18:46

"Kakyp geldim bu jahanyñ gapysyn..."

"KAKYP GELDIM BU JAHANYÑ GAPYSYN..."

Kakyp geldim bu jahanyñ gapysyn,
Maña-da berdiler nobat petegin.
Garaşyp otyryn, öz ornum tutup,
Gorkýanym, synagdan nädip öterin.

Kän eken, nobatda duranlañ sany,
Ýakyndan tanadym birnäçesini,
Gyzygyp has içgin öwrenşenlerim,
Nobat ýetdi.
Taşlap gitdiler meni.

Gyýyldym, gynandym, gidenlere men,
Öwezini doldy, ýene kän kişi.
Her gezek, şol gapy açylan wagty,
Hoşlaşdym, hoşlaşman galanym ýagşy.

Ýekän-ýekän aramyzdan sogrulyp,
Gidýänler, yzyna gelenok gaýdyp.
Menden soñ gelene berýärin gürrüñ,
Menden öñküleriñ kyssasyn aýdyp.

Sag bolym kän...
Salam diýýän gelene,
Elimde bolsa-da nobat petegi,
Ýene biri kakyp geldi gapyny...
Ornum bersem,
Nobatymda giderin...

Remezan MÄMETGURBANOW.

05.10.2022 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 180 | Добавил: Remezan | Теги: Remezan Mämetgurbanow | Рейтинг: 4.0/5
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
"Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 mango  
651
Goşguda iki detala başynda we soňunda gaýtalap üns berilýär:
1) jahanyň gapysyny kakyp gelinmegi;
2) berilen nobat petegi.
Ýöne, şo iki meňzetmede meseleli….
Bu jahana gelinende gapy kakylarmy, ýagny dünýä gelmegimiz bize bagly zatmy?
Nobat petegem şolar ýaly, gelenleriň gitmegi nobada baglymy? “nobatynda gidewereli” diýilýän gepem garrylardan öňürdip ýaşlar gitmesin diýen many bilen aýdylandyrda. Ýogsam gitmek meselesinde nobat bolarmy? Nobat diýeniň konkret zat ahyryn, ýagny nobat petegiňde özüňe belli nomer ýazyk, şo nomer boýunçada çagyrylýaň…. Emma, gizlin bolan “çakylykda” nädip nobatyňy biljek?
Düşündirip bildimmikän, Remezan daýy?
—-
Salam diýýän gelene,
Elimde-de bolsa nobat petegim,
Elimde bolsa-da nobat petegi,

0
2 Remezan  
1397
Minnetdar, dogry bellik, Men goşga salyp bilmedim menden soň gelenlerdenem gitdiler diýip goşmakçydym oňa sözüm ejiz geldi, jahanyň gapysyn kakyp geldim diýmegim öz wagtynda geldim, ýagny 10 ýyl giç geldim ýa ir geldim diýilmeýänligi, nobata durmaklygy bolsa, wagty gelende ýaş garra seretmezden gitýänligini aýtmak isläpdim, sagbol üstünde işlärinbellikleriňiüçin minnetdar

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]