07:42

Köne mülk -28/ romanyň soňy

2.

Mergen duralgada geçýän maşynlara elini galdyryp duran ýaş gelni görüp, maşyny saklady. Soň kabinany açyp:
- Geliň! Münüň!—diýdi.
Ol bir gujagyndaky çagasyna, birem el bulaýan şofýora seretdi-de, gelip,
- Men Aşgabada barýan. Meni alarmysyňyz—diýdi-de, birdenem garaluw ýaly owadan gözlerini balkyldadyp, aňňalyp galdy. Birhaýukdanam:
-- Mer-ge-en!—diýip, howsalaly aýtdy. Sen-mi?!
Mergen maşynyndan düşüp, birneme kirlek görünýän holpuk, ýygyrt-ýygyrt köýnegiň içinde ejiz, biçäre görünýän gelin bilen howlukmaç elleşdi-de, baryp onuň goşa, agyr çemodanyny getirip, maşynyň yzky oturgyjyna goýdy.
- Mün, Oguljan. Menem Aşgabada barýan. Bileje gidibereris!—diýdi.
Hawa, ol gelin Oguljandy. Mergeniň nijeme ýyllar gijeler ýatmanlar zaryny çeken Oguljanydy. Mergen ony bu halda görüp, gaty aljyrady. Şonuň üçinem serhet sakçylarynyň "ala agaç” diýip, pasport barlaýan saklawyna çenli sesini çykarmady. Olara geçmäge rugsat berdiler.
-- Mergen, öýlenjek bolaňokmy?—diýip, Oguljan ilki habar gatdy. Mergen onuň ýüzüne seretdi-de, başyny ýaýkady.
Oguljan elindäki çagajygyny ynjalykly ýatyryp, demini gussa bilen uludan aldy.Soň gaýraky depelere seredip goýberdi.
- Menem, şeýdip, yzyma gaýtmaly boldum. - Ol aglaýardy. - Bary biderek eken.
- Hä, näme boldy?—diýip, Mergen howsalaly sorady. Ýöne soranyna ökündem.
Gaty gowy günümiz bardy. Göz boldumy, dil boldumy?! Hemmesi puç boldy. Baryna-da Şanazaryň dädesi günäkär.Ol adam kolhozyň ýarym million manatlyk zadyny ogurlapmy?! Ýok edipmi? Onam bilip, kolhozyň giden ammaryny otlajak bolanda tutulypdyr. Ody öçürip, ol adamam milisiýä tabşyrypdyrlar. Şeýdip, ol ele düşdi. Jenaýatynyň üsti açyldy. Sud etdiler. Ogurlan zatlarynyň baryny pula öwrüp, töläp ýerinde goýmaly etdiler. Nireden tölesin. Kolhoz başlygyny, raýonyň wezipeli adamlaryny iýdiripdir. Şolar üçin ýok edipdir. Indem jaýlarynam, maşynlarynam, ybaly goş-golamlarynam ellerinden alyp, degerine, degmezine satdylar. Özüne-de ep-esli ýyl iş kesdiler.Bizem işden çykardylar.
-- Hany, Şanazar?! Hany, Tuwak
-- Olaryňam soňy puç boldy. Tuwaga dädesini barlamaga gelenleriň biri "Men dädeňe kömek ederin” diýse, myhmanhanada şol adam bilen masgara bolup ýatyrka üstlerinden baryp, wejera halda tutupdyrlar. Suratlatyny alypdyrlar.Indi onuň-a ile çykara ýüzi ýok. Ol-a öýdenem çykyp bilenok.
Şanazar-da, raýkomda instruktordy. Bize "Gaýynsyz obadan” iki otagly jaý beripdiler. Ýaňyja bir gowy ýaşap başlapdyk. Şeýdip, höwürtgämiz bozuldy. Şanazaram "Indi obada durarlygym galmady” diýip, bizi taşlap, Jebel diýen ýere daýysynyň ýanyna gidip, şol ýerdäki Awtotransport kärhanasynda nobatçy dispetçer bolup işe ýerleşipdir, Haçan jaň etse, serhoş.Gepinem düşündirip bilenok.
Menem raýkomkomsomolda bölüm müdiridim. Menem işden çykardylar. Onsoň, men şol porsy mekdebe işe bararynmy?! Öýde oturdym, çagam bilen. Boram boşluk. Şu çaga berere ýeke çemçe kaşa tapylanok. Maňa "Sen otyrsyňmy? Günüňi görýäňmi, saňa näme kömek gerek diýýän ýok. Ahyry, çydamadym. Barja goş-golamlarymy alyp gaýtdym.Seniň maşynly Aşgabada gitjegiňi bilen bolsam, olardan gizläp goýanja el halym bardy. Şony ýüklärdim...
Mergen başyny galdyrdy.
-- Seniň „şol porsy mekdebe” barmanyň gaty gowy bolupdyr, Oguljan—diýdi. Mekdep juda mukaddes, keramatly ýerdir. Ol köňli, lebzi çigi kabul emez.
Soň ol tä Gyzylarbat şäherine çenli onuň bilen gepleşmedi.

* * *

Mergen Aşgabada sagat ikilere gelip girdi. Oguljan ýüzüni-gözüni turşudyp, Oguljan nämüçindir, Gyzylarbat şäherindäki awtobus duralgasynda, hoşlaşman, sag boluşman düşüp galdy. Mergen oňa Aşgabada çenli alyp gideýin, diýip näçe özelenipler aýtsa-da, ol gelni raýyndan gaýtaryp bilmedi. Şonuň üçin Mergen tä Aşgabada çenli içini hümledip geldi. Bu oňa kemem bolmady.
Mergen ýolboýy Marlen, Anna kel aga barada oýlandy.
Ol Marleni başda kän bir halamasa-da, soň oňa gaty öwrenişdi. Rejep aganyň "Ol katty mojuk bala” diýmesine seretmän kän sapar öýüne alyp geldi.Marleniň özem soň Mergeniň öýüniň düzgüni, mal-gara, Rejep aga bilen öwrenişdi. Mergen ýolboýy Marlenden geçilýän sapaklary soraýardy. Oňa türkmençe gürlemegi, adamlar bilen gatnaşyk etmegi öwredýärdi. Onuň ýollardaky taky-takysyny Marlen aldy. Kem-kemden mugallymynyň raýyna girdi.
Ol klasda däl, tutuş mekdepde saýlanyp başlady. Şu çärýegiň başynda ol mekdebe bir aýal bilen geldi.
-- Mugallym, Nebitdagdan ejem gelipdir. Ol meni alyp gitjek bolýar.—diýipdi. Mergen Marleniň ejesi bilen gürleşdi. Ol aýal özüni Moskwa, ýokary komsomol mekdebine okuwa iberpýändiklerini aýtdy.
-- Men oglumy bu ülhit garrylaryň ýanynda goýup gidip biljek däl,alyp gitjek.
Mergen näme diýsin?
-- Aý, görüň!—diýdi. Özi welin gynandy. Ine, indem, Marlen oňa”Mugallym, men yzyma alyň” diýip zol-zol hat ýazýardy. Ýöne Mergen bu ýere ýaman niýet bilen getirilen oglanjygyň ýüreginde mähribanlyk yşgalaňjagazyny ýakandygyna begenýärdi. Marlene bolsa "Biz tutuş klasyň bolup seniň tomsuna ýene gaýdyp geleriňe garaşýarys, Marlen!” diýip hat ýazdy....
Mergen maşynyny uniwersitetiň garşysynda goýup, özi okuw jaýyna girdi.Bu uly okuw jaýynda geçen iki ýylda üýtgän zat ýokdy. Ol kadrlar bölümine girip mundan iki ýyl öň bu okuw jaýyny tamamlanlra diplomy nirede berýändiklerini sorady. Tanyşmy, nätanyşmy, bir rus aýaly „Ikinji gatda. Okuw bölüminiň garşysyndaky 24-nji otagdadyr” diýip salgy berdi.
Mergen ikinji gata çykyp, diýilen otaga bardy. Adam kän däldi. Mergen nobata durdy. Bir gyz goluny çekdi-de, diplomyny alyp gapa bakan ýöneldi.
-- Salam!
Mergen ziňkildäp gitdi. Ol bu tanyş sese ýalt edip gyza seretdi. Onuň ýüzi gyzyň ýüzüne düşenden, ol gyzyň pyýala ýaly gözlerinden Mergeniň ýüregine nähilidir bir kuwwatly zarba atylyp, ýigidiň kükregine zalp bilen urlup giren ýaly boldy. Mergen bir salymlap deminem alyp bilmedi. Ol iki egnini titredip dem aljak boldy. Bolmady. Onuň ysgyny gaçdy. Gözlerigaraňkyrady. Ýüregi tutuş otagy tarkyldydan dolduryp atygsady. Ol öňde duran stoluň ýanyna ölümiňöýünde baryp, ondan ýapyşdy.Ol öz adyny, atasynyň adyny aýtdy. Emma onuň diline hiç kim düşünmedi. Ýöne onuň uzadan haty bilen, gol çekdirip, diplomyny, ýokary bilimliligini aňladýan ýaşylja rombigi berdiler.Ol zatlar üçin puluny töledi.
- Hany, hälki gyz, puluny tölemändir-ä! Baryň, aýtsaňyzlaň, gelsin, tölesin. Ol nyşanynam almandyr-a.
Mergen az-kem açylyşdy.
Menden alaýyň. Nýşanynam beriň.
Mergen işikden çykyp barşyna diplomyny açyp, maňlaýyna degirdi.
„Filolog, dil-edebiýat mugallymy!”
Onuň bar hyýaly, pikiri-zikiri hälki gyz bilen giden ýalydy. Ol aşakky gata ylgady. Hälki gyz diwardan asylan suratlary synlap duran eken. Ol Mergeni görüp, oňa bakan ýöneldi.
Salkam—diýip, Mergen edil ýüregi agzyndan çykyp barýan ýaly, haşlap aýtdy—Siz nyşanyňyzy alman gaýdan ekeniňiz. Ine, maňa berdiler. Alyň! Bu-da oňa tölenmeli puluňyzyň kagyzy.
Näçe tölediňiz—diýip, ol gyz Mergene seretdi.
--Sähelçe-le!
--Taňry ýalkasyn!
-- Bolýar!
Mergen ol gyza ýene seretdi-de doňup galdy.Uzyn boýly, ak ýüzli, gara gözelek gyz tanyş ýylgyrdy.
-- Senem biziň kursumyzdanmyň?
Ol gyz ýylgyrdy-da başyny atdy.
-- Näme, meni tanamadyňmy?
Ol gyz ýalançyny ýaz edip ýylgyrdy.
Salam berip geçeniňde sesiňden tanadym. Ýöne sen gaty üýtgäpsiň.
-- Gowulygamy, ýa tersine?!
-- Gowulyga! Öň ýüzüňizi asyp, Oguljan bilen tirkeşer ýörerdiňiz.
-- Indi nähili?
--Indi, nurana, syrdam, şadyýan! Ýanyňyzda-da Oguljan ýok.
Mergen baş atdy.
Onda adymam bilýänsiňiz/
-- Ýok, adyňyzy bilemok.
-- Menem siziň adyňyzy bilemok.
-- Meniň adym—Göwher!—Gyzyň ýaňaklary nar ýaly boldy.
Mergen ýylgyrdy.
-- Men Mergen Ataýew. Oba mugallymy!
Göwheriň owadan gözleri maral gabaklarynyň astynda gizlendi.
--Men işläp bilmedim!
Mergen geň galyp, gyzyň gussa çökmeden az-kem kölegelenen ýüzüne seretdi.Soň onuň yzy bilen uniwersitetiň jaýyndan daşary çykdy.
-- Näme boldy?!
Göwher diplomydyr torjagazy tutup duran akja, uzyn barmaklary bilen, misli ýüzündäki hesret kölegesini sylýan ýaly, sag ýaňagyny sypap goýberdi-de, owadan gabaklaryny aşak goýberdi.
-- Näme diýsemkäm! Okuwy gutaranymyzdan soň meni Ýasmansalygyň mekdebine dil-edebiýat mugallymy edip işe iberdiler, Men işe başlan badyma-da, kakam bir ýarawsyzlyk tapyp, iki ýyllap düşekde, agyr ýatdy. Ejem golaýymyzdaky bakjada aşpezdi. Onsoň, men kakama seretmeli boldum.
-- Mergen başyny gynançly silkdi.
-- Indi kakaň nähili, gutuldymy?
Göwheriň dolan Aý ýaly ýüzüne ýene kölge indi.
-- Kakam jan, ýogaldy. Düýn alty aýyny belläp, sadaka berdik.
-- Yzy ýarasyn, bolmandyr! Ejeň gowumy?!
Göwher gusssasyndan açylyşman:
-- Kakam ýogalansoň, ejemem birhili sus bolup galdy. Gijeler ýatyp bilenok. Beýle bolar öýtmändik-dä. Doly dünýämiz boşap galdy. Indem, hiç kimimiz ýok.Ejemem indi işläp bilenok. Menem ony taşlap işe çykyp bilemok. Güzeranam aňsat däl. Indi, Ýasmanam bolsa, işe giräýmesem. Diplomym-a aldym. Ýöne, ejemem gaýgy-da. Men-ä, birhili aljyrap galdym.
Mergen oýa batdy.
-- Häzir sen nirä gitjek?
Göwher eline seretdi.
-- Bazara degjek. Ejem, "Üzümjagaz, erik, ýumurtga bolaýsa” diýip otyr. Sadakadan soň hiç zat iýip bilenok.
-- Bazardan soň nirä gitjek?
-- Öýe—diýip, Göwher Mergeniň ýüzüne geň galyp seretdi.
--Öýňüz nirede?
--On altynjy mekdebiň gündogaryndaky howluçylykda.
Mergen elini günbatara salgady.
-- Ýörüň!
Mergen ýoldan geçip barýan Göwheri saklady.
-- Göwher, ýoldan geçme, gel!
Ol öňe düşüp, baryp maşynynyň öň gapysyny açdy.
--Göwher Mergeniň ýüzüne begençlje bakdy.
-- Maşynyňyzam barmy? Özüňiziňkimi? Gutly bolsun! Täzeje eken!
Göwher Mergene howlularyny görkezdi.
-- Maşyny howla salyp bolarmy?
-- Bolar-la! Duruň, men derwezäni açaýyn.
Mergen maşynyny howla saldy.Soň maşynyň yzyny açyp durşuna:”Maňa kömekleş” diýdi.
Göwher maşynyň yzyndaky bedre-bedre ir-iýmişi görüp begendi.
-- Kime? Satmagamy?
Mergen ýylgyrdy.
--Alyberiň. öz mellegimizdendir!
Ol bir bedre üzüm, bir bedre erik, bir bedre ýumurtga, üç litrlik bankada gaýmak, ep-esli süzme, sogan, kartoşka çykaryp gapdala goýdy.
Göwher munça zady görüp, birhili aljyrady.
- Ýok, Mergen, men munça zady alyp biljek däl. Ejem name diýer.
Içerden inçesagt, ýüzi solgun aýal çykdy.Ol Göwhere:
- Göwher, kim ol – diýip dözümli ses bilen habar gatdy.
Göwher bedre-bedre bolup duran zatlara ajyraňňy seredip durşuna:
- Kursdaşym, Garrygaladan diplomyny almaga gelipdir. Maşynymy howluňyzda goýaýaýyn—diýýär. –Ol elini ýerde ýaýylyp ýatan zatlara uzatdy.—Bize goýýar!
Ol Mergene nirede, nädip duşanyny, aralarynda näme gürrüň bolanyny ejesine bir demde gürrüň berdi.
-- Bulary nädeli, eje?!
-- Gadyr edilip berlen zadyň ýüzüne urmak bolmaz.Soň bahasyny beräýeris.—Ol aýal Mergene garady.—Öýe giriň, köşek!Bi käse çaý iç-ä.
Mergen boýun gaçyrdy.
-- Sag boluň, gelneje. Meniň ýene barmaly ýerlerim bar. Soň, öýe ýetmeli. Mem: ”Şu gün gelerin” diýipdim.
Ol birhili özelendi.
-- Sen Garrygalaly bolsaň, Menem alyp git Garrygalka, ölmänkäm
Mergen ýylgyryp, başyny atdy.
-- Bolar! Onda men birki ýere baryp gelýänçäm, siz taýýar bolup oturyň, derrew gelerin. Men seni Garrygala alyp gideýinem, gezdirip, haçan diýseňiz ynjytman yzyňyza alybam geleýin...
Ol Jümmi mugalymynyňka, Rejep aganyň oglunka baryp, olara melleginde biten miwelerden dadyrdy.Dükanlara aýlanyp, öýe gerek-ýarak zatlary alyşdyrdy. Garrylara kişmiş, kişde, süýji, köke satyn alyp, Göwherlere geldi.
Mergen Göwheri göreli bäri, birhili ýüregine kuwwat gelen ýaly bolup gitdi. Onuň häzirem şol gyzy göresi gelip, ýüregi atygsap durdy. Özem, ýüreginiň teýinden bir buýsançly begenji bar ýaly duýgy güsürdäp-güsürdäp, aňyna urýardy. Tutuş duýgusy, pikiri Göwhere tarap dyzaýardy.
Göwherleriň derwezesem, işigem açykdy. Içerde Göwheriň ejesiniň bir özi şaýyny tutup, garaşyp oturan ekem.
-- Geldiňmi, Mergen jan!
Mergen ony gyssady.
--Gelneje, taýýarmysyňyz?Hany, meniň kursdaşym görünenog-a?
Göwheriň ejesi gussalyja gepledi.
-- Mergen jan, Göwheriňem gidesi gelýä. Menem:”Öýi ýeke goýmaly, gyzym” diýdim. Onsoň, ol "süýji-köke bir alaly” diýip, dükana çykdy. Näme diýseňem, oba ýeridir-dä, eli boş barmaýyn.-da.
Mergen dogumly gepledi.
-- Sizem, Göwherem gitmeli, gelneje. Men size ýüregimi açaýyn. Meniňem başga hiç kimim, ne eje, ne kaka, ne dogan,ýokdur.Begenen günüm,ýekeje gün öýüme baryp, soň, halamasaňyz, ine, maşyn, gaýdyberiň.
Göwheriň ejesiniň gözüniň owasy ýaşdan doldy.
--Wah, bizem özüň ýaly, onda. Bizde-de, ne ogul, ne hossar, ne howandar bar.
Göwher dükandan geldi.
-- Göwher, gyzym, hany geýin. Mergen jan”Göwher gitmese bolmaz” diýip otyr. Bolýa-la, gidibereli-le. Hudaý bardyr-la. Öýüň, howlynyňam bir zady bolar. Men goňşulara jaň edip tabşyrdym.
Göwher öýe bakan guş bolup uçdy...
Maşyn ugrady. Şäherden çykylansoň Göwheriň ejesi Mergeniň ýüzüne seretdi.
-- Onsoň, Mergen jan, sen ol ýerde näme kär edýäň?!
Mergen aýnadan maşynyň yzky oturgyjynda oturan Göwheriň Aý ýaly näzikden eziz ýüzüne buýsanç bilen seretdi.
-- Men obada mugallym, gelneje!
Göwheriň ejesiniň agzy gyşaran ýaly boldy.
-- Wah, wah, oba-da gursun, şu mugallymçylygam gursun-da, Mergen jan, özüň gül ýaly çaga, bu ýaş başyňa nämäňe derkardy, o zulum kär. Bu gyzyň kakasam, mugallymdy-da, görgüli. Mugallym dileniň itiň garyby, iliň sansyzy bolýan eken!
Olar oba barýançalar Göwheriň ejesi mugallymçylykdan, obadan zeýrenip gitdi.
- Wah, ondan-a, düşewüntlije ýerde garawul bolanyňam ganymat-da.. Meniň bu çakyzamam ýene gaýtalajak bolýa-da, men bu ýerleriň obasynda, gijeler ýatman nädip gezerkäm, dogan?!
Gijesine ilkinji sapar ýola düşendigi üçin maşyny ýuwaşja, ynjytman sürýärdi. Olar sagat onlara oba geldiler.
Myhmanlara aşakky gatda çaý- nahar berdiler. Soň olara ikinji gatdaky iki adamlyk krowatdan ýer salyp berdiler.
Nobaraly aga ikinji gatam edil öňki otaglar ýaly, gowňy, Marynyň haly fabriginde dokalan, on metr kwadratlyk, türkmen halylary, gowy tutular bilen bezeme kemini goýmandy. Indi bu otaglary görmäge göz gerekdi.
Mergen myhmanlaryna hajat jaýyny, hammamy görkezip, özem ýatmaga gitdi.
"...Ol irden turup, ýuwunyp, kabibetine geçip işläp oturka, işik ýuwaşja açyldy. Ýigit pikirli başyny galdyrdy-da:
-- Göwher!-diýip, ýaýbaň kreslosyndan syçyrap turdy.—Ejeň nähili?-- Göwheriň uýaljaň, begençden buldurap duran gözleri pynhanlyk bilen balkyldady.
- Ejem, indi näçe aýlap ýatyp bilmeýän halyna, ýatan-turan ýerini bilmän, guş ýaljak uklap ýatyr-a.
Ol soň öňünde tolgunmakdan ýaňa uçaýjak bolup oturan ýigidiň elinden tutdy-da:
-- Otaglary, mellegiňi, mallaryňy gördüm, gaty ajaýyp, eken, gutly bolsun! Bary özüňkimi?!—diýdi.
Ýaş ýigidiň kalbynyň düýbünde bilniksiz otly wulkanlar ýaly bolup, çyrpynyp ýatan yşk apaty duýdansyz parlap gitdi-de, özüni duýman gyzy bagryna basyp:
-- Göwherim, bary seniňki—diýdi.
Göwher bolsa algyr bürgüdiň demine düşen sarç sülgün ýaly, zygyrdap durşuna, demi-demine ýetmän, üzlem-saplam:
-- Ikimiziňki bolsun!—diýip ýetişdi.” - diýip, Mergen indi köpden bäri ýazyp ýören "Oba mugallymy” eserine iň soňky nokady goýdy-da, gyzyň çykyp giden işigine bakan ylgady.

Soňy.

Aşgabat, 31-nji mart 2009 ý. Sagat 18 30.
Категория: Romanlar | Просмотров: 248 | Добавил: Haweran | Теги: Öwezdurdy Nepesow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Romanlar bölümiň başga makalalary

Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Gala / roman - 08.02.2024
Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024
Gala -8: Duşuşyk - 16.02.2024
Hakyň didary -2/ romanyň dowamy - 28.02.2024
Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Janserek -2: romanyñ dowamy - 13.03.2024
Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024
Hakyň didary / roman - 28.02.2024
Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]