10:36

“Kimse haýryň zary, kim şeriň zary…”

Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 234 | Добавил: Bagabat | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
-1
1 Bagabat  
43
Surat: Tokar Tugurow, "Gapma-garşylyk".

0
2 Bagabat  
43
Araf (agraf) (arapça: الأعراف – diwar, haýat, bökdençlik) – bu yslamyýet ylahyýetinde jähennem bilen jennetiň arasyndaky bir ýer bolup, ol ýerde aýatda günäleri bilen sogaplary deň gelen bendeler Allatagalaň şepagatyna garaşyp we behişde düşmek nesibesi bolanlaryň-a eşretini synlap, olaryň gününi arzuw edip, dowzaha sezewar bolan günäkärleriňem ejirini synlap, Haktagaladan bu güzapdan özlerini gutarmagyny diläp durjaklar.

Kurany-Kerim, 7-nji süre: «Agraf» («Belent diwar»)

«Agraf» süresi Mekgede inen sürelerden bolup, ol 206 aýatdan ybaratdyr. Süräniň 46-48-nji aýatlarynda ady agzalýan «Agraf» diýen ýer jennet bilen dowzahyň arasynda ýerleşen belent bir diwar bolup, süre hem onuň ady bilen atlandyrylypdyr. Sürede Adam atadan başlap‚ Nuh‚ Hud‚ Salyh‚ Lut‚ Şugaýyp‚ Musa ýaly pygamberleriň hemmesiniň Allanyň birligini ykrar edýän dine uýandyklary we kyýamatda bolup geçjek wakalar barada aýdylýar.

46. Olaryň (jennetiler bilen dowzahylaryň) arasynda bir diwar (Agraf) bardyr. Diwaryň üstünde-de olaryň her haýsyny keşbinden tanaýan adamlar bardyr. Olar (Agrafdakylar) entek ol ýere (jennete) girmeseler-de, girmegi tama edip, jennetilere «Size salam bolsun!» diýip seslenerler.

47. Olaryň gözleri dowzahylara tarap öwrülende bolsa, olar: «Eý, Perwerdigärimiz‚ bizi bu zalymlar bilen bile goýma!» diýerler.

48, 49. Agrafdakylar keşplerinden tanan käbir kişilerine ýüzlenip: «Size ýygnan baýlyklaryňyzyňam‚ köp sanly tarapdarlaryňyzam‚ gedemligiňizem, hiç haýsy peýda bermedi!» diýerler. (Soň jennetileri görkezip): «Takyk, siziň: «Alla bulary hiç haçan merhemetine miýesser etmez» diýip‚ kasam eden (kemsiden) kişileriňiz bular dälmidi? (Ine‚ olaryň nähili beýik mertebä ýetendiklerini indi gördüňiz dälmi?» diýerler we jennetilere öwrülip: «Baş üstüne), giriň jennete! Size hiç-hili howp ýokdur, siz gamgyn hem bolmarsyňyz» diýerler.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]