01:48

Kysasyl enbiýa -2: Benijanyň wakasynyň beýany

BIRINJI KYSSA

BENIJANYŇ WAKASYNYŇ BEÝANY

Allatagala: «Biz jynlary nury we garaňkylygy bar bolan otdan ýaratdyk» di‎ýdi. Ol oduň nurundan perişdeler, garaňkylygyndan bolsa jynlar peýda boldy. Ol oduň çogundan Abyljyn döredi. Ol jynlar taýpasynyň atasydyr. Perişdeler Allatagalanyň ybadatyna meşgul boldular we olar günäden päk galdylar. Garaňkylygy bar bolan tütünden peýda bolanlar günä işleri etdiler. Olar bozuklyga ýüz urup, dogry ýoldan azaşdylar we iman-yslamdan daş düşdüler. Emma oduň çogundan peýda bolan jynlardan periler we döwler emele geldi. Nurdan peýda bolanlaryň käbirleri iman-yslama kaýyl boldular, beýleki birleri kapyr bolup, azaba sataşdylar.
Abdylla bin Apbas (goý, Allatagala ondan razy bolsun!) şeýle rowaýat edipdir: Abyljynyň ady Surma eken. Onuň perzendine Benijan diýip at berdiler. Olar köp wagtlap ýeriň ýüzünde galdylar. Allatagala bulary iman-yslama ündedi. Olardan Tanus atlysy perzentleri bilen yslama girdiler. Olar bir döwür ömürlerini iman-yslam bilen eşretde we parahatlykda ötürdiler. Bir döwür otuz müň ýyla deňdir. Ýene bir döwürde olaryň käbirleri bozuk işlere ýüz urup, günä işlere meşgul boldular. Ýene bir döwürde olaryň hemmesi bozulyp gitdi. Dogry ýoldan çykanlaryň hemmesi Allatagalanyň dürli azaplaryna duçar boldular. Olara Jelýanus atly birini ýolbaşçy bellediler. Allatagala bulara emrine tabyn bolmaklygy bu‎ýurdy. Emma olaryň az sanlysyndan başgalary dogry ýola düşmediler. Onsoň Allatagala: «Her bir zat öz durkuna gaýtarylýandyr» diýip, bulary ýok etmek isledi. Bularyň bozuk ýoly tutanlarynyň hemmesi ölüp ýok boldy. Emma Allatagalanyň emrine boýun egenlere hiç zat bolmady. Olar sag-salamat galdylar. Olara özlerinden Mälik atly birini häkim edip goýdular. Tiz wagtdan bularyň sany köpeldi. Hus atly birini olara serdar edip bellediler. Ol ylmy we akyly bilen hemmelerden tapawutlanyp, köp wagtlap häkimlik etdi we jynlary ýagşy işlere ündemekde hem ýaman işlerden saklamakda berk nyzam tutdy. Elgaraz ol Allatagalanyň rehmetine mynasyp boldy. Emma bularyň käbirleri ýagşylygyň gadryny bilmän, ýene günä işlere ýüz urup, dogry ýoldan azaşdylar. Olar elhenç azaba sezewar bolup, dowzahyň Jehim diýen bölümine düşdüler. Allatagala olaryň üstüne birnäçe perişdäni iberdi. Perişdeler bilen olaryň arasynda köp jeň-jedel boldy. Perişdeler jynlaryň köpüsini öldürdiler. Jynlaryň diri galanlary gaçyp, her haýsy bir adada gizlendiler. Ondan soň dünýäni perişdelere berdiler. Azazyl hem şu perişdeleriň biridi.
Ýene bir rowaýatda şeýle diýilýär: Allatagala bir görnüş janawarlary ýaratdy we olara dünýäniň ýüzüni berdi. Bu wakadan ýedi müň ýyl geçensoň Haktagala Benijany ‎ýer ýüzüne häkim edip goýdy. Onuň golastyndakylar hem ýedi müň ýyl ötensoň günä işleri etdiler we köp gan dökdüler. Allatagala dünýäni bularyň elinden alyp, ýene perişdelere berdi. Bular hem dünýäni ýedi müň ýyl sürdüler. Olaryň içinde hem Azazyl bardy. Onuň atasy şir keşpli Jelis, enesi bolsa böri şekilli Telbisdi. Azazylyň başga bir adyny Iblis diýip tutardylar. Azazyl Benijanyň taýpasyndandy. Ol köp ybadat ederdi. Şonuň üçin ony perişdeler ‎ýerden asmana alyp çykdy. Azazylyň ol ýerde hem işi ybadata meşgul bolmak boldy. Onuň mertebesi perişdeleriň arasynda gün-günden artdy. Azazyl perişdelere ylym öwretdi we ylymlaryň syrlaryndan habar berdi.

• ÝERIŇ ÝÜZÜNDEN ATLAS PELEGINE ÇYKYLMAGYNYŇ BEÝANY

Bu waka perişdeleriň ýer ýüzüne gelip, jynlar bilen uruş edenlerinden soň bolup geçdi.
Iblis çola ýere çykyp ybadata meşgul boldy. Perişdeler onuň takwalygyny görüp: «Eý, Taňrym! Bu ýerde saňa yhlasly bir bende bar. Şony bize berseňiz. Ol asmanda bolmaga laýykdyr» di‎ýdiler. Allatagala bularyň dilegini kabul etdi. Perişdeler Azazyly birinji gat asmana alyp çykdylar. Ol ýerde Azazyl müň ýyl ybadat etdi. Ondan soň Mälik Ryzwan ony Allatagaladan diläp, jennete getirdi. Azazylyň işi bu ýerde hem müň ýyl tagat-ybadata meşgul bolmak boldy. Soňra ony Mälik dowzah diläp alyp, dowzaha getirdi. Ol her dowzahda müň ýyllap ybadat etdi. Soň ony Arşy Mejide alyp geldiler. Ol bu ýerde hem müň ýyl ybadata meşgul boldy. Oňa ýakutdan bir münber ýasap berdiler. Azazyl bu münbere çykyp, perişdelere köp wagyz-nesihatlary etdi.
Elkyssa, ylymlar Azazylyň başyna nurdan dykylandy. Köp perişdeler ol münbere çykanda onuň ündewini diňlemek üçin ýygnanardylar. Şeýdip, ol Arşda hem perişdeleriň arasynda uly sylag-hormata mynasyp boldy.
Perişdeler Azazyly Arşy Mejide alyp gelen wagtynda, Benijan – jyn ogullary dagy azlykdy. Olar adalardan yzlaryna dolanyp jemlendiler we köpeldiler. Olaryň sany artyp dünýäni tutdy. Ýöne, olar Allatagala ybadat etmeklikden ýüz dönderdiler. Şol wagt Azazyl Allatagaladan dileg etdi: «Eý, Taňrym! Meni ýere iberseň, men Benijan taýpasyny seniň ýoluňa ündesem?!». Allatagala onuň bu dilegini kabul etdi we ony ýer ýüzüne iberdi. Azazyl ýerde jynlara köp wagyz-nesihat etdi. Emma olaryň köp bölegi Azazyň ündewini kabul etmedi. Jynlaryň az sanlysy dogry ýola düşdi. Azazyl kapyr jynlaryň üstüne Sahlut atly birini: «Benijan günä işleri etmegini goýup, dogry ýola düşsün» diýip, ilçi edip iberdi. Benijan Azazylyň teklibini kabul etmedi we Sahluty öldürdiler. Ondan soňra Azazyl onuň üstüne Ýusup atly birini ilçi iberdi. Benijan bu ilçini hem öldürdi.
Elkyssa, ol onuň ýanyna jemi sekiz ilçi iberdi. Benijan olaryň ýedisini öldürdi. Sekizinji ilçi Benijanyň elinden gaçyp, Azazylyň ýanyna gelip, oňa bolup geçen wakalary aýdyp berdi. Azazyl Allatagalanyň permany bilen goşun tartyp, Benijan taýpasynyň köpüsini gyrdy. Olaryň diri galanlary gaçyp, adalara siňdiler we şol ýerlerde mesgen tutundular. Allatagala Azazyla birinji gat asmanyň häkimligini we jennetiň hazynasynyň açaryny berdi. Azazyl islese jennete çykyp, islese ‎ýere düşüp, islese hem asmana galyp, tagat-ybadata meşgul boldy. Azazyl şunuň ýaly uly derejä ýetdi. Ýöne, ol wagtal-wagtal öz-özüne: «Eger Allatagala Hudaýlyk işini başga birine tabşyrmak islese, elbetde ony maňa bererdi» diýmekligi çykardy.
Günlerde bir gün perişdeleriň birnäçesi Lowhul-mahfuzda: «Perişdeleriň biri Allatagalanyň emrine boýun sunman, Taňrynyň ebedi näletine sezewar bolar» diýen ýazgyny gördüler. Olaryň her biri bu näletiň öz boýnuna düşmeginden gorkdular we bihuş bolup ýykyldylar. Olar özlerine gelenlerinden soňra, Azazylyň ýanyna geldiler we bu wakany oňa aýdyp berdiler. Şeýle hem olar Azazyldan: «Biziň bu näletden aman bol-magymyz üçin Taňrydan dileg edip ber!» diýip, haýyş etdiler. Azazyl: «Eý, Taňrymyz! Bu günäsiz bendeleriňi beýle beladan päk sakla!» diýip, dileg etdi. Emma ol özüni bu näletden uzakda tutdy we dilege özüni goşmady. Ol şundan soňra tagat-ybadat etmegini taşlady. Hergiz ol ybadata meýil etmedi.
Azazyl bir gün jennetiň gapysynda bir hat gördi. Ony Hudaýtagala özüniň gudratly galamy bilen ýazypdyr: «Biz bir bendäni uly hormat-mertebe bilen ‎ýerden asmana getireris. Ahyrynda oňa bir iş buýranymyzda, ondan ýüz dönderer. Şol sebäpden ol ebedi nälete sezewar bolar. Biz oňa dowzahyň azabyny görkezeris».
Azazyl bu ýazgyny görüp, müň ýyl ybadatyny taşlamady. Ol her gezek seždeden başyny göterende bu ýazga gözi düşerdi. Her gezek ol: «Şol näletkerde melguna ýüz müň nälet bolsun» diýerdi. Emma bu nälet ahyry onuň özüne düşdi. Häzir hem bir kişi başga birine nälet aýtsa ýa-da gargasa, ol nälet we gargyş onuň özüne düşýändir.
Категория: Halk döredijiligi we rowaýatlar | Просмотров: 175 | Добавил: Haweran | Теги: Nasyreddin Rabguzy | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Halk döredijiligi we rowaýatlar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]