20:08

Käbe Nepesowa

KÄBE NEPESOWA

Mirasgär Käbe Nepesowa TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda ömrüniň ahyryna çenli ylmy işgär bolup işleýär. Şol döwürde ol Balkan welaýatynyň ençeme etraplarynda ylmy saparlarda bolup halk mirasynyň dürli-dürli žanrlaryna degişli folklor baýlygyny toplapdyr. TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda 1269-njy çeşmesinde 1972-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Balkan welaýatynyň Balkanabat (öňki Nebitdag) etrabynyň Baleýşem duralgasynda ýaşaýan Sülgün Goňurowanyň dilinden ýazylyp alnan “Emedek ýegen” we şol ýylyň 27-nji noýabrynda Annatäç Atajykowanyň dilindenýazylyp alnan “ Baýyň gyzy” atly ertekileri saklanýar. Bu ertekileriň dürli-dürli ýygyndylarda çap edildi. Şol sanda bu çeşme “Çaly çopan tanar, ýalňyşy çeper”, “Göwher küle batmaz, kümüş ýerde ýatmaz”, “Ýerli gargyş ýerin tapar, ýersiz gargyş eýesini”, “Men-menlik satma, menlikden ýykylarsyň” ýaly nakyllary öz içine alýar. Umuman, mirasgär60 sany nakyly şol senede Annatäç Atajykowanyň dilinden ýazyp alypdyr. Çeşmedäki gündelik durmuşa degişli wakalary öz içine alýan goşgulary, tapmaçalary-da Käbe Nepesowa Annatäç Atajykowa aýdyp beripdir.
1220-nji çeşmede K.Nepesowanyň ýokarky etrapdan toplan 71 sahypadanybarat dürli žanrlara degişli folklor mirasy saklanylýar. Olaryň hemmesi däne-däne edilip, juda düşnükli ýazylypdyr. Ýygyndyda aýdyjylaryň käri, ýaşy görkezilipdir. Ýygyndyda “ Sazyň sesini ertir sudda eşidersiň”, “Men seniň maşynyňda eşegiň üstünde otyrdym” diýip, ulaga hak tölemekden boýun towlaýan ýolagçy hakyndaky “ Eşekli ýaşuly” hekaýatjygy,”Ýaman gaýnene”, “Hudaý ýol berse”, “Alma bişdi”, “Gurgunmy?”, “Baý we Kemine”, “Iki ýoldaş” diýen ýaly gysgajyk-gysgajyk kyssa eserlerini-de, sanawaçlary-da Balkanda goýun çopany Lallykow Ýarynyň dilinden ýazyp alypdyr.Şol sanda Balkany onuň gözel tebigatyny wasp edýän;

Balkan dagy hemme dagyň seresi
Mal bilen doludyr onuň deresi,
Sonarlap gezýärler ýylky sürüsi,
Tarypyn sözlesek kiçi, Balkanyň.

ýaly bendi öz içine alýan “Kiçi Balkanyň”. (Goşgynyň awtory Ýazmuhammet şahyr), “Balkan dagynyň” we başga-da gün-güzeran, öý haýwanlary hakyndaky goşgulary, sanawaçlary-da Käbe NepesowaLallykow aýdyp beripdir. Bu çeşmede folklora degişli bolmadyk çeper ýazylan setirler-de berlipdir:

Düýe bolup otlar men,
Otlan ýerim ýatlar men,
Çöl ýerlerde botlar men,
Selin-sazak inende.

Gaplaň aýdar gahrym bar,
Öz bagymda möhrüm bar,
Degmedige rehmim bar,
Gahar-gazap içinde.

Bu bukjada başga-da ýamany ýazgarýan “Erbetjäniň asly”, “Ýedi dogan” atly ertekiler saklanylýar. Olary mirasgär 42ýaşly Ogulbäbek Atajykowanyň dilinden 1970-nji ýylyň 19-njy iýunynda, şol sanda şol ýylyň 20-nji iýunynda Balkan topragy, Balkan gelin-gyzlarynyňdurmuşy bilen baglanyşykly läleleri ýazyp alypdyr.
Käbe Nepesowa dürli-dürli döwürlerde döredilen, esasan, Balkan topragy, onuň ilaty bilen baglanyşykly ençeme goşgulary-da ýazyp alypdyr.Olar sadalygy, milliligi bilen has ünsi çekýär.

Şagadamyň ak daşy ,
Ak tam salmaga ýagşy,
Meniň körpe doganym,
Ussa bolmaga ýagşy.

Magdanlydyr dagymyz,
Miwelerdir bagymyz,
Gelin-gyzlar oýnalyň,
Küşt depmeli çagymyz.

Goşgularyň arasynda gündelik durmuşa, geçmişe degişli bentler-de ýeterlik.Özem olaryňagylbasy ýaşlara, gelin-gyzlara degişli. Goşgularyň döredilen döwrüni, durmuşyny, folklorynyöwrenmek üçin ähmiýeti uly.Olar adamkärçilik, birek-birege wepalylyk, dostluk bilen baglanyşykly öwütler bilen gurşalan.
Aslynda çagany uklatmak, ajaýyp pentler bilen olaryň gulaklaryny gandyrmak,terbiýelemek üçin döredilen hüwdüleriň dürli-dürli etraplardan toplanandygyna garamazdan, köpüsiniň mazmuny meňzeş.Muňa garamazdan, Balkan welaýatyndan toplanan hüwdülerde käbir tapawutlar bar. Umumylykda alnanda, Balkan topragyndan toplanan halky eserlerde şiwe aýratynlyklary-da duýulýar, ýöne olar köp däl. Käbir hüwdi bentleri:

At torbasy arbapdan,
Köýnekçesi zerbapdan,
At gazygy kümüşden
Ýol azygy iýmişden.

Ballym atyň bäş bolsun,
Münen atyň guş bolsun,
Her sapara gideňde
Erenler ýoldaş bolsun.

Horasanyň ak uny,
Köýmet gelsin gyzyma,
Eýran saryja kişmişi,
Sowgat gelsin gyzyma.

Umuman, hüwdülerde eneleriň, uýalaryň, mamalaryň isleg-arzuwlary beýan edilipdir. Hüwdüleriwe ençeme nakyllary, matallary-da K.Nepesowa 1970-nji ýylyň 24-nji iýunynda 80 ýaşly Ogulbäbek Gara aýalynyň dilinden ýazyp alypdyr. Käbir mysallar. “Enä görä gyz dogmaz, ata görä ogul”, “Galsa göwün tapdyrmaz, çyksa jan”, “Gyzyl heleý “ we” Keýmir kör” atly gowşajyk, rowaýat hem şu çeşmede ýerleşýär. Ony-da mirasgär şol senede Ogulbäbek eneden ýazyp alypdyr.
1268-nji bukjada K. Nepesowanyň Allaguly şahyrdan ýazyp alan bir goşgusy we 1972-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Balkanabat etrabynyň Baleýşem duralgasynda ýaşan Bagtoraz Üýşmekowanyň dilinden eşiden “Ýetim gyzy” we Üýşmekowanyň özüniň ýazan edepli garyp oglana degişli ertekisi, mirasgäriň Atajyk Atajykowyň dilinden 1972-nji ýylyň 26-njy noýabrynda ýazyp alan nakyllary, 1217-nji bukjada şorta sözleri saklanylýar. Ýokarky senede Üýşmekow Ýazmämmediň Balkanabat etrabynyň Baleýşem duralgasyndan ýazyp alan “Ýetim oglanyň we dul aýalyň başdan geçirenleri”, “Garybyň ogly” ýaly ertekileri-de käbir gazallary-da ýokarky çeşmede. Olary K.Nepesowanyň TYA-nyňMagtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň golýazmalar hazynasyna getirip tabşyran bolmagy mümkin. Çeşmedäki nusgalar 47-sahypadan ybarat. Ertekiler okalyp çykylanda, olary aýdyjynyň dürli-dürli ertekileriň içindäki gysgajyk-gysgajyk sýužetlerden ýa-da olaryň käbiriniň gysgajyk mazmunyny alyp bir erteki ýasandygyna göz ýetirmek bolýar. Meselem: “Ýetim oglanyň we dul aýalyň başdan geçirenleri” atly erteki şeýle başlanýar. “Bir bar eken, bir ýok eken. Gadym eýýamda bir agaç ussasy bar eken. Ol ussa erkek adamyň we aýalyň, oglanyň we gyzyň heýkelini tagtadan ýasap, şol döwüp we ýene ýasap oturan eken. Şol wagtda bir garyp oglan eşekli geçip barýarka, ussa gabat gelýär.  Garyp oglan bu ýagdaýyň sebäbini sorasa , “Bir deräniň içinde, bir jaýda, bir adam, bir itdir eşegi ýanynda saklap otyr,şony bilip gelseň, aýdaýyn” diýýär. Käbir ertekilerde tapmaça häsiýetli şeýle sýužetler duş gelýär. Ýöne onda şol tapmaçany bilmek üçin ýola düşen gahrymanyň hökman bir maksady bolýar. Meselem, bir perä öýlenmek diýeliň. Bu ýerde oglana ol heýkel taraşyň edip oturan işini anyklamagyň zerurlygy, onuň durmuşy bilen baglanyşygy ýok. Ýöne heýkeltaraş oglana şol wakany bilip gelse, bir düýe altyn, bir düýe kümüş bermäge söz berýär. Bu welin oňa zerur. Uzak ýola ugran garyp ýolda guşuň jüýjelerini aždarhadan gorap, olaryň enesiniň kömegi bilen derä aşýar we itiň erkek adamdygyny, eşegiňolary saklap oturan adamyň özüne dönüklik eden aýalydygyny anyklaýar. Şondan soň ussa ýasan heýkelleriniň döwmeginiň sebäbini, oglana gürrüň berýär. „Garybyň oglunda-da“ hekaýa içinden hekaýa çykarylýar. Umuman, ertekleriň ideýasy dürliçeräk bolsa-da öňki ertekileri gaýtalaýar. Ýöne ertekilerde garyp oglanlaryň ilgezikligi, bilesigelijiligi, başarnygy, köpe görelde açylyp görkezilýär.
1266-njy çeşmede mirasgäriň Gazanjykdan 1972-nji ýylyň 14-nji noýabrynda toplan hüwdüleri, läleleri saklanylýar. Olary Käbe Nepesowa Amanbibi Orazannaýewanyň (35 ýaşly) dilinden ýazyp alypdyr. Läleler-de, hüwdiler-de özboluşly, milli olary döredenleriň isleg-arzuwlaryna ýugrulan. 1265-nji bukjada bolsa,Bereket(öňki Gazanjyk) etrabynyň Garakölçilik sowhozynyň çopany Göki Janabaýyň alan döwlet sylagyny (Lenin ordeni) gutlap ýazylan bir goşgy we “Gynna” atly bir goşgynyň döreýşi bilen baglanyşykly şygyr bar. Goşgyny goşan Çary Gurbangulyýew, ony ýazyp alan mirasgäriň ady belli däl. Ýöne soňky goşgyny Käbe Nepesowanyň ýazan bolmagy mümkin. Haty onuňka meňzeş. 1267-nji çeşmedeBeýik Watançylyk urşunda Gurban bolan Annagylyç Gurbangylyjowyň, ölmezinden öň öz maşgalasyna ýazan goşgysy bilen ýollan haty bar. Mirasgär ony 1972-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Bereket şäherinde halk bagşysy Aşyrmämmet Dawudowyň dilinden ýazyp alypdyr.
1111-nji we 1112-nji bukjalarda halkyň arasyndan toplanan dürli žanrlara degişli edebi-çeper eserleri saklanylýar. Meselem,1112-nji çeşmede dürli-dürli oýunlaryň ýaşlaryň arasynda oýnalyşy barada we oýun sanawaçlary saklanylýar. Dogrusyny aýtsaň, şol maglumatlar, sanawaçlar çetki obalarda sanalyp, oýun oýnalaýmasa, olar ýatdan hem çykyşyp barýar. Olaryň öwrenilmegi folklor mirasymyz hökmünde zerur. Sebäbi olarda türkmen halkynyň käbir milli häsiýetleri-de duş gelýär. Depderde, döredilen döwrüniň durmuşy bilen bagly ýazylan sadaja, ýönedürlüçe kapiýalaşyp gelýän gazallary , ýaňlytmaçlary, oýun sanawaçlaryny, olaryň ýerine ýetirişlerişini öz içine alýan agy sanawaçlaryny we“Är-heleý”, “Ýalta gyz”ýaly ertekileri, nakyllary we “Kelje oglan” atly ertekini mirasgär 1967-nji ýylyň 27-nji maýynda Ogulbäbek Atajykowanyň (38 ýaşly) dilinden ýazyp alypdyr. Aýdyjy Baleýşemduralgasynyň ýaşaýjysy, erteki dürli-dürli ýygyndylarda neşir edilen. Ideýäsy bir-de, mazmunynda käbir tapawutlar bolan “Gyzyl gulpakly” atly juda gyzykly ertekini-de Ogulbäbek Atajykowaaýdyp beripdir. Ertekide “Ýakma bişersiň, gazma düşersiň” diýen pikiröňe sürülýär.
1112-nji bukjada ýene-de özbaşyna bir tagta kagyzda sanawaçlar bolup, olar temalary boýunça birnäçe toparlara; ýagmyrýaganda aýdylýan sanawaçlar, goýun guzusyny, düýe köşegini almasa, aýdylýan sanawaçlar görnüşinde bölünipdir.
Çagany ele alyp bökdürlende aýdylýan, ýa-da:

Ýokardan gelýän hök-hök,
Boýny uzyn gözi gök,
Baý-baý munuň parlaýşyny,
Parsy bilen sözläýşini, 
Durna
Tes-tegelek daşym bar,
Ortasynda gaşy bar,
Ony bilen ýigitleriň,
Ýüz ýigrimi ýaşy bar.

Gün kimin matallary-da mirasgär göçürip alyp, olary kimiň dilinden ýazyp alanyny bellemändir. Bentleriň ýokarky senede ýazylan bolmagy-da mümkin.
1111-nji bukjadaky edebi çeper eserleri mirasgär Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy) şäheriniň ýaşaýjysy Täçtuwagyň dilinden eşidipdir. Oňa Allaguly şahyryň goşgusy, hüwdüler, gazallar, rowaýatlar, sanawaçlar, ertekiler, läleler, matallar, nakyllar, agylar girizilipdir. Depderde aýal bagşy, onuň at owazasy, ýakymly sesi bilen hem “men-menlik” eden bir bagşyny, onuň ýeňişi hakynda gyzykly maglumat, 38 sany nakyl, 17 sany matal, “Zalym adam we onuň aýaly”, “Sygan we onuň aýaly” ýaly ertekiler bar. Folklora degişli bu eserlerimirasgär 1967-nji ýylyň 7-nji aprelinde ýazyp alypdyr. Bir zady bellemeli, folklora degişli ýygyndylar çapa taýýarlanyp neşir edilende K.Nepesowanyň ady tutulmasa-da, onuň ürç edip ýygnan edebi çeper eserlerinden peýdalanylandygyny hiç kim inkär edip bilmez. Sebäbi olaryň köpüsi agylar gazallar, ýerli durmuş bilen bagly dörän goşgular.
1260-njy bukjada iki sany erteki “Dälije bilen sagatja gyz”, “Eşitmişem Jan” atly erteki saklanylýar. Ertekileriň ikisinde-de, “Ýakma bişersiň, gazma düşersiň” ýaly her döwür üçinem möhüm ideýa gozgalýar. Doganjygyna kast eden doňýürek, zalym Dälijäniň eden işiniň syry açylyp, öz gazan çukuruna özi düşýär. Ikinji ertekidäki ýaşlara sütem eden garry kempir päline görä tapyp, öz etmişiniň gurbany bolýar. Bu ertekileri mirasgär Bereketli, 66 ýaşly Berdiýewa Orazsoltanyň dilinden ýazyp alypdyr. Senesi görkezilmändir. 1262-nji çeşmede Breketli (öňki Gazanjyk) Amansoltan Gurdowanyňmirasgäre aýdyp beren uruşýyllarynda başyndan geçiren wakalary bilen bagly hem onuň obadaşlarynyň durmuşy bilen bagly goşgulary, şol sanda läleleri, nakyllary saklanylýar. Gepiň gysgasy şu çeşmede ýerleşýän ähli edebi gymmatlyklary K.Nepesowa Amansoltan Gurdowanyň dilinden ýazyp alypdyr. 1261-nji çeşmedäki “läleleri, hüwdüleri, matallary, agylary bolsamirasgär ýokarky etrapdan Orazsoltan Berdiýewanyň dilinden 1972-nji ýylyň 15-nji noýabrynda ýazyp alypdyr. Bukjadaky ýazgylaryň köp bölegi agylar. Olar beýleki çeşmelerde köp gabat gelip duranok. Bu agylarda-da ýurduny täzelän merhumlar adamkärçilikde, edenlilikde nusga alarlyk derejede öwülýär, olara hormat goýulýar, hem gynanç bildirilýär. Folklor mirasynda agylar Gyzylarbat (hazirki Serdar), Bereket etraplarynda beýleki etraplar bilen deňişdirilende köp duş gelýär.
K.Nepesowa 18-31-nji ýanwar aralygynda (ýyly görkezilmändir)Balkandaiş saparynda bolup,Baleýşem duralgasynda 76 sahypalyk halk döredijilik eserleriniň nusgalaryny toplapdyr. Olaryň arasynda ertekiler (“Kel oglan”, ,”Ynsapsyz kazy”, “Döw bolan gyz”), 26 sany matal, 8 sany nakyl, 28 sany bent gazal, 48 sany bent läleler, 18 bent monjugatdylar, 18 sany, dürli bentler, 147 setir sanawaç, 7 sany rowaýat bar. Mirasgäriň ýygnan edebi gymmatlyklary, toplanan ýerleri, oba ilatynyň durmuşy, daş-töweregi bilen baglanyşykly. Meselem, sanawaçlaryň arasynda şeýle bentler bar:

Gökje otlar iýmäge
Akja goýun ýaraşar,
Akja goýun sagmaga,
Akja gelin ýaraşar,
Akja gelin eline,
Akja bäbek ýaraşar,
Akja bäbek öňüne
Akja okara ýaraşar 

Mysallardan görnüşi kimin, lälelerde-de şeýle ýagdaýy görmek bolýar:

Gaýramyz çogan-çogan,
Çogana başyn ýuwan,
Janym çarwaň gyzlary
Abşaryşyp düýe sagan

Gaýradan atlar boşanar,
Öňüne güller düşener,
Biziň dokan halymyzy,
Hemme millet düşener. 

Bu bentleri mirasgär 1966-njy ýylyň 23 ýanwarynda Ogulbäbek Atajykowanyň dilinden ýazyp alypdyr. Käbir monjugatdy-da Ogulbäbegiň dilinden ýazylan:
Aşakdaky käbir nakyllary-da Käbe Nepesowa Baleýşemli Ogulbäbek Atajykowa aýdyp beripdir. Senesi (25.01.66) “Içmeklini ur, ýalaňaç gorksun”.
“Puly bolan pili müner”ýaly nakyllar-da şol çeşmede. Bu bukjada “Şakga-şakga bilezik”, “Aýterek, gün-terek” oýunlarynyň oýnalyşy, hymmyl lälesiniň kakylyşy bilen baglanyşykly maglumatlar bar. Çeşmede Kelje oglanyň erjelligi, başarnygy hakynda gyzykly erteki saklanylýar. Bularyň hemmesi türkmen folkloryny öwrenmekde gymmatly çeşmelerdir. Şol sanda olaryň üsti bilen halkymyzyň gylyk-häsiýetini, däp-dessurlaryny, psihologiýasyny, belli-belli şahsyýetleriň durmuşyny öwrenip bolýar. Bu gymatlyklaryň üsti bilen ýüzlerçe adamlary terbiýeläp bolýar.

Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 557 | Добавил: Нawеran | Теги: Şirinjemal Geldiýewa | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]