14:10

"Каспий" gazeti türkmenler hakynda

Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 241 | Добавил: Haweran | Теги: Walentin Sterligow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Ependi  
284
"Geçen asyryň ahyrynda, şu asyryň başynda Bakuwda rus dilinde çykan "Каспий" gazetiniň okyjylary bu neşiriň 1888-nji ýylyň ýanwaryndaky sanlarynyň gatyny açyp, derrew onda bir täzeligiň bardygyny bellediler."

Täsin! Ol wagtlar Azerbaýjanda gazet çykyp okalyp ýörse, onda-da daşary biz hakda maglumatlar ýazylyp ýörülse, gaty ösen eken onda olar bizdenem. Şu wagtam okalanok gazet bärde, soňky çagalara asla bilenogam nämedigini, diňe tualet kagyz üçindir öýdýäler.

1988 ýyl bolsa dogrudyr. Demirýol çekilende iň soňy Guşgyda 88-de tamamlanýan bolmaly, ýalňyşmasam.

0
2 Haweran  
411
Baryp kyrkynjy ýyllarda häzirbegjanlylar "Gorkut ata" kitabyny çap edipdiler we muny frontdaky türkmen ýazyjylaryndan okany bar. A bizde bolsa, "Üýtgedip gurmagyň" başlanan 85-nji ýylyndan soňam bu barada gürrüň gozgamaga synanyşan Nazar Gullaýew, Abdyrahman Mülkamanow ýaly alymlarymyz (şu ýerde 50-nji ýyllarda Mäti Kösäýewe, B.Garrýewe, O.Abdalowa görkezilen hemmä mälim görgülerini-hä hasaba-da goşmalyň) milletçilikde aýyplanýardy, yzarlanýardy (elbetde, ýagy öz içimizde, muny ideologiýanyň ýa ruslaryň boýnuna atyp, käbirleri ujyz sypaýjak bolýarlar)...

* * *

Hawa, häzirbegjanlylar bizden ýüz ýyl öňde. Muny boýun almak gerek.
XIX asyryň ikinji ýarymynda eýýäm azerbaýjan edebiýatynda ýewropa edebiýatynyň şemaly öwüsýärdi, ilkinji romanlar, powestler, hekaýalar, poemalar döredilýärdi. Gazet-žurnallar näme üçin bolmasyn. Meselem, azerbaýjan zenan şahyry Hurşidbanu Natewanyň dünýä belli fransuz ýazyjysy Aleksandr Duma bilen dostlukly gatnaşygy bardy.
(Natewan 1858-nji ýylda Kawkaz ýurtlaryny syýahat eden fransuz ýazyjysy Aleksandr Dýuma eden el işlerinden sowgat beripdir. Aleksandr Dýuma hem oña öz gezeginde küşt oýnalýan tagta sowgat edipdir.)
http://kitapcy.ru/news/gitdi/2018-07-10-1214
Türkmen okyjysy Dýumanyň adyny eşden bolsa, XX asyryň ikinji ýarymyndan- Beýik Watançylyk urşundan soň eşdendir. Sowatly okyjylarymyzyň az sanlysy bolaýmasa, ýönekeý okyjylarymyzyň-a köpüsiniň häzirem bilýändigine ynamym ýok Dýumanyň adyny.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]