12:25 Köňlüm | |
KÖŇLÜM Ýeňil şöhratlardan, aňsat eklençden, Özüňi aýagyn, aýagyn, köňlüm. Bilini bükeldip barýan gojanyň, Saklaş elindäki taýagyn, köňlüm. Ody pesdir alawlaman köräniň, Gadyry başgadyr ilde könäniň. Perzendin ýitiren naçar enäniň, Alnyndan ogly dek daýagyn, köňlüm. Ýönelige düşýän däldir serden saç, Ýagşylara ýakyn durup, pisden gaç. Ýaý berip ugrasa miweli agaç, Oňa direg bolup söýegin, köňlüm. Il ýagşylyk etseň bor howandaryň, Halal zähmet bilen etgin mydaryň. Bir mejalsyz ýatan ejiz jandaryň, Aşmaga süýreşgin süýegin, köňlüm. Durmuş ýaşaýyşdyr, ýaşanňa deger, Ajysyn-süýjüsin dadarsyň meger. Solgun roýlara duş gelseň eger, Şapaga batyryp boýagyn, köňlüm. Röwşen TAGANOW. | |
|
√ Laçynyň sesi / goşgyň terjimehaly / Goşgular - 02.02.2023 |
√ Göwün ýüwürtme / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Землетрясение / Goşgular - 13.02.2023 |
√ Şol günden soň / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Сон пророческий / Goşgular - 19.01.2023 |
√ Ykbalmy bu?! / Goşgular - 10.02.2023 |
√ «Хорошо одному у окна!..» / Goşgular - 05.01.2023 |
√ На смерть Якубовича / Goşgular - 25.01.2023 |
√ Han ýaly ýaşa! / Goşgular - 08.02.2023 |
√ Gyş arzuwy / Goşgular - 16.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |