22:53 Magtymguly Pyragy - zyban nagşy | |
MAGTYMGULY PYRAGY – ZYBAN NAGŞY
Ismim düşdi ilden-ile, Nagş ederler dilden-dile. (Magtymguly Pyragy) Bakan ýerine bagt bolup seredýän, gadam basan ýerinde gül-gülzarlyk döredýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýurt Baştutanlygynda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde türkmeniň ägirt şahsyýetlerine, keramatly söz mülküniň eýeleri bolan beýik söz ussatlaryna diýseň uly sarpa goýulýar. Olaryň taryhda bitiren işleri we döreden dür setirli dürdäne eserleri içgin öwrenilip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ebedileşdirilýär. Şeýle ussatlarymyzyň biri hem şygryýet äleminiň parlak ýyldyzy hasaplanýan akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragydyr. Dana atamyz Magtymguly Pyragy ajaýyp şygyrlary bilen diňe türkmen edebiýatynda däl, eýsem dünýä edebiýatynda hem özüniň öçmejek yzyny goýan şahyrdyr. Onuň pähim-paýhasa ýugrulan goşgulary her bir ynsanyň köňlüne sahawatlylyk nuruny çaýýar. Şahyryň islendik şygrynyň içinden watansöýüjilik, ynsanperwerlik, haýyr-yhsanlylyk, rehimdarlyk ýaly duýgular eriş-argaç bolup geçýär. Jeýhun bile bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň, Gül gunçasy, gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Ussadymyz Magtymguly Pyragy döredijilik bilen meşgullanýan şahyrdyr ýazyjynyň nusgalyk halypasydyr. Onuň bize miras galdyryp giden nurana şygyrlary bolsa ylham çeşmämiziň akabasydyr. Biz muny şahyr barada döredilen eserlerde hem aýdyň duýup hem görüp bilýäris. Magtymguly Pyragynyň çeper sözden döreden ummanyny guwwaslar kimin ýüzüp geçen Gara Seýitliýew akyldar şahrymyzy şeýle wasp edýär. Ýüreklere ýürek sözün dolduran, Dür söz bilen dünýä özün aldyran, Dünýäniň aşygy dünýäden gitmez, Dünýäň aşygyny dünýä unutmaz. Dünýä durdugyça durar Pyragy, Akyl saçar, söhbet gurar Pyragy. Milli paýhasyň gönezligini ynsanyýet kalbyna guýmagy başaran Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk ýubileý toýuna biziň ata Watanymyz Türkmenistan Diýarymyz bilen bir hatarda bütin dünýä ýüzüniň ýurtlary hem uly taýýarlykly barýarlar. Şahyryň ömür ýoluna we döredijiligine bagyşlanyp halkara derejesinde geçirilýän ylmy-amaly maslahatlar, ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýan döredijilik bäsleşikleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Çünki şahyryň döredijilik meýdanynyň gerimi giňdir we oý-pikirleri çuňňur many-mazmuna eýedir. Bägül NOBATOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň koreý dili mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |