10:09 Köne mülk -23/ romanyň dowamy | |
9.
Mergeniň işe gitmeýänine bu gün eýýäm on gün bolupdy. Ol şu on günde Nobaraly aga bilen Gyzylarbat şäherine baryp, maşynyň hakyny hasaplaşyp geldi. Gyzylarbadyň haly fabrigine baryp, birinji gatdaky dört otag üçin dört sany ýedilik türkmen halysyny, koridor üçin iki üçlük türkmen halysyny satyn alyp geldi. Maşyny Köçek aganyň hasabyndan çykaryp, şu raýonuň içeri işler bölümine baryp,awtoinspeksiýada, öz hasabyna geçirdi. Öýi üçin telefon çekdirmek üçin Maral Meňliýewa ”M.Ataýewiň öýüne telefon çekmeli” diýen hat alyp, eltmeli edarasyna eltdi. Indem, ondan dynç adam ýokdy. Ol her gün gurluşykçylara kömekleşýärdi. Mellege girip Rejep aganyň buýran ýumuşlaryny edýärdi. Rejep aga bolsa indi mellegiň, mallaryň tabyny ýagşy ele alypdy. Mellek, mallar, towklar onuň janydy. Ol indi melegiň, mal-garanyň, towuklaryň ýanyna-da,, olardan gelýän girdejä-de hiç kimi goýbermeýärdi. Her aýyň başynda Merge köpem däl, azam däl, müň manat puly sanap berýärdi. Kim gaýmak süýt iýjek bolsa, gowurmadyr çekdirmä meýli bar bolsa, Rejep aga onuňam kemini goýanokdy. Ol indi her anna agşamsy özbek palowyny bişirip başlady. Ol nygmatyň ysy tutuş aşakky Garaganlyny gaplap alýardy. Mergen Rejep agadanam, Nobaraly agadanam razydy. Ýöne bu iki goja-da Mergenden müňde bir razydylar. Nobaraly aga gurluşykçylaryň arasyndaky Arguly atly ýaltarak, ýalançyrak oglany hiç halamaýardy. O-how. Bally, onyň seniň ho-ol goňşy gelni ýanyna getirip, küýi iş bilen däl-ä onyň.Men-ä şony kowup goýberjek.—diýip, zeýrenme zeýrendi. Ertesi gün Arguly Mergeniň ýanyna geldi. -- Ýaşuly meni işden kowup dur-laýt. Gaýrat et, men ol gelne öýlenjek bolýan. Aýalym ýogaldy. Iki çagam ýetim galdy. Öýde iýmäge ýeke dişlem çöregim ýok, onsoň, men işlemesem, çagalary kim eklesin. Mergen ýüzüni sallap gürledi. Arguly, men seni şu sapar alyp galjak bolaýyn.Ýöne abraýyňy sakla-da gaty gowja işle. Arguly gaty begendi. -- Bor, agam, janyn bilen... Şonda Mergen ýaşula „Argulyny yzyna al” diýende, Nobaraly aga boýun bolupdy.Şeýle-de bolsa gurluşygyň eýesi Nobaraly agady. Gurluşykçylar näme etjek bolsalar, ertir näme edijek bolunsa, ýaşula hasabat berýärdiler. Ýaşuly wagtynyň ep-esli bölegini gurluşykçylar bilen geçirýärdi. Şolar bilen iýip-içýärdi. Şonuň üçinem, ikinji gatyň daşky aýlawyna kerpiç örmek işi gutarypdy. Basym gapylaryň, penjireleriň goýulmaly ýerleriniň depesine beton guýulmalydy. Soň jaýyň üstüni basyraýmalydy. Oňa-da pürslerem, sementem, opalowkalaram ýeterlik bardy. Ýöne iki maşyn ýuwlan çäge gerekdi. Mergen işi bolsa, bolmasa-da daňdan sagat dörtde turýardy. Soň sowuk duşa düşünýärdi Soňam gelip, çyranyň yşygyna „Oba mugallymyny” tä Gün dogýança işleýärdi. Onuň bu ýazgysy Mergeniň özüniň ýürek depderine öwrülip barýardy. Sebäbi ol oba gelan gününden tä şu güne çenli wakalry, adamlar bilen gatnaşygyny, özüniň jebir-jepaly duýgularyny howlukman „Oba mugallymynyň” süňňüne siňdirýärdi. Ol her gün ýekeje ak kagyzy ýazgydan dolduryp, soň ýazmasyny bes edýärdi-de, sözleri, sözlemleri, pikirler has çuňlaşdyrmaga çalyşýardy. Adamlaryň häsiýetini çuňlaşdyrýardy. Olary obraz derejesine ýetirmäge jany bilen dyrjaşýardy. Ertesi ýene bir kagyz yzyny ýazýardy. Şu gün ol ýazan kagyzlarynyň altmyş yedä ýetenini gördi. Mergen şol ýazgyny gaýtalap-gaýtalap okady. Ýazgy akgynly okalýardy. Dili saüýjüdi., ýazylyşy Mergeniň pikiriçe, çeper çykypdy. Okap bolandan soň, Mergeniň ony bir eli boşyň ýazgysynyň derejesinde galdyrasy gelmedi. Ol kitaplaryny dörüp, Agahan Durdyýewiň”Bagtly ýigit”, Nurmyrat Saryhanowyň „Şükür bagşy”Ata Gowşudowyň „Köpetdagyň eteginde” eserlerini tapdy.Şolaryň üçüsiniňem, başlangyjyny okady. Gün dogan badyna Mergew kagyz, depderlerini ýygnap öýden çykdy. Howanyň öwzaýy ýene bozulýardy. Ol”Şu gün yrym edip, çaý-çöregimi täze jaýymda iýeýin” diýip oýlandy. Ýaşulular heniz ýatyrdy. Mergen tördäki otagyň işigini açdy. Onuň burnuna reňkiň, hekiň hem-de täzeje türkmen halysynyň bozganç ysy urup gitdi. Içeri ullakan owadan türkmen halysy ýazylansoň, içeri gül-gülälekli meýdan ýaly owadandan ýakymly görünýärdi.Nobaraly aganyň gazaply zarbyna telim sapar reňklenen polam ýakymly görünip, gülälekli meýdanyň ruhuny näziklik bilen dowam edip gidýärdi.Belent, ýagty penjirelerden ýaňy atyp gelýän tyllaýy ruhy ak süýt ýaly bolup dökülip dur. Mergen jaýdan çykyp, gaz peçde çaý goýdy.Saçagy, gowurmaly pitini alyp geldi. Soň baryp, sowutgyçy açyp, ondan gaýmakly, konfetli gaplary alyşdyrdy. Çäýnek-käseleri çaýkaşdyrdy. Onyň şykyrdysyna ýaşulylar hem oýandylar. Rejep aga ýuwunyp, sygyryny sagmaga gitdi. Ol birsalymdan Mergen bilen Nobaraly aganyň orta alyp oturan saçagynyň üstüne şakäse doly çiggaýmagy getirip goiýdy. -- Däde, kartişkäni kaçan ýygaýmyz? -- Seniňki, şaltaý-baltaý, „Oýnap ekseň, boýnap biter” diýenleri boldy. Gyşyň içinde”Kartoşka ekjek” diýseň, gülüpdim. Seniň-ä onyň Tejen turuzypdyr. Ony mähetdel etmän ýygnäýly. Mergen ýylgyrdy. -- Atamyň eli gyzyl güldür! Onuň gum diýip garbany gyzyl bolýandyr. Rejep aganyň özem saçagyň başyna geçdi. --Bitde bazar! Ýene bir bazar karaşamyz. Çaý-çörekden soň ýaşulular omyn edip turmak bilen boldular,Mergen saçagyň üstündäki gaplary, çäýnek-käseleri ýygnamak bilen boldy. Soň owadan el halynyň üstüne süýnüp, az-kem meýmiredi.Ony çaý-çörekden soň süýjüje agyrlyk basmarlaýardy. Ol irkildi... Gün digup gelýär! Ol Gün däl. Mergeniň Gündür hasap edeni ap-akja şugla bolup, täze jaýyň işiginden girýär-de, kem-kemden topbaklanyp, jemlenip, ergin altyn keşbe öwrülýär. Mergen şol tyllaýy erginiň içinde ak sakally, ak selleli garryja gojany gördi. Ol ýerinden galmak isledi. Emma galyp bilmedi. -- Injalykdan gaçma. Men şu garry mülküň eýesidirin. Sen bir wagt gömlüp galan mülküň mübärek ýüzüni ýene açdyň. Indi bu köne mülk seniňki boldy.Saňa nesip etsin., haýryny görersiň, enşalla! Goja elinde tutup duran zadyny Mergene uzatdy. -- Me, ine şu köne mülküň açary! Muhammet essalamyň zamanyndan bäri arkama-arka ruhlaryň, perişdeleriň, şehitleriň ruhlarynyň nazary bilen ýalkanan, ýedi sapar Hydyr gören mülkdür bu! Sen mundan alan yrsgalyňdan olara-da degsin etginiň!Omyň! Ak şugla yzyna öwrüldi.Mergeniň täzeje haly ýazylan, özi oturmaga dözmän oturan jaýyna syçrap duran gyr bedew girdi. -- Tur, al, bu bedew seniň peşgeşiň bolsun. Mergen ýerinden turup, gyr atyň uýanyndan tutdy-da, onuň buldurap duran maňlaýyndan ogşady. -- Taňry ýalkasyn, atam! Şugla kiçeldi-kiçeldi-de, Mergeniň ruhuna girdi. Mergen syçyrap özüni isläp duran sarç bedewe atlandy-da, töweregine garady. Birdenem özüniň bu bedew at bilen bileje uçup barýanyny duýdy. --Uç, gyr atym, uç!.. -- Bala, bala! Mergen tisginip oýandy. Ony Rejep aga yralap durdy. --Tur, bala, myman soraýdy. Mergen hälki açar tutan ellerine garady.Açar bolmasa-da, onuň sag eli açarly ýaly, agyrdy. Mergeniň ruhy täzelenipdi. Kalby ýakymly duýgudan dolup durdy.Misli , ol henizem hälki bedew atyň üstünde oturan ýaly, ýeňildi. Tutuş dünýäsi çirksizdi, päkizedi. -- Myhman!? -- Ikki kişi geldi. Seni soraýyrlar. Mergen işden çykarylandygy barada iberen tellegramalaryndan bir habar gelendir öýdüp, ykjamlanyp, daş çykdy.Işikde iki sany erkek adam boýurganyp durdy. -- Salowmaleýkim, geliň.—Mergeniň ol eden tamasy çykmady. Işikde duranlar onuň halyndan habar aljak adama meňzemeýärdi. -- Ataýew Mergenlermi?—diýip, işikde duranlaryň gulakjynlysy sorady. -- Hawa, hawa, geliberiň. Ýerne hälki adam gürledi. Size telefin çekmeli! Mergen duýdansyz, şatlanyp gitdi. -- O-ho, o-ho, geliň, geliň. Gowy habaryňyz bar eken, geliň! Başy gulakçynly, hortap adam hoşamaý gepledi. Adyň näme?Mergen diuýdiňmi? -- Mergen! Ol adam ýoldaşynyň yüzüne bakyp ejizje ýylgyrdy. Soň düşündirip başlady. Mergen jan, bize birküç sany göni pürs agaçlary gerek. Soňam, telefon apparaty bolmaly. Eger, şolar tapylýança, „garaşyň” diýseňiz, biz indiki hepdede aýlanaly. Eger, häzir tapylsa, biz işe başlajak. Telefon üçin, biziň zähmet hakymyz üçinen, biziň düýp edaramyza otuz manat pul tölemeli. __ Onuň gürrüňi bolmaz. Töläris. Pürs agaçlaram, däde, haýsyny islese beriň. Ýöne, şu telefon apparatyny nireden tapyp bolar? Gulakçynly pyýada elini aşak tarapa uzatdy. Aşakda, woenni dükanda bardyr. Dükança Aba diýerler. Gurban aýtdy diýäý. Edil , düýn gördüm. Bahasy ýigrimi dört manatdyr. Gulakçynly daş- töweregine garady.—Maşyn özüňkimi? -- Özümki! -- Özüňki bolsa, häzir gidip geläý. Ýöne pürsi biz alaly. Telefiny nirede goýjagyňam görkez. Telefon ulgamy gurulýan täze jaýdan elli- altmyş ädimräk gapdaldan geçýärdi. Mergen geýinip, maşynyny otlady. Oňa çenli Rejep aga-da donunu çalyşyp geldi. -- Bala, meniňem işim bardy. Mallara iým kereg. Mergen gaty kän eglenmän geldi. Onuň elinde gutujyk bardy. -- Bar ekenmi, aldyňmy?—diýip, ol sütün üçin çukur gazyp ýören gulakçynly pyýada sorady. -- Bar eken, aldym. Poçta baryp aýdanlaryňyzam töländirin. Şol wagt poçtolýon ýaşuly gelip, bir desse gazýet-žurnal goýup gitdi. Telefonçylar günorta çenli törki jaýa telefon çekdiler. Aşak, ýokary jaň edip, telefony sazladylar. Gulakçynly adam Mergeniň ýanyna geldi. -- Mergen jan, öýe täze telefon çekilende, bir litr arak alnyp, gowja bir nahar bişirilip, ol „ýuwulýandyr”, ony sen bilmeseň, bilýän dälsiň. Senem iliň şol däbini syla. Tüweleme, ine, täzeje „Wolga” alypsyň. Köşk ýaly jaý gurup otyrsyň. Gutly bolsun, olar barada soň, Ýöne häzzir telefonyňy bir ýuw. Mergen ýene raýon merkezine gitmeli boldy. Ol barybir bazarda odur-budur almak üçin galan Rejep agany alyp gelmelidi. Häzir ol arak almak üçin ýörite gitmeli boldy. -- Bolar seni beýle goýmaz diýip otyrdym, bally. Sen aragy bäş- alty çüýşeläp alagaý. Goý, öýde dursun. Çörek bilen iki tokga kolbasa-da al.Sen gelýänçäň, naharyň ugruna özüm çykaryn. Telefon çekmäge gelenler işlerini bitirip, iýip-içip, agşamy düşürip gaýtdylar. Nobaraly aga telefonly jaýa girdi. Ol bagryny ýassyga berip, nämedir bir zatlar ýazyp-pozup oturan Mergen oň ýüzüne garady: -- Bally, sen bärdemidiň? Mergen ýazyp oturan zadyny bir gapdala goýdy. Häzir, däde. Menem, indi atamyň yzyndan gidibermesem, onuň iým skladyna açylarça wagt bolandyr-a. Ony alyp gaýdaýyn. Ýaşuly tlefon apparatyny sag eli bilen sypalady. Bally, şuny welin, çekdireniň gaty gowy boldy-da! Munuň belli bahasy ýokdur. Onda-da meniň ýaly, aýagyny göre sokup oturan inwalid garryň dagyň bar bolsa. Indi munyň nomury näçe boldy. Däde, belle. Biziň telefonymyzyň nomeri bir ýigrimidir! -- 1—20 Ýaşuly gözüni depesine dikdi. -- Bir ýigrimi, bir ýigrimi. Äýt, bally, aňsadam eken-le. Nesiup etsin, hernä. -- Hemmämize, däde, bile nesip etsin. Men-ä, häzir atamy alyp gelip, Gyzylarbatdaky goňşyňa jaň edip, halyndan habar alaýaýynam bir diýip durun. Mergen sähel salymdan gaýdyp geldi. -- Atamy alyp geldim! Nobaraly aga hälki gürrüňlere maýyl bolup şol bor oturan ýerinde otyrdy. Ol Mergeni görenden soň ukusyndan açylan ýaly boldy-da, Mergene golaý süýşüp, jaýlaşykly oturdy. -- Bally, men senden bir zat soraýyn-la. --Soraň, däde.—diýip,Mergen ýaşulynyň ýüzüne seretdi. Ol öz sowalynda göni degişlilik ýa-da bir göwne degiji niýet ýaly ýakymsyzlyk bolmasyn diýen manyda az-kem içini hümledip durdy. -- Meniň göwnümemi , ýa-da şeýlemi?Sen bäş- on gün bäri öýderäk. Ýa bu günler kanikulmy ýa sen işi goýbolsun etdiňmi?! Ýa başga bir zat sebäp boldumy?! Eger meniň bilen bagly bir azap görýän bolsaň, ýa-da ýakymsyz gep eşidýän bolsaň-a gelip göni aýtgyn. Men seniň gül ýüzüňi solduryp, hiç haçan özümi bagtly etmen. Mergen ör-gökden geldi. -- Ýok, däde, beý diýmäň. Meni gazýete tankydy makala ýazdyň diýip, ýanap mugallymçylykdan çykardylar. – Soň Mergen bolan wakany bolşy ýaly gürrüň berdi. Men indi adalatyň gelerine garaşaýmasam, başga näme edeýin? Ýaşuly gözlerini agyr pikirli agdardy. -- Käriňem mugallymçylyk. Özüňem oglan okadýaň. Şon-nam saňa kän görýärler dälmi?! -- Hawa. -- Güni bilen klasda. Iliň öýe, köçä, ile sygmadyk bir topar bibaş çagasyny adam etjek. Olara bilim, terbiýe berjek bolup, azap iýýäň?! -- Hawa. --Ölçeg ýarym okadanyňda-da, bolaýsa, zordan iki ýüz manat töweregi. Ýaşuly Mergeniň ýüzüne nebsagyryjylyk bilen seretdi. -- Onsoň, seni şolar ýaly zulumly işdenem çykarýarlarmy? -- Onda-da, ýanap, kast bilen. Ýaşuly ýetim oglanyň kellesi ýaly ýumrugy bilen üstne gül ýaly haly ýazylan poly urdy. -- Sen „alyň”. Işiňizi başyňyza ýapyň” diýdiň dälmi. -- Ýok, däde. -- Päheý, bally, gümüne gitsin. Şol porsy mugallymçylygyň. Ýör, men seni Gyzylarbada äkidip, öz ýerime goýaýyn. Üç günden-ä bir gün işlärsiň. Her aýyňa galmady diýende, on müň manat halalja pul galar jübüňe, Aýagyň aşagynda täzeje „Wolgaň” bar. Git-de, gel-de, rahatja işle-de ýör. Mergen başyny ýaýkady. -- Däde, men saňa bir rowaýat aýdyp bereýin. -- Ýaşuly sesini çykarmady. -- Öň bir şäherde derwüş känmiş. Bir adamyň hem bu derwüşleriň bolşup ýörüşlerine gaty gahary gelýär eken. Ol göern ýerinde derwişleri utandyryp, olary masgaralap, adamlary olaryň üstüne küşgürip gezer ekeni. Derwüşlerem bu adamdan bizar bolup, ahyry özleriniň başga şäherdäki pirlerini şikaýat edipdirler. Olaryň piri derwüşleri halamaýan adamyň ýanyna gelipdir. Onuň näme üçin derwüşlere azar berýändigini sorapdyr. -- Olar ýigrenji, muguthor. Ýalta bir topar hapysa mahluk. „Hudaý, Hudaý „ diýen bolup sümsünip ýören mugthor mahluklar. Şäherleri şol mahluklardan näçe çalt arassalasaň, ýurt şonça çalt arassa, rahat bolardy—diýipdir. Pir sesini çykarmandyr, Ol barmagyndaky düşnükiz bir ýüzügi çykarypdyr-da, ol adama ugradypdyr. -- Hanym, sen gaýrat et-de, bazara baryp, şu ýüzügi bäş dirheme (ownuk pul) satyp gel—diýipdir. Ertesi ol adam bazara baryp ol ýüzügi ilki bäş, soň, üç, soň bir dirheme satjak bolupdyr. Emma onuň satjak bolýan ýüzügini bir dirhrme-de almandyrlar. Ol lapykeç gaýdyp gelýär. Onda hälki pir: -- Şäheriňizde zergärler barmydyr?—diýipdir. Ertir şolara-da bir görkezip gör—diýipdir. Ol adam ýüzügi göwher ussalarynyň biriniň ýanyna eltipdir. Ol bu şäherde belli zergär adam eken. Ol bu ýüzügi synlapdyr-da, ýöne titiräp duruberipdir --Ogul, seniň bu ýüzügiň belli bahasy ýok. Eger gyssansaň, ýanymda diňe ýigrimi bäş müň tyllam bar, eger ertire garaşsaň, men seniň ýüzügiňi ýüz elli müň tylla satyn alaýyn—diýipdir.—Olam „bolýar, men ertir gelerin” diýip gaýdypdyr. Ol adam ýüzüni ak tam edip, gelip bolan wakany derwüşleriň pirine aýdypdyr. Şonda ol pir: -- Oglum, ine, şu derwüşlerem edil şu ýüzük ýzlydyr. Bazarçyl iliň içinde ol bir dirheme-de geçýän däldir. Emma bileniň ýanynda onuň gadry, bahasy ölçärden gaty ýokarydyr—diýipdir. --Ine, däde, köp adam üçin mugallymçylygam edil şol ýüzük ýaly, ýeke dirheme-de geçmez. Emma meniň üçim mugallymçylyk hem şol soňky ussa- nyňky ýaly, dünýäniň ähli baýlygyny, ähli abraýyny göýsaňam, şonda-da azdyr. Ýaşuly başyny ýaýkady. --Wah, wah, balay, bally. Sen bu ýaş başyňy ne otlara , ne dertlere salan ekeniň. Wah, wah!... -- Men , däde, tä ölýänçäm mugallym bolaryn. -- Wah, bally, gadyrly tutar ýaly, näme ol beýle... Iliň-ä gaçgyny şol porsy mugallymçylyk. Sen şu käri saýlaşyňa haýran men-ä. Ol bir heleý iş-ä. -- Däde, sen meniň göwnüme degmejek bolsaň, mugallymçylyga dil ýetirme. Mugallymçylyk kärine şek ýetiren meniň din duşmanymdyr! -- Weýt, bally, näme beýle? Men düşünmedim. Hany, aýt. Mergen ýekedyzyna galyp oturdy. -- Däde, häzir adamzadyň başyna agyr apat indi. -- Düşünmedim-le, bally. O ne apat!? -- Häzir adamzat ownap, ynsapsyzlaşyp, çüýräp barýar! -- O diýýäniň-ä dogry, bally! -- Indi adam adamdan, dogan dogandan, ata oguldan, ene gyzdan, ogul-gyz, ata –eneden halys bizar bolunýan zamana geldi. -- Olam dogry. --Arak, şerap, neşekeşlik, parahorluk, pul, baýlyk diýip namys- aryňy, weýran etmek, nebis, açgözlük adamzadyň hakyky maksady bolup galdy. Adam ynsaby, adamkärçiligi, mähri unutdy. -- Onyňam dogry. -- Arak, şerap, ogurlyk, orramçylyk, ýalançylyk, ikiýüzlülik güzeran dolamak kärine öwrüldi. Dünýäde erbet bolmagyň, haramzada, açgöz, ikiýüzli, zalym bolmagyň ýekeje-de mekdebi ýok. Emma adamzat gün-günden däl, sagat saýyn pese gaçyp, ynsapsyzlaşyp, çüýräp barýar. Aýt, ony bu zulumly beladan kim halas etmeli?! Ony kim boýnuna alyp, öňe çykyp:”Saklan, adamzat!” diýmeli? Nobaraly aga gözlerini mölerdip, agzyny açyp, aňňalyp Mergeniň ýüzüne garady. -- Men-ä bilmedim, bally! -- Ony, däde, diňe mugallym halas edip biler! Mugallymyň beýik göreldesi! Mugallymyň asyllylygy, ynsaplylylygy, gözel ahlagy, nurana keşbi, mähribanlygy halas edip biler! Ine meniň diňe şonuň üçin mugallym bolasym gelýär. Men harsydünýä bolmasam, ýaşanda namartja ýaşap, geplänimde mertlkerçe sözläp, içim birhili, sözüm birhili, özüm birhili bolmasam, ýaş nesil ýaş nesil meni görer, ýaş nesil maňa uýar. Meniň ýaly bolasy geler. Goý, diýeli, her ýyl ýekeje okuwçy maňa uýsun, şolam az däl. Pygamberleriň biri:”Bir adamy halas etmek, adamzady halas etmek” diýipdir. Häzir meniň ýigrimi bir ýaşym bar. Men häzir şeýle pikirde, Men otuz üç ýaşanymda, kyrk ýaşanymda meniň bu pikirim on esse, soň ýigrimi esse beýgeler-ä. Men şu ýyl bir okuwçymy özüme uýdursam, geljek ýyl ýene bir okuwçyny özüme uýdursam ol soň üç bolar, soň dört, bäş bolar. Kem kemden on, ýüz, müň, tutuş oba, şäher bolar gider-ä.. -- Berekella, bally. Nobaraly aga Mergeniň ýüzüne dikanlap garanda ýaş ýigidiň gözlerinden, ýüzünden nurly şuglanyň akýandygyny görüp, birhili gorkdy. Bally, özi seniň janyň bir sagmy?! -- Janym tut ýaly sag, däde, näme kesel görünýänmi? -- Ýüzüň sargarypdyr, sen sarylama dagy bolan bolaýma—diýip, ýerinden turup, Mergeniň elini , maňlaýyny elläp gördi.Soň:-- Gyzgynyň-a ýok—diýip, Mergeniň pikiri ne goşuldy.—Dogry aýdýaň bally, men bilmändirin, Seniň juda ýagşy niýetleriň bar eken. Sen çilim çekeňok, arak içeňok, tirýek-pirýegiň derýa bolup akanda-da, bir damjasyny diliňe degirjek adam däl. Sende nebis ýok, pula-baýlyga ölme, öçme ýok. Sen heýwere gawy mugallym bolarsyň-a. Özüň adama bakna däl. Aýagyň aşagynda gowy maşynyň bar. Gowy jaýyň, mellegiň bar. Mergen närazylyk bilen başyny ýaýkady. -- Däde, şol sanan zatlaryň maňa geregi ýok. Ýöne, ikiýüzli namartlara zar bolmajak bolup, onsoňam, iki sany Hydyr ata ýaly ýaşulynyň göwnüni ýykmajak bolup „bolýar” diýen bolup ýörendirin. -- Onsuzam, seni öldürjek diýseňem, ýalan sözlejek, haram, şübheli lukma datjak gümanyň ýok. Senden hiç haçan awnyk, ikiýüzli kep çykmaz. Sen her näçe ýaşasaňam, bir söz, bir ahlak ,bir lebiz adam bolarsyň. Seni gören ýaş –ýuş däl, ýaşy bir çene baranlaram ýüzüne sylar. Hakykatdanam, sen mugallym, bally! Şol pursat işik açyldy .Içeri Annabike daýza , bir zatdan erbet gorkan ýaly,titiräp girdi. Onuň gözleri giň, ýagty otaga düşensoň, elek-çelek bolup durdy. Ol elindäki boş tabagy döşüne basyp, içeri gygyrdy. Ýegen, ýegen jan. -- Daýza, salowmaleýkim! Daýzatöre geçiň.—diýip, Mergen ýerinden turup, oňatöre geçmegi mürehet etdi. --Ýegen jan , bu jaýyň-a gül ýaly bolowopdyr, nesip etsin, içi gelinli bolsun.—Garry gözi öwrenişensoň Nobaraly agany görüp: ýaşmagyny agzyna çekdi. -- Turak aga jan, salam elik. Ýaşuly bu aýalyň edil kürsäp,içeri girmesini halamady.Gyňyr nazar bilen: -- Näme habar, Annabike?—diýdi. Annabike daýza biçäre gözlerini balkyldadyp, delminip Mergene bir seretdi.-de, duran ýerinde çökçp oturdy. -- Ýegen jan obada bir kep bar. Habaryň barmy, ýokmy. Mergen garry aýalyň ýüzüne seretdi. -- O nämäniň gepi?—diýip,Nobaraly aga gahar bilen sowal berdi. -- Habary şol. GoňşyňyzŞepi tentek bara. Şol obanyň bir topar agsak, towsak garry-gurtusyny sürüp, süýrekläp siziň üstüňize alyp gelýe. Men şony aýdaýyn diýdim.Birteke süzme-de gerekdi, maňa. Olar jaýdan çykdylar. Işikde hakykatdanam, Şepi aga, Ybraýym aga, Oraz aga, Täçmyrat, Atabaý aga durdy. Mergen olar bilen iki elleşip görüşip çykdy. Bu hümürdä ussalaram, geldiler. Çukurdan Rejep aga-da çykdy. Gapdaldan seretseň, Mergeniň täze jaýynyň işigi ýöne adam bolup durdy. -- Men , adamlar, bolan zady diýýen.