KITAPLARYM, MENIÑ EZIZ HEMRALAM...
Kitaplarym, meniň eziz hemralam,
Siz meniň döwülen göwnüme seýik.
Kitap okap görmedikler geň galar,
“Şulaň baryn okap çykdyňmy?” diýip.
Kim ýeňletjek bolsa adamzat derdin,
Didesin boýandyr gözýaşlara.
Isanyň çüýlenen hajyny gördüm.
Bakdym Muhammede zyňlan daşlara.
Boldum derwüş, ahy, weli hem alym,
Çykdym giň dünýäň dar çygyrlaryndan.
Gördüm gül jemalyn ýa Züljelalyň,
Nebi Pyragynyň şygyrlarynda.
Görmese-de goja Gomeriň gözi,
Nur baryn saçypdyr edebiýata.
Kalplara ýazylyp diýen her sözi,
Öwrülip gidipdir ebedi zada.
Şeýle gözellige akylym haýran,
Şeýle kämillige çykaýmak kyndyr.
Olaň biri çala ýempeýän Baýron,
Beýlekisi buýra saçly Puşkindir.
Galsa köňlüm aňrysynda kapasaň,
Ýoluma nur boldy güneş deý çogur!
Nowaýy, Tolstoý, Gi de Mopasan,
Ulug agam Çingiz Törekulowiç.
Hakyky sözümi etseler inkär,
Degimsiziň dili degse degnama,
Mertebeli maslahatçy, medetkär
Kitaplarym meniň eziz hemralam.
Wagtyňyzy eşrepi deý ulanyň,
Sarp etmäň meýlise, şere, ykmaga.
Ýeke ömür ýeterlik däl bularyň
Iň ajaýyplarnam okap çykmaga.
Entek garramakam, düşmäkäm tapdan,
Wysal bolsa meniň bolsadylarym.
Arasynda hatar duran kitaplaň
Kämil külliýadym bolsady meniň.
… Bilýän ykbal bir gün mojugyn tapar,
Alajym bolmasa gaýdyp gelmäge.
Hatar durup meniň ýoluma bakar,
Kitaplarym meniň eziz hemralam.
Gurbandurdy ORAZOW.