Jemleme gowy jemlenipdir, Kakalaryñ ömri uzak bolsun, meniñ 9 ýaşamandym, özi-de 38 ýaşamanka ýogalypdy, ol ýagdaý maña juda agyr degipdi, mydam Onuñ geljegine ynanyp ýaşapdym, meni ýaşadan Onuñ ruhydy, ganyma siñen mertligidi.. Kakañyzyñ ömri uzak bolsun
Goşgudaky: "Iň ýakyn dost söweşemde, Uzaklardan kesekleşýär. Kaka, senden asgyn gelip, Aý-Gün bile gezekleşýär."
Şu bentde bir düşünişmezlik barmy, ýa men düşünmedim i?! Uzakdan kesekleşýän iñ ýakyn dost bolup kaka kesekleşýärmi ýa durmuşdaky iñ ýakyn dost kesekleşýärmi, , şol ýerini aýyl saýyl edip almaly ýaly goşgyñ, Aý-Günüñ Kakadan asgyn gelip gezekleşmegem gümürtik, sorag döredip biljek okyýjyda
Iň ýakyn dost söweşemde, Uzaklardan kesekleşýär. Ýagny awtor durmuş bilen söweşýär onuñ söweşdäki iñ ýakyn dosty kakasy we ol bu ýerlerde ýok, ýöne uzaklardan kesekleşýär (kesekleşmegiñ göçme manysy, habarlaşmak gepleşmek..
Kaka, senden asgyn gelip, Aý-Gün bile gezekleşýär. Bu iki setiriñize menem düşünibilmedim, ömrüñ bolsun awtor.
Ikisem erbet, jigim. Ýöne, ýene-de öňem biri aýtmyşlaýyn: "bolman öleniňden bolup öleniň ýagşy" diýäýmeseň. Hemmämize Özi giňlik bilen sabyr-kanagat bersin-dä.
Ol-a şeýle Serdar aga. Soragymda-da çala ýalñyşlyk bar: Şol iki ýagdaýyñ haýsysy erbediñ gowusy? diýip soramalydym. @Nurdan, men-ä dogrusyny aýtmak gerek bolsa maşgalada "kaka" diýlen agza aslynda hiç bolmaly däl ýalydyr öýdýärdim kiçikäm. Şoñ üçin birhili, başda bolup soñ ýitirsem agyr düşäýjek ýaly.
Küdükli mähir guýýan ýerini halamadym. Estetik däl. Hemem “kündigi” “jinnege” sazlamak üçin ulanypsyň. Jinnek - az, kündük - kän manyda ulanan ýalam bolsa…. kündigem beýle bir bol mähir saklajak gap däl. Derrew gutarjak ýaly ol kündikden akýan mähir.