23:34

Jüneýit han barada hakykat: Abdyrahman ahun

ABDYRAHMAN AHUN

Abdyrahman ahun Jüneýit hanyň Guma göçýänçe (obada) ynamly geňeşdar-ahuny, Guma göçenden soňam mürzesi, ýakyn maslahatçy-ahuny hem ilçisi bolan. Onuň asly gojuk (garaçuka) milletiniň Daňryk taýpasyndan (bize-de daş däl) bolup, özi ökde, sowatly ahun, dilewar hem gaýratly, daýaw, mert adam ekeni. Gumdaka hanyň ilçisiniň wezipesini-de alyp baran. Jüneýit hany köp gezek Jywa, Tagta, Daşhowuza, Aşgabada, Bedirkentde ýaraşyga-gepleşige çagyrýarlar; her gezegem hanyň özi gitmän, Abdyrahman ahuny iberýän ekeni, sebäbi Jüneýit han orusa hiç haçan ynanmandyr. Soňky gepleşikler örän dartgynly ýagdaýlarda geçýär, hatda ahuna haýbat atybam başlaýarlar, şonda-da sabyrlylyk, dilewarlyk bilen baş alyp çykar ekeni. Gelip ýagdaýlary hana habar berende, ol: «onuň ýaly bolsa, gitme» diýer ekeni.
Soňky gezek 1926-njy ýylda Tagta gepleşige çagyrylanda Jüneýit han Abdyrahman ahuna: «şu gezek gidişiň hatarly, gitme, gitseň gelmersiň, özüň bil» diýýär. Onda ahun: «Hormatly hanym, ölümden gaçyp gutulyp bolmaz, Taňry beren janyny özi alar, gitmesek namartçylyk bolýar, gideýin, bardy-geldi gelmesem, onda häzirlikçe razy bol!» diýende hanam: «onda hoş! Alla ýaryň bolsun, sizem razy boluň» diýip hoşlaşýarlar (bu soňky hoşlaşyk bolup galýar).
Abdyrahman ahun şol gelşine-de Kerpiçlidäki Gojuk obasyndan (öz dogduk obasy) çykýar. Gumuň eteginde ýanaşyk Pür atalygyň seňňeri oturýardyr; olar bilen at üstünde salamlaşyp razylaşýar, soň Nejimedin işan bilen razylaşyp, soňundan bize gelýär. Biziň seňňerimiz obanyň arka çetinde Tagta ýakyndy. Ahun agamyz gelip atdan düşüp salamlaşandan soň, ejem dag: «gelinler, tizräk bir ýeňil nahar taýýarlaň, işimiz gyssag, tiz ugramaly» diýip öýe girýär.
Biziňkilerem köplük bolansoň, tüweleme, olar çaýyny içip bolýançalar dessine 7-8 sany towugyň gowurmasyny iki kersen edip getirýärler. Nahar iýlip bolnandan soň Ahun agamyz ötenleriň hatyrasyna «ýasyn-tebärek» okap degsin edýär, soňundanam şeýle diýýär: «Agalar-ýeňňeler, iniler, doganlar! Şu gezek gelişimiz gorkuly, yzyma dolanjagymyz gumana, indi görüşmesek razy boluň, hoşuň! Sizi Allatagala öz penasynda saklasyn!» diýip atlanýar. Ahun agamyzyň şol gaýdyşy bolýar, soň dolanmaýar. Tagta gelendenem Ahunyň ýaraglaryny alyp tussag edýärler, tizdenem Daşhowuza alyp gidýärler. Daşhowuzda-da köp saklanman uçarda Aşgabada alyp gidýärler, şol ýerde-de atylyp öldürilýär. Şeýdip, Abdyrahman ahun halk üçin öz janyny gurban edýär, ol gürrüňsiz «Şehit» bolandyr. Abdyrahman ahunyň ölümine Jüneýit han beter gynanýar. Ahunyň iki ogly (Atake bilen Mämi) hanyň hyzmatynda galýarlar, han bilen Eýrana geçýärler. Soňra hany Owganystana ugradyp, onuň ak patasyny alyp galýarlar. Atake Eýranda galýar, Mämi Şaltaý dagy bilen yzyna (oba) dolanyp gelýär; dört ýyl jezasyny çekip, 1933-nji ýylda gelýär, mugallym bolup işläp, 1942-nji ýylda aradan çykdy. Ahunyň zürýatlary häzir Köneürgenç, Oktýabr raýonlarynda ýaşap ýörler.
Indi Abdyrahman ahun bilen baglanyşykly käbir wakalary ýatlalyň.
Halmyrat aganyň gürrüňi. Abdyrahman ahunyň Biweten diýen obada (Tagta «Kommuna» kolhozy) Magtym gara diýen baý dosty bardy. Ol agyr syrkawlap, ölmänkä hossarlaryna: «Men ölsem jynazamy Abdyrahman ahun okamalydyr, habar etseňiz hökman geler» diýip, wesýet eden ekeni. 1924-nji ýylda Magtym gara kazasy dolup ölýär, Abdyrahman ahuna habar gidýär, garaşýarlar. Emma Abdyrahman ahun az salym (çärýek sagat ýaly) gijä galýar; oňa çenli bir ykmanda özbek mollasumak gelip: «Ölükni saklamak bolmydy, ony sowapdan goýasyz, özüňizem günä galasyz» diýip, adamlary gozgalaňa saldy; ýene biri «Molla dogry aýdýar, Gumda ýören erksiz adamyň bellisi bary haçan geljeginiň, ugradalyň» diýdi. Şonuň bilen Magtym agany dostunyň gelerine goýman, soňky ýoluna ugratdylaram weli, ahun dagynyň 15-20 atly Ülker ýaly bolup, Ýemreli çägäniň belent depesinden inip gelýäni görünäýdi. Atlaryny gara der edip, mähelle dargamanka ýetip geldiler, adamlar gorkup, doňan ýaly bolup galdylar. Abdyrahman ahun juda gaharly, märeke bilen sowuk salamlaşyp, bellenen ýere geçip oturdy, men çepinde, hälki mollasumak sagynda oturdyk. Ahun aga adamlara ýüzlenip: «size barjak diýip habar iberdim, näme garaşmadyňyz? Beýle bolsa çagyrmaly däl ekeniňiz, kim munuň günäkäri» diýip, adamlary gyssady. Olaram mollanyň aýdanlaryny aýdyp, özüni görkezdiler. Ahun mollasumakdan, şol aýdanlaryň haýsy kitapda bar, kimden eşitdiň diýip soranda molla jogap tapmady. Şonda ahun aga çep aýagyndaky tozasyny (köwüşim) çykaryp, mollanyň dulugyny ýelmedi welin, mollasumak sagyna gyşaryp ýatyberdi. Soňundanam Abdyrahman ahunyň özi ýasyn-täberegi okap, Magtym dostunyň ruhuna bagş etdi. Şondan soň Ahun aga: «Meni bagyşlaň, gaharymy basyp bilmedim. Bu hataňyzy indi gaýtalamaň» diýip, hoşlaşyp gitdi.
Abdyrahman ahun 1925-nji ýylyň fewral aýynda Sowetleriň Bütintürkmenistan birinji guramaçylyk gurultaýyna Gumdaky halkyň adyndan wekil bolup gatnaşýar hem-de onda çykyp gepleýär. Bu barada Berdi Kerbabaýew «Gaýgysyz Atabaý» romanynda-da ýazylan Gurultaýa M.I.Kalinin başdan aýak gatnaşyp, Türkmenistan SSR-i hem-de Kompartiýasyny döredip, olara ak ýol arzuwlap gidipdir.
Türkmenistan SSR-iň XL (40) ýyllygy dabaraly bellenilýän wagtlary baýry partiýa-sowet işgärleri, weteranlar ýatlamalar bilen çykyş edýärler. Şonda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň 1964-nji ýylyň noýabr aýynda çykan sanlarynyň birinde Türkmenistan Kompartiýasynyň Daşhowuz okrug komitetiniň ilkinji 1-nji sekretary bolup işlän Annaguly Artykowyň ýatlamasyny okapdym. Şonda ol Abdyrahman ahun bilen duşuşany barada şeýle ýazýar. 1925-nji ýylyň güýzünde hökümet ýumuşy bilen Köneürgençde Raýkomyň jaýynda otyrkak, han Jüneýidiň adamlary gelip, Jigirdekli diýen obany talap ýörler diýen habar geldi. Bizem GPU-yň naçalnigine şol adamlary eglenmän tutup getiriň diýip buýruk berdik. Iki sagatdan geldiler, biziň oturan jaýymyza kamaty dik, berdaşly, nurana ýüzli daýaw adam girdi we salamdan soň: «Bizi çagyran haýsyňyz? Näme ýumuş bilen çagyrdyňyz?» diýdi. Bu Abdyrahman ahundy. Biz oňa: «Siz obany talap, halkyň zadyny alyp ýörler» diýip habar geldi diýdik weli, ol: «Kim aýdanam bolsa, poh iýipdir, gelsin şu ýere, nämesini alan bolsak bereýin. Biz hiç kime azar bermän, her wagt gelip, obada goýup giden öz zatlarymyzy alyp gidýäris, eýsem-de bolsa, bir Jüneýit hany ýaman görüp, Gumdaky halky aç goýjakmysyňyz? Indi biz öz zadymyzam almaly dälmi? Beýle bolsa men siziň üstüňizden Gaýgysyz Atabaýewe arz ederin» diýip, hiç zatdan gaýpynman dogumly gepläp, soraşmanam çykdy-da gitdi. Biz hiç zat diýip bilmän yzyndan gözleşip galyberdik. Dogrudanam ol, soň Aşgabada baryp, Gaýgysyz Atabaýewe biziň aýagymyzdan arzam etdi.

EŞEK MIRABYŇKYDAKY DUŞUŞYK

Abdyrahman ahun ölenden soň, Jüneýit hany ele salmak üçin sowet wekilleri oňa köp ýakymly wadalar berip, ony köp gezek ýaraşyga-gepleşige çagyrýarlar, emma han olara ynanmaýar, gepleşige-de barmaýar; «özüňiz geläýiň» diýýär. Iň soňunda hanyň duşmanlary hile bilen, aldaw bilen Çerrigiň kellesini aýlaýarlar; oňa ýalan wadalar berip, öz tarapyna çekýärler. Eger-de Jüneýit hany ele salmaga kömek etseň, seni Tagta häkim goýjak diýip ynandyrypdyrlar. Çerrik baý Jüneýit hanyň ýakyn aga-inisi hem giýewisi, iň ynamdar adamy.
Ahyrynda Çerrik baýyň arada durup, güwä geçmeginde Eşek Mirabyňka duşuşyga gelmäge han razy bolýar. Eşek Mirabyň howlusy Bedirkendiň ileri çetinde, Gumuň içindedi, üç tarapy Garagumuň çägeleri bilen gurşalandy.
Jüneýit han bu duşuşyga ýokary hüşgärlikde gamy bilen gelýär. Ätiýaç goragçylaryny yzda buky ýerde goýup, diňe Eşşi ikisi howla girýärler, yzdaky goragçylara etmeli işleri pugta tabşyrylýar. Goragçylar haýal etmän gizlinkde seresaplylyk bilen howlynyň sakçylarynyň ellerini agyzlaryny baglap, jaýyň ýokarsyna çykýarlar we oňaýly ýerde garaşyp ýatýarlar. Eşşi çäkmeniň içinde bilinmez ýaly goltugynyň aşagynda iki Mauzer bir naganly gelýär (olaryň ýaraglary öň mydama görnüp durýan ekeni).
Gepleşikde orus komandiriniň talabyna han razy bolmaýar, gepleşik ýitileşip, dartgynly ýagdaýa ýetýär. Orus komandiri: «Öz aýagyň bilen özüň geldiň, indi gitjek ýeriň ýok, biziň şertimize boýun bolmaly bolarsyň» diýende han: «Asmanda Alla bar» diýýär. Gyzyl komandiriň muňa gahary gelip, «goluňy göter» diýmek niýeti bilen elini naganyna ýetiren Eşşi çalasynlyk bilen ondan öňürdip, şol ýerdäkileriň baryny atyp ýetişýär. Olaryň goragçylary bolsa, howlynyň ýokarsyndaky nökerlerini gyrýarlar, olaryň 40-dan gowrak atlysyndan diňe biri ýaraly gaçyp gutulýar. Çerrik baýam şonda ölýär. Şeýdip, Jüneýit hanyň iň ýakyn ynamdar adamy — Çerrik baýam hana dönüklik edip, pälinden tapýar. Her kim iline-ýurduna, dostuna dönüklik etse, ol hökman pälinden tapaýmaly; dönüge mydama hemme ýerde ölüm garaşýan bolmaly. Dönükden seresap boluň!
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 247 | Добавил: Haweran | Теги: Gurbannazar Orazgulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]