—diýip, Şepi aga gepi başlady.-- Ýylyň başyndan bäri obamyzyň gözi emgekden açylmady. Asyl, nämekä diýsem, „bu ýeksurun ýetimek” mellegine sogan, sarymsak ekip ýörse näme. Onam maňa hol, goňşy heleý, Annabike gara gelip diýýe-how. -- Ekende näme?—diýip, Nobaraly aga gaty gaharly aýtdy.Aýt, ekende näme! -- Sen bir gelmişek, Turak. Sen bu obanyň içki işine goşulma. Nobaraly aganyň gahary möwjedi. -- Haý, gurrumsak, men şu obadan gidip, saňa derek fronta saňa derek gidip, aýagymy aldyryp gelmedimmmi? Aýt, haram it ogly.Onsoň , men neneň saňa gelmişek bolýan. Şepi aganyň sesi onyň sesini basdy. --Sen prontyň golaý ýanyndanam baraňok. Gyzylarbatda bir topar ýeňil heleýiň syrtyny gujaklamaga gitdiň sen. Biz bilmeýendir öýtme. -- Ah, seniň bir... Nobaraly aga erbet sögdi. --Ine, sarymsagy, sogany ekdirýänem şol betbagt tüntaw. Ol näme şol zatlaryň bu oba düşmeýänini bilmeýärmi?Baýam bilýe. -- Pyýazy, sarymsakgy men ektim. Näme bolsa maňa bolar. Sizge nime?! -- Mergen ara böweşeňlik düşenden: --Adamlar, ötünç soraýan. Mellek meniňki. Sogan, sarymsagy ekdirýän men. Ýöne meniň ekenim bilen oba kösenjek bolsa,indi ekmerisem. Ýöne meniň öz mellegime halal pulum bilen alyp eken sogan, sarymsagymyň oba zyýan getirýändigine kepil geçýän birje delil getiriň. Men Şepi agany her näçe sylaýanam bolsam, onuň bu bolgusyz gepiune ynanyp bilmen-ä. Ol meniň bilen başdan bäri „Şu mellek, şu jaý meniňki bolmaly” diýup dawalaşyp ýör-ä.. Öl milisiýada işleýän ýegenini getirip, jaýymy, ýerimi elimdenem aljak bold-a. Jaýymy ýykmak üçin getiren buldozýory işigimde bir aýlap durd-a. Şepi aga haýkyryp gepledi. Onuň şerhaýa sesi obanyň ýokary başyna baryp ýetdi. Elbet, elbet! Seniň öňki işiňem, adamçylyga-da, din-şerigata-da, ummata-da sygmajak zat. Seni Alla urar. Sen bir dinden çykan dogman geçen bolduň! Nobaraly aga onuň sesini basdy. Hudaý uran diýip, saňa diýerler. Ynsapsyz harap. Nädip, bu gün din-şerigat ýadyňa düşdi. Bar, getir, beýle molla bolýan bolsaň, „Sogan, sarymsak ekmeli däl” diýilip ýazylan ýeriňi. Tä şony tapyp getirýänçäň, gümüňi çek şu ýerden. Ýaşulular dargap gitdiler. Emma Şerip aga hajathananyň gabadynda durup, edil bir dälirän ýaly bolup, jany ýangynly gygyrdy. -- Sen çöp düýbi, hürri, dur bakaly, seni bir edişşigime seret. Men çeniň atajygyňy ýandyraryn, ataňy. Men seniň başyňa otuz ýedinji ýyly indermesem, atamyň ogly bolmadygym bolsun! Nobaraly aga onuň haýýar sesini eşidip durup bilmedi. -- Bar-san-aýt, harap, bar, bar... | |
|
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Gala -2: Hakyda - 10.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |