22:39 Kitapdaky ene "suraty" | |
KITAPDAKY ENE “SURATY”
Kärdeşim, žurnalist Parahat Çerkezowa bilen bir ýola bolan söhbetdeşligimiz çeper eseriň gadyr-gymmatyna, ynsan durmuşyna ýetirýän täsirine syrykdy... Şonda Parahat gelneje bu söhbedimize öz durmuşyndan mysal alyp, şeýle bir ýagdaýy gürrüň berdi: “Ýaşlyk döwürlerimiz Özbegistanda çap edilýän žurnallaryň birinden ýazyjy Ötgür Haşimowyň “Surat” atly kiçijek kyssasyny okadym...”. Söhbetdeşim şu ýerde bu kyssanyň özüne güýçli täsir edenligini aýdyp, mazmunyny gürrüň berdi. Ony okyjylara dolulygyna hödürlemekçi bolýanlygymyz üçin, onuň bu teswirini beýan etmekden häzirlikçe saklanalyň-da, başganyň sözüni aňladýan goşa dyrnagy açyp, hekaýatyň okyja ýetiren täsirine dolanalyň... “...Okap çykan dessime ejemiň ýanyna baryp: “Ertir ikimiz surata düşmäge gitmeli!” diýdim. Duýdansyz teklibe ejem ör-gökden gelip, sebäbini sorady... Bile düşen suratymyzyň ýokdugyny, hökman maňa gerekdigini, mydama okuw diýip alysda gezemsoň, didaryny küýseýändigimi ýaňzytdym. Körpe gyzy bolamsoň, raýymy ýykman, aýagy juda agyrsa-da, razylaşdy. Fotostudiýa ýarym sagat çemesi, pyýada ýol bolansoň, barýançak telim sapar demini dürsäp, hyklap barmaly menzilimize ýetdik. Bileje surata düşüp, ýene ýaňky ýol bilenjik yzymyza dolandyk. Käbämiň dünýäsini täzelänine onlarça ýyl boldy. Kitap tekjämde görnükli ýerde duran bu portret surat bilen men her gün didarlaşýan. Her gün ikiçäk söhbet gurap, pikir alyşýan...”. Umuman, Özbegistanyň halk ýazyjysy Ötgür Haşimowyň döredijiligi bilen şertli ýagdaýda tanyş hem bolsam, ýazyjynyň beýle kyssasyny okamandym. Nesibedir-dä, onuň Ene mukaddesligine bagyşlanan “Dünýäniň işleri” diýen kitaby elime düşdi. Kitaby okamazdan ozal waraklap otyrkam, onuň 34-nji sahypasyndaky “Surat” diýen sözbaşyda gözüm eglendi. Hiç hili şübhe bolup biljek däldi. Bu şoldy. Gysgajyk kyssanyň ahyryna çenli gözümi ol sahypalardan sowup bilmedim. Çünki ol sahypalarda kyssa bilen birlikde, ejesi bilen surata düşmäge barýan belli žurna-list Parahat Çerkezowa-da bar ýalydy... Ine, ýazyjynyň şol kyssasy: SURAT Dünýäniň işleri elmydama gyssanmaç. Adatdaky ýaly, dik duran ýerimden ertirlik edinýärdim. Ejem hem, adaty bolşy ýaly, gyssaýardy: — Otursana, balam. Birsellem otur ahyry. — Boldy, gitdim. — Howlukma, balam! — Ejem gözüme adaty bolşundan başgaça, nähilidir bir gussa bilen dikanlap garady. — Gürrüňim bar. Aljyraňňy halda sagada seretdim: maşyna benzin guýmaly, işe ýetişmeli, soň neşirýata gitmeli... — Näme gürrüň? Ejem gözüme entegem gamgyn garap otyrdy. — Surata düşeli — diýdi garaşylmadyk ýerden. Geň galdym. — Näme üçin? — Ýakynda men ölýän. Ejem bu gürrüňi, hamana: «Goňşulara gidip geljek» diýýän ýaly äheňde aýtdy. Gülüp goýberdim. — Goýsana, eje! Şeý diýdim-de, çykyp gitdim. Aradan iki hepde geçdi-de... Gijelerine oýanyp, oýa batýan. Oýlanýan: sen namart, sen akmak, näme üçin, näme üçin şonda güldüň? Surata düşmäge wagtyň ýokdumy? Gerek bolsa, tapýaň ahyry! Kitap üçin, žurnal üçin, iş başynda, bag içinde, ýolda... Näme sen kino ýyldyzymydyň? Dünýä meşhur şahsyýetmi sen? Hana, bir desse suratyň ýatyr. Her hili. Her ýerde... Emma... Ejeň bilen düşen suratyň ýok! Orazmyrat MYRADOW. "Türkmenistan" gazeti, 11.02.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |