00:13 Magtymguly Pyragy Watan waspçysy | |
MAGTYMGULY PYRAGY WATAN WASPÇYSY
Watan söýgüsi. Her bir ynsanyň kalbynda apalany, iň bir mukaddes hem lezzetli duýgy. Watanyny söýüp bilmedik özünem söýüp bilmese gerek. Sebäbi Watan ynsanyň barlygy. Watan hakyndaky pikir öwrümleri serimde aýlandygyça, Magtymguly atamyzyň: Hor bolmasyn puştda-puşdum Berkarar döwlet islärin - -diýen setirleri biygtyýar serime doldy. Watanynyň berkarar bolmagyny arzuw eden, onuň dag-düzüni, deňizlerini, gül-gunçasyny gara gözüniň garasyna deňäp söýen akyldar şahyryň her setiri gyzyla barabar döredijiliginde Watan söýgüsi, Watan waspy dilinden düşürilmändir. Magtymguly Pyragynyň ähli puşduna arzuw eden berkarar döwleti bu gün gurlup, maksatlara ýetilen ajaýyp döwrümize buýsanç ýüregime üýtgeşik duýgy bolup doldy. Edil şol pursat Arkadagly Serdarymyzyň: "Watan diňe halky bilen Watandyr" diýen sözleri gulagymda ýaňlandy. Beýik ynsanlaryň baş barlygy eziz Watany, il-güni bolýandyr. Olar Watanyny beýgeltmäge, il- gününiň asuda durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge tutuş ömrüni bagş edýärler. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly "Mertler Watany beýgeldýär. Watan hem mertleri beýgeldýär." Hakykatdanam, Watan mert Ogullaryny beýgeldip, taryh gatlaryna ebedi möhürleýär. Ynsan kowmunyň ähli nesillerine olaryň beýik işlerini heňňamlardan aşyryp ýetirip durýar. Ýyl ýa-da asyr geçdikçe bolsa, olaryň abraý-mertebesi hasam beýgelýär. Magtymguly Pyragynyň adyny, Arkadagly Serdarly, Gahryman Arkadagly eziz Türkmenistanymyzy bu gün dünýä ýüzüniň tanamagy hem Milli Liderimiziň sözlerine aýdyň mysaldyr. Şeýle beýikleriň nesli bolmak kalbymda mähriban Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza egsilmejek buýsanç duýgusyny oýaranynda, kalbymyň sesi zybanyma doldy "Biz çyndanam bagtly ynsanlar!" Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |