00:02

Koktebel

KOKTEBEL

Barýan agyr ýoluň bilen,
Meniň tukat Koktebelim.
M.Woloşin. 1914 ý.


Tebigy gözellik üýtgeşik bolýar,
Tebigy zehin hem ondan asgyndyr.
Bulut çökdi Gara dagyň üstüne,
Ymyzganyp ýatan deňiz tisgindi.

Kem-kem gök kenardan syryldy duman,
Ak geriş tolkunlaň gowşady saly.
Durlandy gözýetim, giden alyslar,
Göründi deňiziň ajaň şemaly.

Kenarda pytraýan tolkunlara bak,
babam ýaly ak köýnekli, ak saçly.
Bag-bossanyň depesinden garaýan,
Ak derekler ak gyz ýaly buýsançly.

Koktebel biziňçe Gökdepe diýmek,
Sen aýtdyň: "Äkit şolaň birini".
Men aýtdym: "Bizde-de bar Gökdepe,
Bir demde ereder gyşyň garyny".

Goý, depeler dursun duran ýerinde,
Gyşyn, ýazyn mydama gök öwüssin.
Koktebeli, Gökdepäni görmäge,
Adamlaryň ýürekleri towussyn.

Ýylgaý DURDYÝEW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 11.03.1978 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 146 | Добавил: Haweran | Теги: Ýylgaý Durdyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]