BÄŞINJI FASYL: ATA-ENÄNI SYLAMAK HAKYNDA
Oglum, bizi ýaradan Alla dünýäni abat saklamak üçin nesliñ dowamlylygyny ýola saldy we muña haýwanlaryñky ýaly heserli duýgyny sebäpkär etdi. Diýmek, sagdyn düşünjä gõrä, perzent õz barlygynyñ sebäpkärine hormat we sarpa goýmalydyr, onuñ asly bolsa ene-atadyr.
Sen: " Ata-enemiñ maña näme dahyly bar? Olaryñ maksady men däl-de õz duýgularyny kanagatlandyrmak bolupdyr ahyryn" diýmegin. Maksady heserli duýgylaryny kõşeşdirmegem bolsa, olar seniñ üçin õlüme gitmäge-de taýýardyrlar. Bu bolsa hyjuwly duýgydan has belentdir.
Ene bilen atany sylamagyñ iñ bärkije zerurlygy: olaryñ ikisi-de sen bilen seni ýaradanyñ arasyndaky güwäçilerdir. Diýmek sen õzüñi we ýaradany sylaýan bolsañ õz güwäçileriñe-de hormat goýmalysyñ.
Akyly bolan perzent hiç haçan ata bilen enesini unutmaz. Allatagala õz Kitabymecitinde şeýle diýýär: "Allatagala sygynyñ, pygambere sygynyñ we õz emirleriñize sygynyñ"
Bu süräni telim hili düşündiripdirler. Olaryñ birinde men şeýle bir zada düşündim: "emirler" ene-atadyr, çünki arap dilinde emir sõzüniñ iş we emir diyen iki manysy bardyr, buýrukdyr ygtyýary bolan adam emirdir. Ata bilen enede bolsa ygtyýaram bardyr, buýrugam. Buýruk- iýdirip içirmekdir, ygtyýaram- asylly gylyklary õwretmekdir.
Oglum, ata-eneñ gõwnüne degmegin, olaryñ ýüregine bitmez ýara salmagyn, çünki Ýaradan ata bilen enäni ynjydana agyr jeza berýändir. Allatagala şeý diýipdir: "Sen olara tüf diýme, olary ynjytma, olara hoş sõzler diý!"
Mõminleriñ emiri Alydan ( goý, Alla ondan razy bolsun): "Ata bilen enäniñ haky nähili bolmalydyr?" diýip soranmyşlar. Olam: "Onuñ nä derejede bolmalydygyny Allatagala pygamber aleýhissalamyñ ata-enesini õleninde gõrkezipdi. Çünki olar pygamber aleýhissalamyñ pygamberlik dõwrüne çenli ýaşan bolsalar pygamber olary hemmeden ileri tutardy" diýip jogap beripmiş. Şonda onuñ "Men Adam atanyñ perzentleriniñ iñ sarpalysydyryn ee munda hiç bir tekepbirlik ýokdur" diýen sõzi bärden gaýdýardy.
Diýmek ata-enäniñ hakyny dini jähtden sylamasañ-da akyl-paýhad ynsanperwerlik nukdaýnazaryndan bir sylagyn. Ata-ene seni jan dil bilen sõýen adamlardyr. Sen olaryñ gõwnüne degseñ hiç hacan ýagşylyk gõrmersiñ. Çünki gõze gõrnüp duran ýagşylygyñ gadryny bilmeýän adam adam galan ýagşylygyñ gadryny nireden bilsin?! Gadyr bilmezek adama ýagşylyk etmek nadanlykdyr. Perzentleriñ saña nähili rakyp bolmaklaryny isleseñ senem ene ataña şonça rakyp bolgun! Seni dogran nämäni arzuw edýan bolsa senden õnjek hem şony arzuw eder.
Malu-dõwlet jähtden garyp bolsañ-da akyl paýhas tarapdan baý bolmaga çalyş, çünki akyl paýhas baýlygy mal baýlygyndan has gowudyr akyl bilen mal toplap bolar, mal bilen akyl toplap bolmaz. Nadan adam tiz garyp düşer emma akyl paýhasy ogry hem alyp gidip bilmez, suwdur ot hem mizedip bilmez.
Şeýlelik bilen, akylyñ bolsa hünär õwrengin çünki bilimsiz akyl lybassyz tendir ýa-da bikemal adamdyr. "Bilim akylyñ aýnasydyr" diýip, dogry aýdypdyrlar.
Dowamy bar.
Keý-KOWUS
|