10:11 Köne mülk -25/ romanyň dowamy | |
11.
Mergeniň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Mart aýynyň ýigrimi bäşine, onuň öýüne del myhman geldi. Täze jaýyň birinji gatynyň giň otaglarynyň birinde aýdym-sazyň owazy ýaň berýärdi. Ýaşy bir çene baran dolmuş pyýada çakgynyň çüýi ýaljak , kiçijik ýiti gözjagazlaryny ligirdedip, batly, gyryk sesi bilen "aldyň, aý , ýaş-şa” diýip şüweleň berýärdi-de, birdenem,”al, bally, şunyň-a bolmady. Hany, şeýleräk, şeýleräk edibem bir al bakaly, haý berekella” diýip, aýdym aýdýanyň gapdaly bilen bir "şirwana” galýardy. Bir ýapbyldaga düşýärdi. -- Çekre, heýwere çekre! Sen içiňden aýtmasan-a, bally, maňa-da aýdyp ber-ä, bol, berekella, ataňa rehnet, häýt!—diýýärdi. Aýdymdan soň dutar, gyjagyň kä alyşýan, kä alyşmaýan sesi jaýy göçüräýin diýýärdi. Şol wagt täzeje „Gaz-69” maşyn işige gelip saklandy. Maşyndan ýüzi durşuna maňlaý bolup duran, atan-satan pyýada düşdi. Onuň yzy bilen gara saçy yzyna gaýtarylyp, daralan, gözi äýnekli, ak ýüzi hyrsyz adam maşyndan düşdi. Üçünji düşen bolsa Wadim Sergeýewdi. Mergen Wadim Sergeýewi tanady. Baryp onuň bilen, soň beýleki myhmanlar bilen salamlaşdy. Wadim Sergeýew Mergeni myhmanlar bilen tanyşdyrdy.: -- Bul-a öz raýkomyňyz, ýoldaş Bähbidow. Bu äýnekli „ýigidem” „Prawda” gazýetiniň Türkmenistan boýunça habarçysy Esenow,-- Ol myhmanlara garady.Ýaş mugallym, Mergen Ataýew! Myhmanlar iki gat owadan jaýa, täzeje „Wolga” gyzyklanma bilen seredişdiler. -- Özüňkimi?—diýip, Esenow sorady. -- Hawa! -- Karz zat alansyň-da. -- Otuz müň manat kjarz aldym. On bäşini eýýäm üzdüm. Esenow gözlerini Mergene dikdi. -- Nämäň hasabyna üzdüň? Mergen olary çukura tarap alyp gitdi: -- Ine, mellegim. Sygyr sagýan, elli towuk saklaýan, her günde elli ýumurtga berýär. Iki öküzçe bakýan. Ýerime kartoşka , sarymsak, sogan, kartoşka ekip, satýan. Özüm üç-dört aý mekdepde işlemedim.... Olar birinji gatyň çetki otagyna girdiler.Rejep aga edil mähetdelini bermän iki çäýnek çaý, käse , çörek, gowurma alyp geldi. Soň arada Gyzylarbada gidilende satyn alnan hoz, kişde, kişmiş ýaly zatlary saçagyň üstüne üýşürip başlady..Soň: Bala, munda keliň!—diýip, Mergeni koridora çagyrdy.—Mymanlar az salym dynç alsynlar. Men horaz soýup, palow bişiremän. -- Bolar, ata, ýöne häzirem kolbasa, çig gaýmak, çörek alyp geliň. Mergeniň içeri gierrine mähetdel, Rahymow sumkasyndan ruçkasyny, bloknotyny çykardy-da, bada-bat sowala tutduryp başlady. Seniň adyň-Mergen. Kakaň ady näme? Kakama Ata, Ata seýisçem diýer ekenler. -- Özüň uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetini tamamladyň?! Tapawutlanan diplom bilenmi? -- Mergen ýylgyrdy. --Aý, ýok-la, zordan, neme ortaça diýseňem bolar. -- Şu ýere naprawleniýe boýunça geldiňmi geldiň? Sapagyň bir ölçeg bar? -- Bir ýarym ölçeg! -- Indi sen aýt, näme üçin mugallym bolasyň gelýär? Mysal üçin, beýlekiler kän bir isleg bildirip baranog-a. Mergen „Ýaşuly gaýmak getirmed-ow” diýip, saçaga seredip oýlandy-da, soň beren sowalynyň jogabyna garaşyp äýneginiň ululygynda göziň içine hyrsyz seredip oturan pyýada garady. -- Size çynymy aýtsam, meniň oglanlykdan tebigatym gowşagrak. Çagalykda, soň keselbent boldum. Ýöne aňym, pikirim, logiki pikirlenişim, erjelligim, ýatkeşligim gowy. Şonuň üçin özümiň mugallymçylykdan başga käre ýaramajakdygymy aňdym.Ikimjiden, Özüňiz görüp dursuňyz, nesilleriň ynsap, ahlak, edep,adamkärçilik ýörelgeleri weýran bolup gidip otyr. Adamzat ownaýar, nesiller ownaýar, zaýalanýar. Adamzadyň şöl weýrançylygyny, zaýalanmasyny, onuň öňüni diňe mugallym, mugallymyň beýik göreldesi halas edip biler „ diýip pikir edýärin. Bilimli, sowatly berk edepli, ynsaply, mähriban medeniýetli, owadan, arak içmeýän, çilim çekmeýän, nebsini saklap bilmeýän, haram nebse çapmaýan, ýaranjaňlygy, namartlygy golaýyna getirmeýän, aklagy, lebzi, haty g, äheňi, didary gowy mugallym özem, erkek adam, okuwçylaryň öňünde baýdak ýaly bolup, edebi, sowady, adamkärçiligi bilen dursa, okuwçylar, nesiller oňa uýar. Şoňa meňzäsi geler – diýip pikir edýärin. Meniň ömrüm boýy, oba ýerinde şeýle mugallym bolup işläsim geldi. --Sen, bir özüm çüýräp barýan tutuş nesli halas ederin – diýip, pikir edýärsiň-ä?! Mergen ýüzüni ýerden galdyryp, „Bu adam özüni ýaňsylaýan bolaýmasyn” diýen pikir bilen onuň ýüzüne garady. Ýöne ol adamyň çynlakaý garaýşyny görüp, oňa jogap berdi. -- Ýok-la, meniň bir özüm tutuş adamzady, giden nesiller halas edip bilesim ýok-la!Ýöne Isa pygamber:”Bir adamy halas etmek, tutuş adamzady halas etmekdir” diýipdir ahyryn. Men ömrümiň her ýylynda ýekeje okuwçyny beýik edepli edip bilsem, sowatly, ahlakly edip bilsemem özümden razy bolardym. Eger olar iki bolsa, oňa ýetesi zat ýok. Mergeniň aýdanlaryny Wadim Sergeýew hem ýazýardy. -- Sen näçe aý okatdyň?! -- Dört aý! -- Şu dört aýda netijäň nähili boldy? Mergen ýylgyrdy. Men şu dört aýda on prosent netijä garaşyp, ýüz on prosent netije gazandym. -- Ol nämeden?! -- Okuwçylar meni ykrar etdiler. Meniň yzyma düşdüler. Öwredenlerimi aldylar. Esenow äýnegini eline alyp, „Bu nähili bolýar-aý?” diýen manyda ony süpürip durşuna, buza dönen çaýyndan birki sapar owurtlady-da: Onsoň, şu geçen dört aýda näme öwredip bildiň?—ýumşak äheň bilen sorady. -- Şu geçen dört aýdamy? Şu geçen dört aýda her klasda bäş- alty okuwçy harp tanamaýan eken, alty- ýedi okuwçy okap bilmeýän eken, bäş-alty okuwçy hat ýazyp bilmeýän eken. Özümiň okadýan klaslarymyň üçüsiniňem okuwçylarynyň gaty gowy okamagyny, haty ýalňyşsyz, owadan ýazmagy öwretdim. Labyzly okamagyň, özbaşdak pikirlenip, pikiriňi suhanber-- aratorlarça aýtmagy, sözlemegi öwretdim. Gündiz okadýanlarymda-da, gije okadýanlartmda-da,her klasda ýüz sany beýannama, ýüz diktant, ýüz düzme ýazdyrdym.Şolaryň ählisini barlap, iň göreldeli, haty juda owadan ýazýan, goşgyny, islendik teksti labyzly aýdyp berýän okuwçylara altyn peroly ruçka bermek endigini ýola goýdum. Heniz hiç bir mekdepde ulanylmadyk bäş tegelek taglymatyny ornaşdyrdym. Edebiýata ulgamlar boýunça düşünmegi öwretdim. Türkmen klassyk edebiýatynyň wekilleriniň döredijilik maňzyny ýat tutdurdym. Her okuwçynyň öz abraýyna düşünmegini, öz abraýyny belent saklamagy öwretdim. -- Bu ýaman köp bolanok-maý, Wadim Sergeýew?—diýip, Esenow ýassyga bagryny berip ýazyp ýatan ýoldaşyny ýüzlendi.—Heý, netije boldymy? -- Netije boldy!.Men okuw başlanda täzeje tigir satyn alyp mekdebe gatnap başladym. Nebitdagda betligi üçin bu ýere getirilen Marlen atly okuwçy klasdaşlaryna görünjek bolup, klasyň aýnalaryny döwüp, tigirimiň kamer, pokrişkasyny kesim-kesim edip, tigirleriň ýenjim-ýenjim edip, gaçyp gitdi. Okuwçylar öz aralaryndan pul ýygnap, maňa bildirmän, tigirimi özleri bejeripdirler. Ol ýaramaz, ikilikçi okuwçy bolsa, diňe bäşlik alyp okaýar. Onuň hatyny, goşgy okaýşyny bir görsediňiz. Duranja bir hazyna! Bu bir, ikinjisi, men her okuwçyny özbaşdak okuwa çagyrdym. Olaryň ýekejesem galman ertir bilenem, senbe, ýekşenbe günlerem okuwa geldiler. Meniň okadýan klasymyň okuwçylary şu geçen dört aýda, ne bir ýaramazlyk etdi, ne bir okuwdan galdy., ne-de beýleki derslerden pes baha aldy. -- Şol dogrumy?! -- Şol-a dogry!—diýip, partiýanyň raýkomynyň täze birinji sekretary gürrüňe goşuldy.—Ideologiýa boýunça sekretarymyz Ejeş Kürräýewa ýaňy sizyň öňüňizde aýdyp durd-a. Onuň gyzjagazy Ataýewiň klasynda okapdyr-a. Mergen baş atdy. -- Hawa, mende okady. Esenow iň soňky sowalyny taýýarlap durşuna, sagadyna seretdi-de, şöl wagt bir iş bilen içeri girip, ýene daş çykan Rejep aga bakan ümläp goýberdi: -- Bu ýaşuly kim?! Mergen ol adamyň ellinji ýyllarda şu raýona prokuror bellenen bir garyndaşy bilen bu ýere gelip, aýaly ýogalansoňam iki ogluna bilim-terbiýe berip , onda-munda işläp galyberendigini, soňam 3-nji mekdepde hojalyk işleri boýunça orunbasar bolup, ýakynda pensiýä çykyp, öz ýanyna ymykly göçüp gelendigini gysgajyk gürrüň berdi. Soňra Nobaraly aga barada aýtdy. Esenow baş atdy-da: -- Siz özüňize kast edilmesiniň, Aşgabatdan ýörite, diňe sizi barlamak üçin komissiýanyň gelmeginiň, işden çykarylmagyň sebäbini nämeden görýärsiňiz? Mergen işige seretdi. Ony Rejep aga koridora çagyrýardy. Mergen işige çykdy-da, ýene gelip, öňki ýerinde oturdy. -- Men öz mugallymym Wadim Sergeýew bilen Okuwçy näme üçin mekdebe gelmedi?” diýen makalany ýazdyk. Belanyň körügi şol makala bolaýmasa! Esenow dikelip oturdy. -- Ony ilki seniň özüň ýazdyň ahyry. Ol ilki „Turkmenskaýa iskra” gazýetinde çykdy. Şeýle dälmi? Men ony okadym. Makala güýçli ekem. Mergen Wadim Sergeýewe seretdi. -- Mugallymlar, nahar-a taýýar! -- Ýok, ýok, azajyk howlukmaň. Meniň ýene bir düşünmeýän zadym bar. Mergen, sen şoňa-da jogap berip, maňa düşündirsen-e. -- Soraň, soraň. Esenow bloknodyny açyklygyna halynyň üstünde goýdy. -- Her klasyň okuwçysynyň häsiýet aýratynlygyny aýdyp bersen-e. Meselem, birinji klas nähili, ikinji, üçünji, dördünji nähili? Dokuzynjy, onunjy klas nähili häsiýetde? Pedagogika, metodika, tejribe olary nähili häsiýetlendirýär. Men gidip-gidip”şol nähuilikän” diýip oýlanýan. Mergen jaýlaşykly oturdy. -- Mugallym, meniň tejribäm gaty az, Bary-ýogy dört aý okatdym.Siz ony tejribeli mugallymdan sorasaňyz kanagatly jogap alarsyňyz. -- Esenoň äýnegine ýapyşdy. -- Ýok, ýok, siz öz pikiriňizi aýdaýyň. Maňa beýle çuňňur bolmasa-da bolar.Pikiriňi biljek bolýan... Mergen ýere garady. -- Ony şeýle-de aýtsaň bolar-la. Elbetde, birinji klas, gorky bilen ynamyň arasynda äm-sämiräk ýaşaýar. Birinji klasda kim bir ýyl ir okuwa berilýär, kim bir ýyl giç okuwa berilýär. Bir ýyl-a däl, birje aýam tapawut berip durýar. Şonuň üçin birinji klaslara baha bermek aňsat däl. Olar umumylykda, bir zat öwrenseler begenip, bilmedigini „aý” diýip okaýarlar. Heniz matlaplaýyn betçilik, garagolluk oýunda, pikirinde bolmaýar. Durşuna gujur, gaýrat!Käsi ejeçi, öýdeçi bolup, aýtman, diýmän mekdepden gaçyp gidýär. Mugallym gaty sak bolmaly. Ikinji klasyň okuwçylary erkin bolýar. Mekdebe, mugallyma birinji klasda gowy öwrenişen. Ýazuwy, okuwy parhsyz alyp barýar. „Men ony bilýän-ow” diýip öwünmegi gowy görýärler. Köplenç ýokary klas okuwçylarynyň täsirine gidýärler. Entek matlaplaýyn garagol däl. Ýöne eýýäm geleňsizlik başlanýar. Mugallym berk tutup başlamaly. -- Dogry! --Üçünji klasyň okuwçylary batyrgaý bolýar. Onuň mekdepde eýýäm iki ýyl tejribesi bar. Mekdebiň, mugallymyň gowşak ýerini bilýär. Ýaltalyga göwün berýär. Bir iş buýursalar, edesi gelmezlik endikleri ýüze çykyp başlaýar. Mugallym şu klasdan başlap, gowy bilen gowşagy aýyl-saýyl edip başlamaly. Gowşaklardan talaby güýçlendirmeli. Dördünji klasyň okuwçylarynyň erkinlige islegi artyp başlaýar. Olaryň özünden göwni hoşlugy artýar. Olar „biziň itimiz, ýa-da eşegimiz obada iň güýçlüsi. Meniň kakam uly işgär. Ony hemmeler sylaýar.” -- diýip öwünmegi gowy görýärler.Olarda okamak höwesi gowşaýar. Bäşinji klasda watançylyk, öz watanyň kuwwaty, ýaraglary bilen öwünmek häsiýeti güýçlenýär. Olar özleriniň mekdebini, mugallymlaryny öwmegi gowy görýärler. Emma garşydaşy