22:54

Kalbyň ýaz, läläm

KALBYŇ ÝAZ, LÄLÄM!

Ýylgyrşyň ýazlardan ýaradylypdyr,
Gaharlanaňda-da meňzäňok gyşa.
Şonuň üçin ýaz ýürekli ýalňyzym,
Çytylan gaşlaňdan etmen endişe.

Ýylgyraňda gözellikde deňsiz sen,
Has gözel sen gaharlanan mahalyň.
Ýüregiňden orun tapmandyr buzlar
Özi bolup dogulaňsoň baharyň.

Şonuň üçin ýalkasaňam ýalkanyş,
Ýazgarsaňam, ýene ýalkan ýaly sen.
Men barybir bahar görýän gözleňde,
Gaharlyjam,
Ykbalymyň ýazy sen.

13. 10. 2011 ýyl
Категория: Goşgular | Просмотров: 191 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Победителям / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]