Sýužet özüne çekiji. Kakasy we agalary urşa giden bir oglanjygyň bulaşyk pikir we duýgulardan doly içki dünýäsi oňat suratlandyrylyp, hekaýa edilipdir. Ýöne terjime gowşak. Iki dilem pugta bilmeýän okyjyny "bu ýerde näme diýjek bolduka" diýip oýlandyrjak ýerler bar. Hekaýaň asly türkmen dilinde bolsa-da heniz okap görmedim. Asyl nusga seretmeli, sebäbi semantiki sepiň gowşaýan ýerleri bar. Iň mese-mälim duýgy üznükliligi hem hekaýaň ahyrynda Habibiň başyndan geçýär. Kiçi ýaşyna garamazdan rus esgerini depip duran mujahidi itekläp goýberen gahrymanymyzyň, nädip, birdenkä pikirini we duýgusyny üýtgedip, elindäki awtomat ýaragyň oky gutarýança ýatan esgeri (Habibe çörek hem konserwe berilmegini talap eden) atmagyny doly düşündirip bilmändirler ýa-da aslynda beýle däldir, terjimede ünsden gaçandyr...