bir zat aýtsa, kes-kellämi ylalaşmaýarlar. Öz sözüni tassyklamak üçin ýalan sözläp başlaýarlar. Garşydaşy bilen şuňa meňzeş meselelerden uruş, dawa. Oňşuksyzlyk başlanýar. Mugallym bäşinji klasyň okuwçylaryny ýekeje minudam gözünden salmaly däl,.Olary köpräk işletmeli... Altynjy klasyň okuwçylary öz essinde bolmaýarlar. Oglanjyklarda erkeklik mäzleri kämmilleşýär. Gyzjagazlarda aýal bolmagyň tebigy möwsümi başlanýar. Olar özlerinde öň hiç haçan bolmadyk geň-taň ýagdaýlar bilen başagaý bolup geçýärler. Okuwçylar juda ýalta, geleňsiz, ýalançy bolýarlar. Olar ozleriniň ýalançylygyny ýaşyrmak üçin, uly adamlaryň öýuna, pikirine gelmeýän pyrryldyklary tapýarlar. Mugallymy ata-enä garşy goýýarlar. Mysal üçin, mugallym bir temany düşündirende, „dogry, dogry” diýen bolup başlaryny ýaýkap otursalar-da, mugallym olara „bulara gaty gowy düşünip, diňläp otyrlar” diýip aldanaýmaly däl. Sebäbi olar „dogry, dogry” diýip otyrkalar başga bir mojuk, garagol pikiri krllelerinde aýlap oturandyrlar. Mugallym altynjy klasdaky okuwçylaryň hilesine aldanman, gaýta olary şol ýaşdan başarjaň alyp çyksa, olara diňe ýagşylyk eder. Ýedinji, sekizinji klasyň okuwçylary bedenleriniň güýjüne bäs gelip bilmeýärler. Olary diňe talap, talap, mugallymyň sabyrlylygy, ýürekdeşligi saklap biler. Olaryň mertebelerini saklamaly. Olaryň matlaplaşyn betçiliginiň öňüni alyp, kellelerini galdyrtma, diňe ýazdyrmaly. Dokuzynji klaslar kämil adamlar. Olarda söýgi ýaly näzik duýgular başlanýar. Mugallym olar bilen juda seresap bolmaly. Köpräk geçirimlilik etmeli. Olaryň söýgi, namys, ar duýgularyny aýamaly. Şol wagtda öz pikiriňem ornaşdyrmaly. Onunjy klasyň okuwçylary hemişe agyr pikirde bolýar. Olarda „ Nirä okuwa gitmeli? Haýsy gyzy saýlap, söýmeli Öýde, obada öz mertebäňi nädip päk saklamaly?Nädip gowja okap, döwlet synaglaryny gowja tabşyrmaly?” diýen ýaly müňde bir pikir, müňde bir alada başlarynda bolýar. Mugallym bu klasyň oglan-gyzlaryny dost tutunmaly. Diňe bular däl, mugallym her klasyň oglan-gyzlary bilen ot-elek bolup işlemeli. Meniň bujagaz aýdanlarym umumy psihologik ekskursiýa. Esenow başyny galdyrman ýazyp oturyşyna, -- Sen bu aýdanlaryňy bir ýerden okadyňmy, ýa-da, çen-çak bilenmi? Mergen açylan işige seretdi. -- Okadymam, halypalaň tejribesem bar. Öz pikirimem bar.Ýöne hemmesi däl. -- Awkat iýeliň!—Içeri palowyň tagamly ysy kürsäp urdy. -- Getiriberiň, atam! | |
|
√ Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024 |
√ Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024 |
√ Janserek -6: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Gala -6: Ýeriň aşagynda gäwüşeýän ýylanlar - 16.02.2024 |
√ Janserek -8: romanyñ dowamy - 13.04.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |