisginip gitdi,
Iki sany deýýus alkymlap ýetdi.

Elleri ýaragly, dañlan ýüzlerem,
Çalaja görünýär ala gözlerem.

- Eý, kapyr, ahyry düşdüñmi ele,
Adamlara ortak kolhozyñ bile...

Diýip, sammyldady, titredip durkun,
Gamçysyn bulaýlap, ýitirip erkin.

- Indi sen alarsyñ berkini jezañ,
Sypara ýer ýokdur, dolandyr kazañ -

diýip, ikinjisem urup haýbaty,
Öñe tarap süýşdi debsiläp aty.

- Ýüzüni gizlemek namardyñ işi,
Kolhoza hiç batmaz galtaman dişi,

Adamlar taparlar kolhozdan bagty,
Olaryñ geljegi ýagtydyr-ýagty -

diýip, Iwan düzedende durkuny,
Mert ýigidiñ gülle aldy erkini.

* * *

Iwan pahyr atsyz köwde jaýlandy,
Ondan bäri ençe ýyllar aýlandy.

Şondan soñ at alan Iwanyñ köwi,
Hemmelere mährem, bu at has gowy.

Annameret DURDYMÄMMEDOW.

"Zähmetkeşler sesi" gazeti, 12.07.1984 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 231 | Добавил: Hasarly | Теги: Meýlis Hasar | Рейтинг: 4.0/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]