00:38

Kowusnama -6: Kiçigöwünlilik we bilimiñi artdyrmak barada

KIÇIGÕWÜNLILIK WE BILIMIÑI
ARTDYRMAK BARADA

Oglum, bilip goýgun, hünärsiz adamlar sütüni bolup, kõlegesi bolmadyk mugilan agajy ýaly peýdasyz bir zatdyr, olardan ne õzlerine peýda bardyr, ne-de başgalara. Asylzada kişiler hünärsiz bolaýanlarynda-da, at owazalarynyñ arkasyndan il içinde hormatdan mahrum däldirler. Ne asly, ne hünäri hiç zady bolmadyklaryñky has-da ýamandyr. Eger sen asylly, at-owazaly adam bolsañ, õz şahsy hünäriñ, şahsy şõhratyñ bolmagyny hem gazangyn, çünki şahsy şõhrat miras düşen at-owazadan has gowudyr. "Abraý mirasda däl-de, akyl bilen edepdedir." diýip õñkiler dogry aýdypdyrlar. Beýiklik aslyñ kimliginde gelip cykyşyñda däl-de, akyl-paýhasyñda, başarnygyñdadyr.
Bilip goýgun, sen ata-eneñ şõhratyna buýsanmaly dälsiñ, çünki ol daşky bezegdir. Hakyky at-owaza õz zehiniñ, ukybyñ bilen gazanylýandyr, şonda seniñ adyñy "Zeýt" "Jepbar", "Muhammet", "Ahmet", ýa-da ýõnekeý "agam" diyip tutman, "ussat" "alym", "fagih" diýip tutup ugrarlar. Eger asylzada kişiniñ õz ukyby, õz abraýy bolmasa, ol hiç kimiñ derdine ýaramaz. Emma sen kimdir birinde bu iki häsiýeti gõrseñ, oña berk ýapyşgyn, sypdyrmagyn, çünki ol uly ile gerekdir.
Ýene bir zady bilip goýgun, senetler içinde iñ ajaby dilewarlykdyr. Hõkümi güýçli ynsany ähli mahluklaryñ iñ gowusy edip ýaradyp oña on sany duýgy eçilipdir ( olaryñ bäşisi bedeniñ içinde, bäşisi hem daşynda ýerleşýär. ) Şeýdibem ony ähli janly jandardan belentde goýupdyr. Gizlin ýatan bäş duýgy bolsa eşitmekden, gõrmekden, ys almakdan, tagam bilmekden we syzmakdan ybaratdyr. Bu duýgylaryñ haýwanlarda duş gelýäni adamlaryñky ýaly däldir, başgadyr. Şoña gõrä-de ynsan beýleki janly-jandardan rüstemdir we olaryñ üstünden hõkmürowanlyk edýändir.
Bulara düşünen bolsañ, indi diliñi owadan gürlemäge, ýakymly sõzlemäge ram etdirgin, ýagşylykdan başga zady adat etdirmegin, çünki dile nämäni ret etdirip, nämäni õwretseñ, ol hemişe şony aýdar. Bir zat bolsa: "Bugdaý nanyñ bolmasa, bugdaý sõzüñ ýokmudy?" diýilýändir.
Haýsy hünäriñ eýesi bolsañ-da, ýerini bilip gürlemäni oñargyn. Ýersiz ýere diýilen sõz, hernäçe owadan bolsa-da zoñtar geler. Peýdasyz sõzlerden gaça durgun, çünki peýdasyz sõzlerden hemişe zyýan geler. Ýalan kakýan, dür saçmaýan sõzler aýdylmasa, has-da gowudyr. Dana kişiler sõzi şeraba meñzedipdirler, ol adamy hem mes edip hemem meslikden açyp bilýär.
Gürle diýilmese gürlemegin, soralmasa maslahat bermegin, aýratyn hem nesihata gulak asmaýana õwüt beriji bolmagyn.
Beýle adamyñ õz õzi ýykylyp galar. Ýat adamlaryñ içinde hiç kime nesihat bermegin, ýat adamlaryñ arasynda ýakyn dostuñ üstünden gülmegin, ony kiçeldiji bolmagyn, "Adamlaryñ arasynda õwüt bermek gyjalata barabardyr" diýipdirler.
Hoş sõze hernäçe gysyklyk etseñ-de gurbuñ çatsa, zat seçmäge gysylmagyn, çünki adamlar gury sõze garanyñda, pula kän ýykgyn edýändirler. Şübheli ýerlerden daşrakda durgun, betnam dostdan, ýaramaz ýola düşen ýoldaşdan ara açgyn. Aýyp işe baş goşmagyn, barýan ugruñy bilip ýõregin, birden gõzlenip tapmaly bolaýanyñda-da, ryswa bolmaly bolmasyn.
Islän wagtyñ tapar ýaly, zadyñy goýan ýeriñi bilgin.
Gam gussaña il begenmez ýaly, senem iliñ gam gussasyna begenmegin, adalatly bolsañ saña-da adalatly bolarlar. Hoş sõzli bolsañ, senem hoş sõz eşidersiñ. Şor ýere tohum sepmegin hasyl bermez, emgegiñ reýgan bolar, namart kişä ýagşylyk etmek şor ýere tohum sepen ýalydyr. Ýagşylyk eden adamdan ýagşylygyñy gaýgyrmagyn, oña hemişe ýagšylyk etmäni õwretgin, çünki pygamber aleýhissalam: "Ýagşylyk õwreden adam ýagşylyk eden adam bilen deñdir" diýipdir.
Ýagşylyk etgin, ýagşylyk õwretgin, çünki bular biri- birinden aýrylmaz ekiz taýdyrlar.
Ýagşylyk edeniñe õkünmegin, çünki ýagşylygyñ üçinem, ýamanlygyñ üçinem hakyñy o dünýä gitmänkäñ bererler.
Bir adama ýagşylyk etseñ, şol adam näçe hoş bolsa şonça hoş bolarsyñ, ýamanlyk etseñ ol näçe ynjasa seniñ hem kalbyña şonça yza we ynjy aralaşar. Şonuñ üçin sen hiç kime ýamanlyk etmegin. Dogryñdan gelseñ birine zyýan edeniñde õzüñ hem gyýylýandygyña ýagşylyk edeniñde õzüñ hem lezzet alýandygyña gõz ýetirmek kyn däldir. Diýmek "ýagşylyk bilen ýamanlygyñ hakyny sen o dünýä gitmezden burun, bu dünýäde alarsyñ" diýen sõzlerim durşy bilen dogrudyr. Hiç kim meniñ bu aýdanlarymy ýalana cykaryp bilmez. Kimde-kim õmründe bir gezek birine ýagşylyk ýamanlyk eden bolsa meniñ mamladygyma gõz ýetirerler. Diýmek başarsañ hiç kimden ýagşylygyñy gysganmagyn.

*HEKAÝAT. Eşidişime gõrä, Mutewakiliñ Fath atly diýseñ gõrmegeý, şadyýan sowatly we terbiýeli bir guly bolupdyr. Mutewakil ony ogullyk alyp õz çagalaryndan hem eý gõrýän ekeni.
Fath ýüzmäni õwrenmegiñ küýüne düşüpdir. Guwwaslar çagyrylyp oña Tigrde ýüzmäni õwredip başlapdyrlar. Fath juda balaja bolansoñ ýüzmäni gõwün berip õwrenip bilmändir. Ýõne çaga endigine gõrä, ýüzüp bilýän kişi bolupdyr. Günlerde bir gün ol guwwaslara duýdurman Tigre gidipdir we bara barmana õzüni suwa urupdyr. Suw õrän çasly akýan ekeni. Şonuñ üçin Fathyñ başy aýlanyp ugrapdyr. Fath suwa hõtde gelmejegine gõz ýetirip õzüni onuñ ygtyýaryna beripdir we adamlaryn gõzünden ýitýänçä akymyñ ugry bilen ýüzüp gidipdir. Suw sanlyja salymyñ icinde ony allaowarradan cykarypdyr. Tigriñ kenarynda birgiden çukanak bar eken Fath şol çukanaklaryñ biruniñ duşundan ýüzip barýarka güýjünde baryny edip õzüni şol çukurlaryñ birine atypdyr. Ol şol ýerde oturşyna õzüne: "Gõreli Alla soñuny nädýärkä, häli häzirlikçehä men õzümi ganojak suwuñ penjesinden sypdyrdym" diýipdir. Ol şol ýerde ýedi günläp oturypdyr.
Ilkinji gün: "Fath suwa düşüp gark boldy" diýip Mutewakile habar berenlerinfe ol tagtdan düşüp õzüni lampa aşak gõýberipdir. Guwwaslary cagyryp olara "Kimde-kim Fathy õli ýa diri alyp gelse onuñ müñ dinar baýragy bar" diýipdir. Ol şondan soñ tä Fathy alyp gelýänçäler duz datmazlyga ant içipdir. Guwwaslar Tigre gidip õzlerini suwa urupdyrlar
Ahyrsoñy ýedinji gün diýilende ýüzüjileriñ biri hälki çukanagyñ üstünden barypdyr. Ol Fathy gõrüp diyseñ begenipdir we: "Sen bu ýerde otur men gaýyk alyp geleýin" diýipdir.

Dowamy bar.

Категория: Pedagogika we edep-terbiýe | Просмотров: 522 | Добавил: Nurdan | Теги: Keý-Kowus | Рейтинг: 4.7/3
Awtoryň başga makalalary

Pedagogika we edep-terbiýe bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]