21:25

Kümede ýaşadym

KÜMEDE ÝAŞADYM

Kümede ýaşadym, elkin ýaşadym,
Maňa hemdem boldy dag bilen depe.
Ýaşadym unudyp bar ünjüleri,
Terkidünýä deýin ýaşadym ýeke.

Kümäniň daşynda bir töňňejikde
Goşgy ýazdym oturyp men galaba.
Dagda şahyr boldum şol kümejikde
Bar duýgymy salyp kagyz-galama.

Giden bir ýaýlady kümäniň ardy,
Güller ýele tolkunýardy ýaz pasly.
Kümäň gapdalynda çeşmejik bardy,
Daşdan-daşa towsup akýardy çasly.

Her gün çeşmejige dodagyn basyp,
Teşneligim gandyrardym mazaly.
Ýekelik ýüregme düşdi meň basym,
Gün-günden gaçyryp keýpi-mazamy.

Bir günem bardym-da çeşmäň boýuna
Ýöräberdim onuň bilen bileje.
“Kümede ýaşamak, erkin ýaşamak,
Nämä gerek boldy, aý gögeleje?”

Diýip soraýan deý menden çeşmejik
Towlanyp-towlanyp akýardy batly.
Men bolsam sykylyk çalyp barýardym,
Göwnüme bu pursat hemme zat şatdy.

Çeşme akyp, söküp dagdyr deräni,
Ençe wagtlap özi bilen entedip,
Yzda goýup meň dagdaky kümämi,
Yzda goýup jülge-zawlaň ençesin...

Ahyr obaň bir çetinden saldy-da,
Soňra biraz dynjyn alyp oturdy.
Ýekeligiň girdabyndan aldy-da,
Adamlaryň arasyna getirdi.
Категория: Goşgular | Просмотров: 151 | Добавил: Haweran | Теги: Durdymuhammet Gurban | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 13.01.2024
Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024
"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Gumlygelin  
8
Käte şeýle ýalñyzlygy, rahatlygy ýüregiñ küýseýär. Ýöne kalbyñ çeşmesi ili tarap akmasa ýaşap bolmajak eken.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]