21:58 Lukmanym sähra | |
LUKMANYM SÄHRA
Gurbanyň bolaýyn, türkmen sährasy, Şeýle giň sen, göwni ýaly enemiň. Ynjasam, Bu ýürek gozgalaň tapsa, Kem göremok gujagyňa gelenim. Goýnuňda şeýle bir göwnüm açylýar, Bar zady, Bar zady söýesim gelýär. Ýaňlandyryp Hydyr gören goýnuňy: “Bagtly men, adamlar!” diýesim gelýär. Gygyrasym gelýär bar sesim bilen, Goý, meni geňlese geňlesin iller. Görýän däldir ýaşaýyşyň gyzygyn Bu giden sähranyň dälisi däller. Aşygyň men, Mejnunyň men, eý, sähram, Meni doguraňda şeýle dogrupsyň. Bir haýyşym, Göwün açmaň emini Galagoply şähere-de öwret sen. | |
|
√ Жизнь / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ "Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |