11:06

Kürenim

KÜRENIM

Başy bulutlara dirän dagym sen,
Şatlansam şatlygmy guçan, Kürenim.
Ilki gözüm açyp gören dagym sen,
Gamlansam göwnümi açan, Kürenim.

Etegi sonarlyk, dumanly seri,
Çeşmeleriñ bardyr gözýaşdan dury,
Çarwalaryñ saýlan ýazlag ýerleri,
Sagyña-soluña göçen Kürenim.

Ähli ýerde eşdilýändir sarsgyny,
Çal umgalañ, aýraklaryñ mesgeni,
Aran kişi gelibersin gös-göni,
Myhmanyna gujak açan, Kürenim.

Gök daraýy arça bilen basyrlan,
Gatlarynda ýatyr mukaddes syrlar,
Nalasyny diñläp ençe asyrlañ
Müñ ýanyp, müñ gezek öçen, Kürenim.

Küren dagym Balkan bilen sepleşip,
Otyr göýä geçirýän dek gepleşik,
Dereleriñ, jülgeleriñ üýtgeşik,
Müşki-anbar ysyn saçan, Kürenim.

Hajyly ŞAMÄMMEDOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 304 | Добавил: Medinilla | Теги: Hajyly Şamämmedow | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«В ушах два свиста: шёлка и метели!..» / Goşgular - 27.01.2023
Как листья в осень / Goşgular - 06.01.2023
Süýnen ýyldyzym / Goşgular - 06.01.2023
Tümlük, içgepletme hem-de ýekelik / Goşgular - 22.01.2023
«По нагориям…» / Goşgular - 22.01.2023
Unutdym / Goşgular - 08.01.2023
Çopantelpek / Goşgular - 06.01.2023
«Что было год назад? всё то же…» / Goşgular - 03.01.2023
«Посадила яблоньку…» / Goşgular - 23.01.2023
«Друзья свободного искусства…» / Goşgular - 11.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]