00:33

Kommunist

KOMMUNIST

Mydam ymtylyşda,
Mydam gözlegde,
Mydam öň hatarda, hatarly ýerde
Bolup,
Göreş tutup kynçylyk bilen,
Mydam üstün çykýan gaýduwsyz merde
Kommunist diýrler.

Kommunist diýlende gözüň öňünden
Geçer gurban bolan ençeme gerçek.
Olar seniň aryň,
Namysyň üçin
Ýalňyz başyn goýan bolsa-da bir çak,
Baky dirilige ýazylan merde
Kommunist diýrler.

Ýyllar, onýyllyklar, asyrlar geçer,
Çalşar durar nesil yzyna nesil.
Ýöne zamananyň ilkinji daşyn
Goýanlar undulmaz,
Undulmaz asyl.
Täze dünýäň düýbün tutan şo merde
Kommunist diýrler.

Belli hem näbelli merdanalara
Alkyşdan doludyr köňül gözgüsi.
Olaryň işiniň bakylygyna
Şaýatdyr döwrümiň ýyllar ýazgysy.
Mydam diri,
Juwan,
Asylly merde
Kommunist diýrler.

Taryhyň maňlaýy gasyndyr-gasyn,
Dostum, dowam etdir ýyllar ýazgysyn.
Öňe merdemsi bak ýyllardan ätläp,
Dostlar, bu oňat zat!
Bu asylly däp!

Biz zähmet çekilip ýeňişli gelen
Her güni garşylap hoş arzuw bilen,
Öňe seredýäris ýyllardan ätläp,
Dostlar, bu oňat zatŽ!
Bu asylly däp!

Köpler öz ýerinde işläp asylly,
Dilden-dile geçip, boldular belli.
Uly işe başlan pälwan nesilli
Sowetler ýurduny dostlarmyz gutlap,
Salam iberýärler.
Bu asylly däp!

Bu ýyl bäşýyllygyň ilkinji ýyly,
Edilmeli işler uludyruly.
Kiçisi Garagum kanaly ýaly
Işimiz eýýama gelsin diýip bap,
Hötdesinden gelers gaýduwsyz işläp,
Bu ajaýyp adat!
Bu asylly däp!

Goý, derýa dek aksyn o nazy-nygmat,
Goý, köpräk salynsyn jaýlar gatbar-gat.
Munuň bary beýik gurluş üçindir!
Munuň bary beýik durmuş üçindir!
Sag bol aýdar geljek nesiller ýatlap.
Dostum, bu ajap zat!
Bu asylly däp!

Geçen bäşýyllyklar döwür köşgüniň
Bolmadyk bolsady mäkäm kerpiji,
Halkymyň bitiren äpet işlerin
Göterip bilmezdi döwrüň örküji.
Şol kerpiji eýläp, guýan merdana
Kommunist diýrler!

Şäher BORJAKOW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 31.03.1971 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 251 | Добавил: Haweran | Теги: Şäher Borjakow | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Nokat / Goşgular - 28.01.2024
Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Hasap / Goşgular - 18.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Her dòwùr bir dòwùr

0
2 Garayolly25  
1449
Dogry "bir döwür her döwür" diýseñem boljak. Sebäbi, Soýuz döwrunde döredilen eserleriñ heniz-heniz häzirki zaman uçin güýçli täsirdedigini köp-köp ynsanlar bilýär.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]