10:10 Köne mülk -24/ romanyň dowamy | |
10.
Mart aýynyň başynda Rejep aga kartoşkany ýygdy. Öküzçeleri satdy. Şol hepdäniň aýagynda-da Mergene arassaja bäş müň manat getirip berdi. Gaçar alaly, bala. Howa gyzmagynça kärtişkäni ekeli. Mergen oňa müň manat pul berdi. -- Ata, özüň isläniňi saýla-da, alybergin.Näme kömek gerek bolsa-da, aýdyber. Gaty geň ýeri, Mergeniň Rejep aga bilen eken erikleri martyň ortalarynda edil bir ap-ak patrak bolup gülledi. Indi sekä akyp gelýän jana ýakymlyja howanyň deminde jennet ysyna meňzeş, beýan edip bolmajak bir müşki anbar ysy bardy. Mergen ilki bada kynyrak görenem bolsa, kem-kemden öýe öwrenişip barýardy. Ol öüde oturany bäri „Oba mugallymyna” çynlakaý gyzyklanyp gitdi. Ol her gün bir, gaty gitse iki kagyz ýazsa-da, bu ýazgynyň diline, adamlaryň tipleşmegine, obrazlaryň aýyl-saýyldan, aýdyňlygyna ayratyn agram salýardy. Eseri başyndan okap, obrazlaryň hereketini her gün giňeldýärdi. Mysal üçin Çaçy mugallymyň obrazyny çuňlaşdyrdy, örüsini giňeltdi. Onuň işdäki körzehinligini täsirli açdy. Şepi aganyň Mergeniň görmeýän, bilmeýän taraplaryny tipleşditip, gaty gyzykly edip açdy.Annabike daýza obrazyny obanyň şum habaryny her gün açyp, gaýtadan özüçe işläp ýene oba ýetirýän çylşyrymly obraz derejesine ýetirdi. Ejeş mugallymy ejizlere, adalatsyzlyga duçar bolanlara howandar derejesine ýetirdi. Onuň ýanyna başga mekdeplerde iterinji edilen mugallymlar hem gelýän boldy. Ol bularyň üstesine okuwy, usuly edep göreldesini gaty güýçlendirdi. Bu eseri okan her bir ýaş mugallym özüne nähilidir bir usuly goldan hem alyp biljekdi. Iň esasy ýeri eser uly, uzyn, gurak däldi.Şeýdip, ol bu eserine özi duýmazdan gyzygyp, güýmenip gitdi. Indi ony bu gyzyklyja, juda süýjüje pişesinden aýraýmak aňsadam däldi. Mellekdäki gül-gunça, işikde duran täzeje ?Wolga”, ikinji gatam ýetip barýan köşk ýaly jaý, jübüsindäki ýeterlik pul, iki sany perişde ýaly ýaşulynyň „balam, ballym” diýip ertir, agşam hoşamaýlap oturmagy, gulagynyň dynçlygy, kişä, zada zar dälligi Mergeniň göwnünem, süňňünem ers-mers edip barýardy. Ol bedenine üýtgeşik kuwwwatyň, ýüregine öň hiç wagt bolmadyk üýtgeşik galkynyşyň gelip guýulýandygyny duýdy. Ol indi öňki owurtlary çöküp, gözleriniň öňi agyr surnukmadan çykanyňky gom-gök halka bolup duran, gülaklary çepek ýaly, burny aňňal ýaly agzy jallaryp ýatan yşarat oglan däldi. Onuň ýüzüne düýnkü şugladanam birhili üýtgeşik lowurdap duran arassa nur inýärdi. Goçak gözleri altyn pyýala gyrmyzy şerap guýulan ýaly, Allahy keramat bilen balkyldap durdy. -- Bally, tüweleme, alla öz penasynda aman saklasyn, sen ine indi meniň isleýän, meniň diýen ýigidiň boluberdiň—diýip, Nobaraly aga her gün Mergene hoşomaý sözleri aýdýardy.—Indi, seni öýeriberseňem boljak! Mergen ýylgyrdy. -- Däde, entejik howlukmaly. Haçan öýlenmelidigini özüm aýdaryn.Ýöne, meniň bir höwes edýän zadym bar. Sen meniň şol höwes edýän zadymy bitirmek üçin näme etmelidigini maňa maslahat ber.—diýip, ol iki ýaşuly bilen sekiniň üstünde çaý içip otyrkalar dillendi. -- O nime, bala!? Mergen ýokary göteren käsesini agzyna eltip bilmän oturan Nobaraly aga seretdi. Men bir zada gaty namys edýän. -- Howwa. -- Garrygala Garadäli gökleňiň ili. Hanmämmet gyjakçynyň obasy. Ýöne indi ýüz ýyla golaý wagt bäri bu ilden düzügli bagşam, dutarçam, gyjakçam çykanok. Radioda, telewideniýede biziň obalarymyzdan derman diýseňem, ýekeje dutarçam, gyjakçam çykjak gümany ýok. Nobaraly aga ahyry käsesini agzyna eltip çaýyndan bir owurt ýuwutdy-da: -- Onyň dogry. Näme, indi mekdebi taşlap, bagşy, ýa sazanda bolasam diýýeňmi?!Mergen başyny ýaýkady. -- Meniň-ä isleýänim, däde, öz obamyň oglanlaryndan on sany dutarçy, on sany gyjakçy, on sanjagam bagşy bolaýsa! -- Sen oňa onça oglany nireden tapjak, dutar-gyjagy nireden tapjak. Tapylaýanda-da, olara öwredýän gerek, halypa gerek. Bagşy, sazanda diýeniň bilen, olar „häh „diýeniň bilen „mäh” bolup durmaz-a.Niýetiň , bally, gawy... -- Ilki bilen-ä, dutar-gyjak satyn almaga iki müň manat gerek. Soň, halypa gerek. Häliden bäri gürrüňe goşulman oturan Rejp aga käsesindäki çaýy bir gapdala serpip goýberdi. -- Koýup oturyň-eý, bala!—diýdi. Men hol kyraga elli tänr senewer ekme kereg diýew otyryn. Şoňga som tapylmaýdy. Siz ikki müň tin berip tutar, kyjak almak istorsyňyz. Ol bolmaýdy. Somy aýama kereg, bala! Mergen agyr oýa batdy. -- Ata, „kesmeseň, ganamaz”, türkmenler „Girdeji almak üçin çykdajy etmek gerek „ diýipdirler. Pul bar-a, sosna aljak bolsaň. Men bar, aýagymyzyň aşagynda gül ýaly maşyn bar. Aýt, getiribem bereýin, çukurynam gazybam bereýin. Mergen içeri girip, pul alyp çykdy. Rejep aga iki ýüz manat aldy. Soň ol Nobaraly aga bilen maslahatlaşyp, tutuş çykyryň daş-töweregine rus arçasyny- sosna agajyny iki hatardan ekip çykmagy karar etdiler. Mergen eşigini çalşyryp, uly kepjäni eline alyp, çukur gazyp başlady. -- Ata, her çukuryň arasy näçe ädim bolsun? -- Beş mitr.Gapdalga dört mitr!Olar üç bolup, günortana çenli otuz çukur gazyp, çaýa çykdylar. Nobaraly aga ýogyn, gödensiz gara barmaklary bilen ýüzüni sylyp durşuna: -- Bally, men saňa gowy halypa tapandyr!—diýip, begençli aýtdy.—Ýöne onuň ýanyna gitme gerek-dä. Ilki kim ol, aýdyň. Gitmäň gürrüňini etmäň, maşyn bar-a, bileje giderisem, gelerisem. Nobaraly aga sekä gelip dyz epdi. -- Gyzylarbatda Soltan Atanepes diýip bir halypa bar. Onuň aslyGazanjykdan. Ýöne olGyzylarbatdan öýlenip, göçüp gelipdi. -- Soltan Atanepesmi? Aý, ýok-la, ol aýdyp bilenog-a. Ýaşyly başyny ýaýkady. -- Bilmän, tanaman, ýanynda oturyp diňlemän beý diýme. Han-a Molla Çäkli, Aşyrmämmet dawut, Saryhan sapa, Nebitdagly Mämmi, Gumdagly Aman Akmämmet, Gyzylarbatly Garaja şonuň şägirdidir. Men olaryň hemmesini sanap biljek däl welin, ýöne şol ulgamda aýdym-sazy turuzan halypa Soltan akgadyr, Eger oňa bir „bor” diýdirip bilseň, dutaryňam , gyjagyňam , bagşyçylygyňam öwretme kemini goýmaz. Mergen galkynyp gepledi. -- Ony bir aý öýe getirip bolaýsa. Ýaşuly indi açylyşdy. Näme getirip bolman. Gawja hak berjek bolsaň, öýüňde bir ýyllabam bolduraýyn, men Soltany.Soltan meniň kepimdem çykmaz. Bu pikir Mergeni düýrmegi bilen özüne dolap aldy. Ol şol oýlara gark bolup ýörşüne sosna-senewer ekiljek ýeriň çukuryny iki günde gazyp gutardy. Soň uly hyjuw bilen Rejep aga bilen mellege kartoşka ekmäge kömekleşdi. Gyzylarbada awtobus gatnadýan ýigit ikim ýüz düýp sosna getirensoň, olary hem ekişdirip çykdy. Onuň eli şondan soň boşaşdy. Ol gurluşykçylar bilen gygyryşyp duran Nobaraly aganyň ýanyna bardy. -- Sen maňa „nowruza çenli gurluşygy gutararyn diýdiňmi?!”Sözüňde dur! Dede, maňa ýene on kün kerek. Indi gaty az kaldy.—diýip, Kolka mujigem ýaşuly bilen deň durup dawalaşýardy. Mergen şol agşam goňşularyna bardy.—Daýz-z-a öýdemisiňiz! Garry gaty-guty nan bölejigini agzynda oňaýsyzja çeýnäp durşuna, daş çykdy. Ýegen jan, gel.Öýde bolman men nirä gideýin, gel, gel.—Ol kiçijik eliniň aýasyndaky gaty çörek bölejigini uzatdy.—Iýseň-ä bereýin, al, ýöne gatydyr. Ýüregimiň suwuny sorsun diýip, agzyma ataýdym-a. Mergen eýwanda duran ýerinden içeri boýnuny uzatdy. -- Berdi daýym öýdemidir? Garry aýal Mergeniň ogluny soramagyny geň gördi.Onuň kellesine” algysyny sorajakdyr „ diýen pikir urdy-da, Mergeniň badyny gaýtarmak üçin:-- Öýde ýeke dişlem çöregimiz ýokdur, ýegen jan, gördüň-ä, daýzaň galan gaçan gaty gutulary çöpleşdirip gün görýe. Biz-ä gedaý galdyk, ýegen...Sen Berdi daýyňy näme etjekdiň? Mergen garra düşündi. Ony köşeşdirmäge başlady. -- Eýgilik, daýza, bir işi maslahatlaşjakdym. Garry şonda-da köşeşmedi. -- Ol häzirem içigli. O tentekde maslahat näme işlesin, ýegen jan. -- Ýok daýza, turuzaly! Garry göwünsizräk. Hä, turuzaly?—diýdi. Işige bakan ýörejek boldy-da, ýene durdy.-- Turuzaly diýseň turuzaly.—diýip. Mergeniň ýüzüne şeýle bir naýynjar seretdi welin, Mergeniň süňňi düýrülip gitdi.—Ýegen jan, hol goňşy gelin bar-a, Agagül, şol bara, seniň Arguly diýen ussaň bilen gaçyp gidewoýypdyr. --Kim? -- Hol, Seniň jaýyň gurluşygynda işlemeýemi-ýä, Arguly tentekdir-le. Şol hakyt, aý ýaljak gelini alyp gaçyp gidiberipdri-dä.Ýaňyja Agagülüň ejesi gelip aýtdy. „Gyzym gaçypdyr” diýip. -- Onuň gaçmas-a bolmandyr. -Ana bardyň, ýegen jan üstünden. Ýaňy ejesi geldi. Birtike süzme ber – diýip.Menem ,nädeýin, sizden alyp berdim. Gowy gyzdy-da, Meniň Çalabegime bararmykan diýip, tamakin bolup ýördüm-dä, ýegen jan, Wah, tamakinçilik gursun-da, gynanyp otyryn-da, şoňa. Olar içeri girdiler. Ortaky jaýda, başyny elleriniň üstüne goýup, otagy boýa-boý tutup,çiň arkan süýnüp ýatan pyýadany turuzdylar. -- Çalabek, aý-uw Çalabek. Ýegen gelip,seniň bilen maslahat etjek diýýer-ä. Mamaş, sagat näçe bold-aý? -- Sagat ýediniň ýary. Berdi daýy ýerinden galyp, aýbogdaşyny gurup oturdy-da, gözlerini çaşardyp ýanyp duran çyra seretdi.. Mergen pikirini jemledi. -- Berdi daýy, biziň obamyzdan aýdym aýdyp biljek on adam, dutar çalyp biljek on adam, gyjak çalyp biljek on adam tapylarmy?! Berdi daýy ýene ýanyny ýere berdi. Ýigirmisem tapylar. Ýöne oňa tamdyra, gyjak gerek ahyryn. Tamdyra bolmasa nädip saz çaljak? Mergen jübüsinden kagyz –galam çykaryp durşuna, :”Onuň gürrüňi ýok” diýip mydyrdady. Ol kagazyny dyzynyň üstüne ýazyp durşuna: Hany, daýy, tamdyra çaljak oglanlary bir sana—diýdi. Berdi daýy çyra seretdi. -- Ýaz, Bally.Ol aýdymam gowy aýdýar.Ýöne sesi hyňňyrajyk-da. -- Bolsun. --Bally—bir! Gulça—iki.Gulça Ybraýym bu-da aýdymy şeýle gowy aýdýar.Allaş- dört.Hudy gara-bäş.olam aýdymy gowy aýdýar. Gurban. Menem belle. Sekiz.Aman Täç.- dokuz, Magtymguly. Ýöne Aman Täç aýdymy bijaý gowy aýdýar. Onuň sesi bu jelegaýlarda görlen, eşidilen ses däldir. Ine, şula sazam çalyp biler, aýdym-a olaryň ählisem aýdýandyr. -- Indi, daýy, gyjakçylary sanaly.—Ol ýene çyra seretdi—Gyjakçy, gyjakçy!—Ýaz—Baýry Sary. Aýyt gök.Hally jylk.Nobat kel. Allaberdi kel. Saparmämmet. Arryk.Juma kese.Welmyrat Durdy.Öwez gyýjal. Süleýman.—Içinden barmaklaryny epip-epip, gaýta-gaýta sanady.—Onyň-a boldy. -- Boldy, daýy.Indi, tur, geýin, şularyň öýüne ýeke- ýekeden aýlanaly. Berdi daýy turar ýaly däldi. -- Ýegen, edil, şu wagt kelläm eddil ýarylyp barýar. Aýdan- diýeniň bolaýmasa, men ýerimdenem turup bilmeýen. Ol erbet ah çekdi. -- Mamaş şu çyrany bir öçürsen-e.Ýiti yşyk deşip barýar.Öldüm-ow oldü-üm! Mergen Berdi daýynyň matlabyna düşündi. Bu adam kireýsiz kilim kakjaga meňzemeýärdi. Mergen iki gije, gündiz iş edinip, Berdi daýy bilen ady kagyza düşen adamlaryň ýekän-ýekän öýüne baryp, Olaryň ählisine öz matlabyny düşündirdi. Olary gelýän ýekşenbede öýüne çagyrdy.Dynç güni öýüne gelenlere matlabyny ýene-de düşündirdi. Oglanlar, biziň ilimiz Magtymguly Pyragynyň, Garadäli gökleňiň, Çowdur bagşynyň, Durdy bagşynyň Aly gyjakçynyň, Hanmämmet gyjakçynyň ili. Emma şeýle beýik halypalaryň bagly, bossanly mülki indi ýetim galypdyr. Indi toýlar tutulsa obada, ilde derman diýseňem bagşam, sazanda-da, gyjak çalýanam ýok. Aýdyň, heý, pikir edýäňizmi? --Biziň obamyzda aýdymy artyk gowy aýdýan oglanlarymyz-a bar -- Aý, eýe, hossar ýok-daýt. Mergen şol, sözi aýdanyň ýüzüne dikanlap seretdi. -- Şu günden başlap men size hem eýe, hem hossar.Aýdyň gowy bagşyly, sazandaly oba bolmak üçin nämeler gerek? -- Gowy halypa gerek. --Ugruna çykylyp, dutar-gyjak alynsa, halypa tapyp, bäş-on gün ugruna seredilseler, soň özleri alyp gitjek şu oglanlaryň. Mergen täzeje jaýyň iň gowy otagynda, täzeje el halynyň üstüde edil edep agajy ýaly bolup oturan obadaş oglanlaryň ýüzünde ýakymlyja höwesi duýdy. -- Iller radyoda, telewideniýede dutarly, gyjakly aýdym aýdyp, obalarynyň, illeriniň abraý, mertebesini Türkmenistana ýaýanda, biz näme, olardan kemmi?! Bizi1ň näme, zehinimiz kemmi, ýa namys edemizokmy/ Bizem , her zat etmeli, bir zat etmeli, radio, telewidenýä çykjak bolmaly. -- Wah, biri ilki bir eliňden tutup öwretmeli-dä, how. Biziňki emeli bilup dur-da. -- Heý, dutaryň, gyjagyň bolmasa-da, oklaw bilen telewizora çykyp bolýamy? Mergen ýene ara goşuldy. -- Kim işleýär? Şu oturan ýigrimi adamdan diňe dördüsi kolhozda işleýän bolup çykdy. -- Onda siz özüňize aýdym, saz öwrenmäge bir aý wagt tapyp bilermisiňiz? -- Biz, şoňa gerek bolsa, bir ýyl wagtam tapaly. Näme, şondan gowy bähbidimiz barmy?—diýip, Gulça dogumly aýtdy. -- Eger siz, bir aý wagt tapsaňyz, men size gowy halypa tapyp geleýin.On tamdyra, on gyjak satyn alaýyn. Özüňize-de, günde üç wagtyna naharam, gatyk, süýdem bereýin. Ýöne her zat edeliň welin, şu bir aýda öleliň welin tamdyra-da, gyjagam çalmagy öwreneliň.Aýdym-a hemmämiz aýdaýmaly. Özüňizem, halypa gelenden soň, her gün, her gije şu öýe ýygnanaýmaly! -- Öýe gaýtmalyňmy? -- Öý bolmaz. -- Şol-a gowy eken. -- Bilemok, kimiň maşgalasy bilen gürleşip, rugsat almaly bolsa, ony aýdarsyňyz. Mergen oglanlar bilen maslahaty bişirdim eden mahaly Nobaraly aga öýe girdi. -- Oglanlar, gurgunmysyňyz?—diýip, ol oturanlar yň ählisi bilen elleşip çykdy. -- Men daşarda gürrüňiňizi diňläp, begenip otyryn. Şeýdiň, indi sizden Garadäliler döräbermeli. Bir aýjyk gaýrat ediň. Onsoň, pulam, toýam, baýragam, abraýam, öwrenenje hünäriňizem özüňiziňki bolar. Bir aýdan soň, men size Mergen janyň täze jaýynyň, täze „Wolgasynyň” şanyna gowy toý tutup bereýin. Şonda şuy ýigitleriň barysy orta çykar ýaly bolsun. Biliňizi gaty bek guşaň-a. Özüm baýragyňyzy ýetirerin. Kim gaty gowy aýdym aýtsa, iki ýüz manat baýragy bardyr. Kim tamdyrany gawy çalsa-ha, , gyjagy ezber çalsa, olara-da ýüz manat baýrak goýýan. Galanynam, Mergen janyň, il-günüň özi ýetirer. Şeýle dälmi, bally! -- Wah, baýragyň gürrüňi ýok-la, däde.Çalyp bir bilseler. Biz-ä ummasyz hak töläp , halypa çagyrsak, bularam, gaçyp-tezip, gelmän, sallam- sajak boluşyp, masgara bolup ýörse, näderis, däde. Sen şondanam habar ber, däde, --Aý. Ýok-la, bu oglanlar, namys-ara,abraýa çirk getirjege meňzänok.—diýip. Nobaraly aga oganlaryň sesini bir barlaýyn diýen bahanajyk bilen tamdyrasyz, gyjaksyz aýdym aýtdyrdy. Oglanlaryň bäşisi bada-bat onyň gaty berk talaply synagyndan geçdi. Galan oglanlar şenbe güni gelmegi wadalaşyp, nahar- çaýdan soň, öýli-öýlerine dargaşyp girdiler.Emma ýaşulynyň Gulça, Mämguly, Aman Täç, Bally, Berdi Çalabek bilen hiç aýrylaşasy gelmedi. Olara dutar, gyjak bolmasa-da şol bir aýdymy telim-telim aýtdryp, hiç ganyp bilmeýärdi. Ol şol oglanlkara aýdymyň çeküwini, pessaýlamasyny, jukguldamasyny, bokurdak gyrmasyny, hüý-hüýlemesini, burna salmasyny gündizi, gijesi diýmän gezek-gezegine öwretdi oturdy. Oglanlar gijäniň bir wagty öýlerine gaýtjak bolanlarynda olaryň hersiniň eline on manat pul berip goýberdi. Enşalla, tamdyra-da öwrenip, onsoň gyjagyň ýany bilen bir orta çykarsyňyz welin, nädersiň, il-günüň abraýyna abraý bolup gidersiňiz. Soň, olaryň hersine erte agşama çenli, „Zöhre-Tahyr” dessanyndan sesine, başarnygyna görä, bir aýdymyň goşgusyny ýat beklemegi tabşyrdy. Şol günüň ertesi Mergen dünýäni undup, haty bilen garabaşyna gaý bolup otyrka, içeri Nobaraly aga girdi. -- Bally, oýamysyň! -- Däde, salowmaleýkim!—diýip, Mergen ýerinden turup, ýaşuly bilen asalamlaşdy.—Ir turupsyň-a, däde, janyň bir sagmy? Ýaşuly güldi. -- Men-ä bally, sen begennik etdiň goýadyň-da.Gije gözüme uky gelmese näme. Mergen geň galma bilen ýaşula üşerildi. Ol-a bolmandyr, näme biynjalyk eden zat barny? Ýaşuly onuň garşysyna gelip, halynyň üstüne çökdi. -- Binjalyk eden zat, şol. Agşamky aýdymlar, hut, kellämde ýaňlanyp dur. Bu kelle , öňem kantuziýa alyp, düzüg kelle däl-ä, bally. Mergen ýylgyryp, başyny atdy. --Ol aýdymlara. Meniň özümem gaty begendim. Indi Gazanjyga gidip, Soltan akgany bäş-alty sany tamdyrasy, gyjagy bilen getirip bolaýsa! Ýaşuly ýekedyzyna galdy. -- Gazanjyk diýmesen-e.Soltam Gyzylarbatda meniň duldegşiur goňşym.-a. Onuň özünde tamdyranyňam, gyjagyňam bir gideni üýşýp, çaşyp ýatyr. Ol şäher pionerler öýünde mugallym bolup işlände, bir topar dutar, gyjak özüne galan ogşýan. Daň atdygy, gidelem, goşy, golamy bilen alybam geleli. -- Däde, ol gelermikä? Nobaraly aga gusssa batdy. -- Wah, bally, Soltan ikimiz öýmüzden başga nirä äkitselerem gideris-le. Olam meniň goýberen ýalňyşlygymy çoýberdi. Ol Gazanjykda maşgalasy ýogalanandan soň, gezdi-gezdi-de, Gyzylarbatda bir ýaş maşgala sataşdy Soň onam aýal edip aldy-da, Gazanjykdaky öýüni-öwzaryny satyp, Gyzylarbada göçüp geldi. Bilmedim, öz-ä , şondan soň oňşug-a peseldi. Menem, gelinbibiň pahyr bolansoň, öýlenme hyýalyna mündüm. Şonda, Soltan:” Meniň ýalňyşanym tutuş ummata bolar,Sen bir ýalňyşma, Turak” diýdi. Başga zat aýtmady. -- Turak kim bolmaly? Meniň lakamym Turakdy.—Ýaşuly aladalandy.—Men baryp, Rejep ataňy turuzaýyn.Sajý goýaýyn, sen ýaz, bally.Senem azara goýdum. Ýaşuly çykyp gidenden soň, Mergen agyr oýa batdy. „Soltan akgany, hut, şu gün alyp gelmeli. Oglanlaryň ýüregini bir galkyndyransoň, olary sowatmaly däl...” Mergen daşary çykdy. Düýn bulaşyp, Ýere degäýjek bolýan asman , bu gün älemiň egnine lowurdap duran mawy mahmalyny ýapypdyr.Öleňlikden öwüsýän mylaýym şemalyň deminde baharyň hem-de ajy tüssäniň ysy bardy. Mellegiň üstüne agyr duman çökene meňzeýärdi. Mallar, towuklar görünmeýärdi. Diňe gül ysy gelýärdi. Mergen mellege düşdi. Täzelikde Rejep aganyň saýlap-seçip alan öküzçeleri Mergeni görüp ýerlerinden turuşyp, mölterişip seretdi. Gölejik tamakinçilik bilen molady. Mergen mellge seretdi. Kortoşkalar eýýäm gulak görkezip başlapdyr. Mergew törki hüjräniň törüne basylan ganar-ganar samana bakan ýöneldi. Bala, duruň!—diýip, Rejep aga Mergeni gyra itdi.—Özüm, bala, özüm. Mergen ýylgyryp mellekden çykdy-da, elini ýuwup, Nobaraly aganyň taýýarlap ýören saçagynyň başyna geçdi. Gün dogdy. Mergen maşynyny otlady. Soň. Kellesini aýnadan çykaryp, Rejep agany gyssady. -- Ata, bolaweriň! Nobaraly aga donuny maşynyň içine atyp, soň aýlanyp. Mergeniň ýanyna geldi. --Bally diýýän-ä, barybir maşynly gidýäs, Ejeza bolsa, şol garryja goňşym bar-a, -- Maşa daýzamy? --Maşa, şoňa bir azajyk kartoşka alasak näzeýilli bolar? --Alaly, alaly, ýumurtga-da, süzme-de alaly. Ýaşuly boýnuny burdy. -- Şony şaltaý-paltaýa özüň aýtsan-a! Mergen iki bedräni ýumurtgadan dolduryp, çukurdan çykan Rejep aga baş atdy. -- Ata, dädemiň Gyzylarbatda garryja ors aýal goňşusy bar. Şoňa kartoşka, ýumurtga, süzme äkidäýsek neneň bolar? -- Haýyr-aý! Olar diýlen zatlary maşyna ýükläp, ýola düşenlerinde, sagat dokuz boldy. | |
|
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Janserek -3: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -4: Ömrüň beýany - 11.02.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary -4/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |