18:25

Kosmik Birleşik: Başlangyç / hekaýa

KOSMIK BIRLEŞIK: BAŞLANGYÇ

BS UNIVERSE

Bu gije Stiwgold şäherçesinde güýçli ýagyş ýagýardy. Şäherçäniň ilaty süýji ukyda ýatyrdy, ýöne şäherçäniň çeträgindäki öýleriň birinde dört kişi heniz uklanokdy. Olar özara söhbetleşip, kompýuterde wirtual reallykdaky üç ölçegli oýun oýnaýardylar. Olar iki erkek we iki aýaldy. Jeýkob bilen Aleksandra hem-de Maýkl bilen Eleanora är aýaldy. Her iki maşgala biri birine garşy oýnaýardy. Oýunyň ady "Hazynalar planetasy", bu oýny ady belli Fortidýudsofts kompaniýasy öndüripdi. Oýun gyzykly we özüneçekijidi. Aleksandra atly aýal garşydaş maşgalanyň agzasy Eleanoranyň pikirini okady. Eleanor oýunda garşydaşlaryna bildirmän olaryň kosmos gämisine girip, olaryň kosmos gämisini ýok etmegi pikir edipdi. Aleksandra onuň bu pikirini okap muňa taýynlyk gördi we ol Eleanora gizlin ýerde garaşdy. Eleanora assyrynlyk bilen olaryň kosmos gämisine girende Aleksandra gizlenen ýerinden çykdyda Eleanorany oýundan çykardy. Oýundan çykan Eleanora gahar bilen wirtual gözligini aýyrdyda:
- Aleksandra sen meniň geljegimi nädip bildiň? Ýa-da sen ýene telepatiýa şlemiňi geýip pikirlerimi okadyňmy?-diýdi.
- Eleanora bagyşla, bu sapar şlemsiz boldy, muňa özümem haýran. Men bu sapar şlem bolmasada seniň pikirleriňi okadym.
- Bu nädip beýle bolup biler? On ýyl ozala biz başga planetalylaryň kömegi bilen dürli täsin ukyplara eýe bolupdyk. Soň olar bizden ol ukyplary yzyna alyp, bize ylym öwretdiler. Ol ylmyň kömeginde bolsa biz yzyna alnan ukyplarymyzyň öwezini doljak kömekçi enjamlary ýasadyk. Soň bolsa...
- Soň bolsa ol başga planetalylar özlerini heläklediler... - diýip Maýkl aýalynyň sözlerini dowam etdirdi.
- Hawa ýöne men bu gezek kömekçi enjamsyz Eleanoranyň pikirini okadym. Edil ilki başda ukyp bagyş edilen wagtdaky ýaly.
Gürrüňdeşligi diňläp duran Jeýkob hem wirtual gözlügini çykaryp aýaly Aleksandra seredip:
- Onda bu ýöne ýere däl. Oýunymyzy goýalyňda munyň sebäbini anyklamaga girişeliň -diýdi.
Ähli oýunçylar oýundan çykdy. Olar oýuny we kompýuteri öçürdiler.
Jeýkob:
- Aleksandra sen telepatiýa şlemisiz Elanoranyň pikirini okandygňy aýtdyň, meniňem pikirimi şlemsiz okamaga synanşyp gör!
Eleanora uzak eglenmän:
- Ezizim, seniň garnyň ajygypdyr. Sen iýer ýaly birzat bolmagyny oýladyň - diýdi.
- Bäh, hawa men edil şony oýladym. Sen şlemsiz pikir okaýan bolsaň biz hem öz kömekçi enjalarymyzsyz başaryp bilermikäk. Maýkl seret sen şu telewizoruň pultuny telekinetika elligiňsiz ýokara galdyrmaga synanş!
Maýkl ,,Hany synanşyp göreýin!" diýdide, gözleri bilen pulta seretdi we sag elini kellesine degirip pultyň ýokara göterilmesini oýlady. Pult ýokara galyp, howada muallak şekilde durdy.
- Maýkl, haýran galaýmaly! Saňa hem kökeçi enjam gerek bolmady. Telekinetika elligi bolmasada telekinez bolduň! Eleanora indi seniň nobatyň, sen portal açyjy enjamy ulanman, otagyň bu çetinden hol aňyrky çetine teleportasiýa etmekçi bol!
Eleanora duran ýerinden başga ýere teleportasiýa bolmagy hyýal etdi. Ol hem hiç hili enjamsyz muny başardy.
Jeýkob:
- Üçiňizem hiç hili kömekçi enjamsyz başaryp bilýän bolsaňyz, diýmek maňada wagt maşyny gerek bolmaz. Mähribanym Aleksandra, bize garbanar ýaly birzatlar taýynla ýarym sagatdan gelerin.
Jeýkob hiç hili wagt maşyny bolmazdan otuz minutlyk geljege düşdi. Bu otuz minudyň içinde Aleksandra garbanar ýaly birzatjyklar taýýarlapdy hem-de olar üç bolup Jeýkobyň gelerine garaşýardylar.
Maýkl:
- Jeýkob, dostum biz hiç hili kömekçi enjamlarsyz, ýene öz ukyplarmyz bilen bile... Munyň sebäbi nämeka?
- Gynansakda munuň sebäbini bilemok. Hany garbanaly. Soň munuň sebäbini gyzyklanyp göreris.
Olar iýip-içip boldular welin, Jeýkobyň el telefonyna jaň gelýärdi. Jaň edýän kişi şol meşhur Fortidýudsoft kompaniýasynyň prezidenti Sendred Geýzenbergdi.
- Alo, Ajaýyp Dörtlük adatdan daşary toparynyň serdary Jeýkob Kýort sizi diňleýär.
- Alo. Salam Jeýkob. Ýagdaýlaryňyz gowumy?
- Jenap Geýzenberg, ýagdaýlarymyz gowy. Özüňiz gowmy, kompaniýaňyzda işler ýerbe-ýermi?
- Hawa Jeýkob, hemmesi gowy. Sizlik bir hyzmat bardy?! ...Edil hyzmat diýip hyzmatam däl...
- Näme hyzmat? Çekinmäň jenap, biz elimizden gelen kömegi etmäge taýýar!
- Onda size ertir Nýu Ýork wagty bilen 11:00-da kompaniýa binasynda garaşýan. Bar zady şonda gürleşeris.
- Ok. Biz razy.
Telefon söhbetdeşligi tamamlandy. Jeýkob el telefonyny stoluň üstünde goýduda, jenap Geýzenbergiň aýdanlaryny ýanyndakylaryna gürrüň berdi.
Bu dördüsi ,,Wonderfour (W4)" adatdan daşary halas edijiler toparydy. Olar takmynan on ýyl ozal planetamyzy başga planetaly gelmişekleriň çozuşyndan halas edipdi.
Ertesi güni aýdylan wagt ýetip geldi. Täsin ukyolara eýe bolan gahrymanlarymyz teleportasiýa enjamynyň kömeginde Fortidýudsofts kompaniýasyna geldiler. Olary kompaniýa prezidenti Sendred Geýzenberg garşy aldy. Olar hal ahwal soraşyp bolansoň Jeýkob gürrüňe başlady.
- Jenap Geýzenberg näme hyzmat bilen bizi çagyranyňyzy soramazdan ozal, ilki birzady habar bereýin. Biz indi hiç hili kömekçi enjamsyz öz adatdan daşary işimizi ýerine ýetirip bilýäs. Bu ýagdaýyň biziň saglygymyza zyýanly täsiriniň barmy ýa-da ýokdygny anyklamak üçin bizi superkompýuterleriňizde barlag etmegiňizi haýyş edýäris!
- Çyndanam size hiç hili kömekçi enjamlar gerek dälmi?
- Hawa.
Jenap Geýzenberg olary superkompýuterde barlag edip, olaryň saglygyna oňaýsyz täsir etjek hiç hili howpuň ýokdugny aýtdy. Soňra bolsa olary näme maksatda çagyrandygny aýtdy.
- Men sizi bu ýere çagyrmagymdan esasy maksat, planetamyzdaky size meňzeş ähli adatdan daşary ukyby bolan adamlary jemläp ,,Kosmiki Birleşik" toparyny döretmek. Toparyň esasy maksady planetamyzy dürli howplardan goramak. Elbetde häzirki wagtda göze ilýän uly bir howp ýok, ýöne biz muňa birlikde jemlenip taýýar dursak gowy bolar, onsoňam siziň kömekçi enjamlar bolmasa hem täzeden adatdan daşary ukyba eýe bolmagyňyzyň sebäbi, öňümizde uly bir howpuň bardygynyň alamaty bolup biler.
- Jenap, bu örän ajaýyp meýilnama ahyry. Tebigat goragçylary toparyna hem bu barada habar bereliň. Olar birnäçe ýyl ozal global maýlama we başga ekologik problemalara garşy ajaýyp meýilnama döretdiler. Olaryň meýilnamasy planetamyza örän uly peýda getirdi.
- Biz bireýýäm olara hem habar ugratdyk. Ýakyn wagtda olar hem bize goşularlar...

Soňy.

Baýramgylyç SAPARGYLYJOW.
Категория: Mistika we fantastika | Просмотров: 210 | Добавил: hanturebs | Теги: Baýramgylyç Sapargylyjow | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Mistika we fantastika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]