23:03 Magtymgulynyň döredijiliginde dag we dag gözelligi | |
MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ DÖREDIJILIGINDE DAG WE DAG GÖZELLIGI
Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, dünýä edebiýatynyň bolsa görnükli wekili hasaplanýan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga diýseň uly sarpa goýulýar. Ussat şahyrymyzyň ady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da ebedileşdirilýär. Mähriban Arkadagymyzyň “Ynsan kalbynyň öçmejek nury” atly kitabynda: “Beýik Pyragynyň şygryýeti türkmen halkynyň ajap eýýamy hakyndaky garaýyşlarynyň, özbaşdak berkarar döwleti gurmak, adalatlylyk, bagtyýar durmuş, agzybirlik, asudalyk baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň özboluşly beýanydyr” diýen ajaýyp jümleler bar. Gahryman Arkadagymyzyň bu dürdäne sözleri akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, onuň şygryýet dünýäsine goýulýan hormatyň aýdyň nyşany hökmünde orta çykýar. Şahyryň şygyrlaryny içgin okap, oňa ylmy nukdaýnazardan seretmek hut, şahyr aýtmyşlaýyn, ylym dünýäsinde guwwaslar kimin ýüzýän ynsanlaryň paýyna düşýär. Dana Pyragynyň şygyrlarynda ähli temalar biri-biriniň içinden eriş-argaç kimin geçýär. Şahyryň goşgularynda dag gözelligi we dag bilen baglanyşykly dürli meňzetmeler bar. Şahyryň özi bilen baglanyşykly rowaýatlarda hem dag täsinliginiň bolmagy ýöne ýerden däl bolsa gerek. “Gözel tebigatyň aşygy” atly türkmen halk rowaýatynda Magtymguly Pyragynyň gözel tebigatyň aşygy bolanlygy bellenilýär. Ol öz ýurdunyň dag-düzlerine çykyp dürli-dürli goşgulary ýazar ekeni. Ol goşgularda Watan tebigatynyň zynatlylygy beýan edilipdir. Geliň, olaryň käbirine ser salalyň. Magtymguly Pyragynyň “Hasar dagyndadyr” goşgusynda: Hasar dagy beýik bolar, Üsti doly keýik bolar, Mergenlere seýik bolar, Barsaň Hasar dagyndadyr. Kuh erer ýeriň soltany, Göwsünde gurmuş dükany, Üç ýüz altmyş pir mekany, Görseň Hasar dagyndadyr. -diýmek bilen şahyr Atamyz, ýurdumyzyň Balkan sebitinde ýerleşýän Hasar dagynyň ajaýyp owadanlygyny wasp edýär. Goşgudan hem görnüşi ýaly beýik Hasar dagynyň üsti owlak-jerenli, goýny beýik pirli, gujagy desse gülli bolupdyr. Bu ýerde agzalýan kuh sözi “dag” diýmekligi aňladýar. Diýmek onda, daglar bu Zeminiň soltany hökmünde ýüze çykýar. Magtymguly Pyragy bu pikirini “Dag saýar” goşgusynda dowam etdirýär. Daglar ýeriň myhydyr, Depe özün dag saýar. Çekik özün bilbil diýr, Çarlak özün zag saýar. Bu ýerde hem şahyr daglary ýeriň güýjüne meňzedýär. Daglar baradaky meňzeş bu garaýyşlar şygyrlaryň many-mazmunlylygyny has-da güýçlendirýär. Şahyr “dag” sözüni bu ýerde meňzetme esasda ulanypdyr. “Depe özün dag saýar” setirde beýik Pyragy şeýle düşünjeleri, ýagny, käwagt kiçijik zatlar hem özüni beýik ýerlerde görýänligini, köp adamlaryň özünden bihabardygyny orta çykarýar. Dag bilen meňzetme nazaryýetini “Bolar sen” goşgusynda-da görmek bolýar. Belent daglar, beýikligňe buýsanma, Göweçde suw bolan zer dek bolar sen. Tereň derýa, haýbatyňa guwanma, Wagtyň ýetse, guryp, ýer dek bolar sen. Bu ýerde şahyr “daglar” diýip, ulumsy ynsanlary gözöňüne tutýar. Şol sebäpden hem öwüt-nesihat hökmünde gönüden-göni nygtaman daglaryň üsti bilen beýan edýär. Çünki dag daşlarynyň owranmagy netijesinde daglar ýok bolup gidip biler. Edil ynsanyýet babatda hem şeýle. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde dag gözelligi we daglar bilen baglanyşykly dürli metaforalar barmak basyp sanardan diýseň kän. Şahyryň daglar baradaky tema ýüzlenmegi XX asyr türkmen edebiýatynyň söz ussady Kerim Gurbannepesowyň “Daglar” goşgusyna hem öz täsirini ýetiripdir. Kerim Gurbannepesowyň “Pyragyny gören daglar” diýmeginiň aňyrsynda umman kimin many-mazmun, çuňňur oý-pikir bar. Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň daglar baradaky tema köp ýüzlenmegi ýa-da onuň dag-düzlere seýrana ýygy-ýygydan çykmagy şahyryň dagdaky keşbine döremegine getirdimikä?! Häzirki wagtda Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasynda Magtymguly Pyragynyň daga siňen täsin keşbi bar. Dagdaky Pyragynyň keşbi bu ýere gelen her bir syýahatçyny özüne çekýär. Şahyr “Berme pelege” şygrynda şeýle diýýär. Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar, Razy men, üstümden basyp ötseler, “Magtymguly” diýip, adym tutsalar, Gören göz, jort atar, eşden gulaga. Pikir derýasynda akyl gämini taraşlan, ýagşyzada Atamyz, beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň şahyrana dünýäsi geljekki nesilleriň taglymy bolup köňüllerden köňüllere ýol ýasaýar. Gahryman Arkadagly, Arkadagly Serdarly eziz Diýarymyzda Magtymguly Pyragynyň mertebesi belende göterilýär. Şahyryň şanly 300 ýyllyk toýuna hut şu günlerden başlap, taýýarlyk işleri batly depginler bilen alnyp barylýar. Adalat GARÝAGDYÝEWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |