08:41 Lebap, hoş indi!.. | |
LEBAP HOŞ INDI! "Biz gitdik, sen galdyň, Lebap, hoş indi!" Seýitnazar Seýdi Saňa ýürek sözlerimi diýeýin: Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi! Bäş ýyl geçip gitdi bäş sagat deýin, Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi! Köýteniňden şypa tapdyk — kän gezdik, Ýazlap ýaýlalaňda, derýaňda ýüzdük, Bilýän, nije myhman alansyň biz dek, Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi! Sende dostlar tapdyk, gazandyk gardaş, Ogullaryň — dogan, gyzlaryň — syrdaş, Ýigrim ýedi däl-de, hemmämiz — bir baş, Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi! Ýok, bu goşgy hasrat däl, gaýgy däl, Bu — söýgimiz! Bu — adaty söýgi däl, Sende doly ynsanlaşdyk, öwgi däl, Biz gidýäs, sen galýaň, Lebap, hoş indi! Ýagşu-ýaman ýatlamalaň pursady Entek kän-kän bezär durar gursagy. Wah, elde bolsady, wagtam dursady... Nätjek-dä... Gitmeli... Lebap, hoş indi! Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024 |
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Победителям / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||