12:39

Kän ýyldan soñ

KÄN ÝYLDAN SOŇ

Düýşüme giripsiň daň golaýlanda,
Begenäýdim kän ýyldan soň duşanma,
Goýnuňda, boýnuňa gol aýlanymda,
Ýylgyryp bagtyňa guwandyň şonda,

Duýdim: “Göz öňümde gussaly keşbiň,
Göz öňümde goýy ýaşyl köýnegiň. –
- Diýipdim: “Çekerin söýginiň keşgin”,
Diýipdiň: “Özüňe dert bor köýmegiň”.

Ondan bäri oýum sen hakda, bilseň,
Gideniňsoň söýgiň bilen jadylap.
Belki, bagtly borduk saklaýan bolsam,
Şol armanly günde yzyňdan ylgap.

Bolýarmy gaýtaryp geçen pursady,
Ýatda hem ýürekde galýar ol diňe.
Garaz, şeýdip düýş-de bagtly men, senem
Käte öz göwnüňi dola düýnüňe.

Düýşüme giripsiň daň golaýlanda,
Begenäýdim kän ýyldan soň duşanma.
Goýnuň-da, boýnuňa gol aýlanymda,
Senem biraz maňa buýsandyň şonda...

Batyr ÇARYÝEW.

"Beýik Türkmenbaşy nesli" gazeti, 2006.
Категория: Goşgular | Просмотров: 250 | Добавил: Haweran | Теги: Batyr Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Gökdepäm / Goşgular - 22.03.2024
Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 mango  
651
Duýdim: “Göz öňümde gussaly keşbiň,
Göz öňümde goýy ýaşyl köýnegiň. –

ýaşyl köýnek diýseler - okuwçy ýada düşýär.
gyzyl köýnek diýseler - talyp ýada düşýär.

---

Goýnuňda, boýnuňa gol aýlanymda,
Ýylgyryp bagtyňa guwandyň şonda,
...
Senem biraz maňa buýsandyň şonda..

"guwandym..., buýsandym" diýmedik bolsa, oň adyndan diýmedigini diýdirmek dogrumyka? çak edip, pikir edip bilersiň "guwanansyň, buýsanansyň" diýip.
emma welinimin.... häzirä birhili....

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]