19:06 Kyblam | |
KYBLAM Dogulamda ele alyp, begenip, Diýensiňiz: "Enaýyja, tokgaja..." Ondan soňam ýadymda kän saparlar Bolanlarym arkaňyza hopbaja. Ýykylsam elimden tutup, galdyryp, Diýmezden ulaltdyň sözleň paýyşyn. Çaga isleglermi tutup nazarda Kemin goýman bitirerdiň haýyşym. Kaka! Ýarym asyrdanam aşypdyr, Ykbalyň kerweni, ömür möçberi. Ýok, bu ýoluň soňy diýildigi däl, Entek bile kän menziller geçmeli. Manysy-da bolmaz sensiz ýaşaýşyň, Gelmez durmuş ýollaryny aşasym. Dilimde senadyr Hakdan dilegim: "Bagtymyza kakam uzak ýaşasyn!" Bergili men, bize sarplanyň üçin, Şol ýarym asyry - ýel bolup şuwlan. Indi galan ömrüňize el gatyp Men ömrümi berjek! Boljak men şuglaň! KYBLAM!!! Baky AMANÝAZOW. | |
|
√ Günäsizlerim / Goşgular - 15.01.2023 |
√ Gyş / Goşgular - 01.01.2023 |
√ "Ölen wagtym ymykly öldüriň meni..." / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Tümlük, içgepletme hem-de ýekelik / Goşgular - 22.01.2023 |
√ «Когда вы стоите на моём пути…» / Goşgular - 06.02.2023 |
√ Saňa duşup... / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Двух – жарче меха! рук – жарче пуха!..» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Jogabyny tapyp bilmedik sowalym / Goşgular - 08.02.2023 |
√ «Там, в полусумраке собора…» / Goşgular - 14.01.2023 |
√ «Когда я одинок и погружён в молчанье…» / Goşgular - 04.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |