20:06

Käşgä seni söýmän oñup bolsady...

KÄŞGÄ SENI SÖÝMÄN OÑUP BOLSADY...

Käşgä seni söýmän oňup bolsady,
Bolmasady nazaryňda jady seň.
Maňa yşkyň bilen beren derdiňi,
Yşkyň bilen bejersediň ýa-da sen.

Men onda kalbymy paralap, beýdip,
Gamgyn setirlere siňip gitmezdim.
Diňe şygryýete syrymy aýdyp,
Diňe şygyr bilen oňşuk etmezdim.

Bireýýäm çykardym çäginden şygryň,
Goşgy çyrşamazdym mazara çenli
Hem meniň bu gussa eýlenen şygrym
Ýatladyp ýörmezdi maňa geçenmi.

Ýok, men närazy däl beýle ykbaldan,
Täleýimde ýoklugyňa aglamok.
Ýöne indi maňa goşgy ýazmakdan
Gaýry ýoluň bardygyny aňlamok.

Ahmyrym ýok uçranyma yşka meň,
Ökünemok yşkyň ýakanna meni.
Ýöne kesä çekmesinler,
goşgulam
käte gussalyrak çykanda weli.

Köňül mydam şatlyk bilen gaýanok,
Ýazsam diýýäň kä jibrine-jibrine.
Adam diňe şatlygyny ýaýanok,
Hasratyňam salyp bor-a şygryňa!

Hojaberdi ÇARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 456 | Добавил: Мylayym | Теги: Hojaberdi Çaryýew | Рейтинг: 2.7/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Ныне, полный блаженства…» / Goşgular - 15.02.2023
Atlar, itler, eşekler / Goşgular - 12.02.2023
Анне Ахматовой / Goşgular - 11.02.2023
Deprem Ağıtı / Goşgular - 13.02.2023
Амалтея / Goşgular - 15.02.2023
Durmuşy deňeşdirme / Goşgular - 08.01.2023
Gar ýaganda / Goşgular - 09.01.2023
«Взгляни: небесный свод безоблачен над нами…» / Goşgular - 20.01.2023
,,Ak gar ýagyp..." / Goşgular - 17.01.2023
В вертепе / Goşgular - 01.02.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Durdyyewа  
132
Eh näsini aýtýañ smile

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]