00:07

Magtymgulynyň goşgularynyň tekstologiýasy

Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 1367 | Добавил: Haweran | Теги: Hydyr Derýaýew, Berdi Kerbabaýew, Gurbandurdy Gurbansähedow, Hanguly Taňryberdiýew, Abdylla Myradow, Nagym Aşyrow, Abdyrahman Mülkamanow, Baýrammämmet Ahundow, Beki Seýtäkow, Gylyç Kulyýew, Nury Atdaýew, Hojageldi Hanow, Mäti Kösäýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 16
0
1 Haweran  
411
Nememi... otüki... baýak arada agzalarymyzyň biri "şü mysal getirýän setirleriň Magtymgulyňkydygyny bilýäňmi?.." diýen ýaly edipdi.
Nirde şol agzamyz, ýokardaky aýdylanlar barada pikirini aýdaýsa? Gyzykl-a bolardy.
(Meň çakymça aýdyp bilmez, sebäp: kompyuterde-telefonda ýaýran iki sany elektron kitapda şol kitabyň awtorynyň subýektiw pikirlerini hetjikläp gaýtalamak bilen ýokardaky çykyşlara garşylyklaýynam bolsa pikiriňi aýtmak üçin arhiwleri dörjelemegiň, sahypalary saralan küti köne kitaplary okamagyň dag bilen deňiz ýaly tapawudy bar, munuň özi klawiatura gahrymanlary bolan soňky wirtual "ýazyjylaryň" elinden geljek iş däl).
Bilip-bilmän düşünmejek temalaryňyza burnuňyzy sokmaň, ylaýta-da Magtymgulyly temada (Magtymgulynyň döredijiligine şübhe bildirýän soñky nesil elipden şermendelere degişli).

0
6 Myhman0430  
778
geň galýan: hakykatdanam Magtymgulyň adyna berilýän käbir goşgulara şübhe edýänleri elipden şermende, klawiatura gahrymany, "wirtual ýazyjy" hasaplaýaňyzmy?
men-ä ýöne okyýjy. hakykatdanam elipden şermende.
ýöne A.Tagan, A.tajan, A.Meredow, Zylyha hanym.... dagy olar ýaly däl bolaýmasyn. bir döwür TDU nyň edebiýat kafedrasynyň müdiri bolup işlän (häzir näme işde işleýänini bilemok), Magtymgulyny öwreniji (Magtymgulyşynas sözüni birhiliräk görýän) A.Şyhnepesowdanam (Magtymgulynyň älemi diýen gowy eseri bar) eşitdim şu gürrüňi.

0
2 Bagabat  
43
Şu protokoly ýetireniňize, ýigitler, juda minnetdar! Ýöne, “Sähnä daňylgy öküz görkez: “çöz” diý, “hamynam ýüz” diý” diýlişi ýaly, gepedüşmez kejeňeklere ýüz-ä däl, müň käkeläý - alan galaň, bitiren goşuň bolmaz.
Şuň bilen bagly käbir pikirlemmi goýaýyn:

Atajan aganyň (Atajan Taganyň) “Kyrk ýylda ýazylan kitap” eserini okadym.
Güýçli ýazylan eser.
Her kimiňem öz pikirini beýan etmäge haky bar.
Magtymgululy hem Gylyç Müllili gürrüňleri bolsa, belki öz ynanjydyr.
Isgender Zülkarnaýnyň dellegi hem ahbetin guýa gygyrypdyr diýen rowaýat-a bar, çyn bolsa.
Ýöne, Makedonly Aleksandra “Zülkarnaýn” diýmegem beýle bir takyk dälmikä diýýärin. Bu tahallusyň Mukaddes Kurany-Kerimiň on sekizinji “Gowak” süresinde ذو القرنين‎ – Goşaşahly, Iki şahyň eýesi görnüşinde agzalýandygyny belleýärler. Zülkarnaýn beýik patyşa we takwa dindar, Äjit-Mäjit halklaryny (يأجوج ومأجوج – Zeminde zaýaçylygy ýaýradýanlar, çetki gündogarda ýaşaýan halkyýetler) Kuhy-Kap dagynyň aňyrsyna gabap, olardan beýleki halklary goramak üçin olaryň öňüne daşdan diwar galdyran şa, köp taryhçylar bu tahallusyň astynda Ahemenileriň ilkinji şasy Kuruşy, beýik şalarynyň biri Dariý I-ni we başgalary agzaýarlar.
Ýöne hakykatda Isgenderiň şahy bolmandyr. Sebäbi durmuş Tolkiýeniň ýa-da Roulingiň ertekisi däl. Ol şahly gürrüň bolsa, Isgender Müsüri basyp alandan soň, ol faraon we Müsüriň Ýokary Hudaýy, Gün Hudaýy Amon-Ra-nyň ýerdäki şekili diýlip yglan edilýär hem-de onuň keşbi Müsüriň teňňeleriniň ýüzünde goşa şahly şekilde zikgelenýär.
Şeýlelikde, görşümiz ýaly “degerli subutnamalar” bilen “guýa gygyrmak” ýaly ajaýyp rowaýatyň hem “enesini dula bakdyryp” bolýan ekeni.
Elbetde, Dariý I-ni Zülkarnaýn diýip yglan edýän çaklamany men öňe sürmeýärin. Men diňe şeýle çaklamanyň bardygyny habar berýärin. Sebäbi men ol bendeleriň hiç birinem ýakyndan tanamok. Günde-günaşa oturşyp-turşup ýören adamlarym däl. Onsoňam Dariý I-niň halkyna gan ýuwutdyran hökümdardygynam inkär edip bolmaz.
Ýöne, “Zülkarnaýn” lakamly hökümdar hökmany ýagdaýda “Mat Tereza” bolmalymyka?!
Bu birinjiden.
Ikinjidenem Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halka ýörgünli bolan şygyrlarynyň aglaba köp bölegini ýuwutmakda, näme üçin “Gylyç Mülliçi” edebiýatşynaslaryň aglaba köp böleginiň esasy subutnamasy Atajan Taganyň “Kyrk ýylda ýazylan kitap” atly kitabynda berlen akkrogoşgy bolýar?
Atajan aganyň “Kyrk ýylda ýazylan kitap” ýygyndysynyň juda gyzykly hem ýeňil okalýandygyndanmy nämemi?!
Ylymda, esasanam, filosofiýada, hukuk öwreniş ylmynda “sofistika” diýen düşünje bar.
Şu görnüşde ýazylýan σόφισμα – ussatlyk, başarnyk, hile, pirim diýen manyny aňladýan grek sözlerinden gelip çykyp, bu adalga çekişmede (jedelde) garşydaşyňy bulaşdyrmak ýa-da öz nukdaýnazaryňy ykrar etdirmek üçin haýsydyr bir has çylşyrymly aýdylan pikirlere, çylşyrymly nazary aňlatmalara ýa-da hasaplamalara esaslanmagy aňladýar.
Hukuk öwreniş ylmynyň nukdaýnazaryndan sofistikanyň mysalyny, ine şeýle, logiki (mantyk) taýdan çirksiz pikir ýöretme bilen beýan edip bolar:
Ýabany adamlar - adam!
Zenanlar hem adam!
Ýabany adamlar özlerini monjuk bilen bezeýärler.
Zenanlar hem özlerini monjuk bilen bezeýärler.
Diýmek:
Ýabany adam = Zenan ýa-da Zenan – bu ýabany adamdyr.
Ýa-da sofistikanyň ýene-de bir mysaly:
Maşgala kodeksine laýyklykda är-aýalyň nikaly wagtynda edinen emläkleri olaryň umumy eýeçilikdäki emlägi bolup durýar. Şonuň ýaly-da äriniň ýa-da aýalynyň nikaly döwründe alan karzlary hem olaryň umumy borçnamasy bolup durýar.
Diýmek, sofistikany ulanyp, şu kadadan şeýle netije çykaryp bolýar. Eger-de är-aýalyň nikasy bozulyp, olaryň arasyndaky emläk talaplary ikitaraplaýyn doly kanagatlandyrylmaga degişli edilse, öňem äri aýalyndan ýa-da tersine aýaly ärinden karzyna pul alan bolsa, onda şol karzyň ýarysyny aýaly (äri) umumy eýeçilkdäki emläkden düşýän paýdan özüne özi gaýtaryp bermeli, galan ýarysyny bolsa bergidar är-aýalyň umumy emläginden alyp, karzyny gaýtarmaga hakly bolýar.
Sofistika, ine şeýdip, hemme zady subut edýär.
Ýa-da derňew praktikasyndan (tejribesinden) bir mysal:
Müň goýun ogurlanypdyr.
Bir goýny ogurlanyň günäsi doly subut edilipdir.
Diýmek, galan goýunlary hem şol ogurlapdyr.

0
3 Bagabat  
43
Gylyç Müllüli meselede Magtymguly Pyragynyň adyndan bir akkrogoşgyny Gylyç Mülliniň ýazandygy, onuň öz kakasynyň adyndan Magtymgulynyňky diýip getiren şygyrlarynyň hemmesiniň onuň özüniňkidigini aňladyp bilýärmi?!
Elbetde, biziň hiç birimizem Aýazbabanyň ýokdugyny, her Täze ýylda özüne sowgat getirýän şadyýan gojanyň bolsa ötürtme sakgal-murt dakynan kakasydygyny bäş ýaşynda bilip, dünýeden öýkeläp ýören mön çagajyk däl.
Ýöne, onda-da halkyň aglaba köp bölegi üçin mukaddeslige öwrülen ynançlara hyýanat etmeseň ýagşy.
Gylyç Mülli görgüliniňem adyny beýdip segsen sekiz dürli kapyýada togsan dokuz dürli edilip, ýaýylyp-ýazylyp ýörüleni ýagşy däl.
Jahanyň öňem-ä hapasy az däl, onuň üstüne ýene-de hapa-hupa atyşdyryp durar ýaly.
Hakykat diýilýän zada-da gaty seresap çemeleşmeli.
Eger-de hakykat jemgyýetde şeýle zerur bolan bolsady, onda, Allatagala ynsany düýbünden ýalan sözläp bilmez ýaly edip ýaradardy.
Ol “hakykatçyllyk” bolsa, adatça, belli bir serhede çenli bolýar.
Şol hakykatçylyň özüne galtaşýança.
Munuň ýaly çekişmeler babatda, hakykatda bolan bir wakany aýdasym gelýär.
Lew Tolstoý bilen baglanyşykly.
Günlerde bir gün L.Tolstoý, eýýäm ady diňe bir Russiýa däl, dünýä dolan ýazyjy Astrahanda (Hajytarhanda) özüniň dostunyň öýünde myhmançylykda wagty, ol ikisiniň arasynda jedel döräpdir. Tolstoý özüni diňe adyndan däl-de, ýazyş stilinden hatda ýurduň iň gyrak-bujaklarynda-da tanajakdyklaryny nygtapdyr, dosty ilkinji nobatda onuň adynyň meşhurdygyny aýdypdyr.
Ahbetin jedelde olaryň hiç haýsy biri-birine hiç zady subut edip bilmän, synag geçirip görmek barada ylalaşypdyrlar. Lew Tolstoý özüniň heniz neşir edilmedik hekaýasyny ýanyna alyp, dosty bilen bilelikde ýerli gazetiň redaktorynyň ýanyna barypdyrlar. Olaryň ikisem Lew Tolstoýy tanatman, başga at bilen hekaýany gazete çap etdirmek üçin hödürläpdirler.
Redaktor L.Tolstoýy tanamandyr we hekaýa baradaky pikirini ertesi gün aýtjakdygyny habar berip, olardan ertesi gün redaksiýa gelmegi haýyş edipdir. Ertesi gün olar redaksiýa gelenlerinden soň redaktor bir sagatdan gowrak wagtlap şol hekaýany özüniňki ýaly abraýly gazetde çap etmegiň näme üçin mümkin däldigini subut edip beripdir we hekaýanyň ähli kemçiliklerini birme-bir sanap, L.Tolstoýa başarmaýan işi, ýagny, ýazyjylyk bilen meşgullanmazlygy maslahat beripdir.
A siz bolsa stil diýýärsiňiz!
Magtymguly pirimiz hakda aýdylanda bolsa, Pyragy atamyz indi diňe bir şygyrlar toplumy, nakyla öwrülen setirler däl.
Ol halkymyzyň ruhy gymmatlyklarynyň, simwollarynyň biri, onuň ömri, ýedi ýaşyndan şygyr ýazyp başlamagy, onuň kakasy Azady pir, onuň söýgüsi (goý ol Meňlini alan bolsun, almadyk bolsun, tapawudy ýok), onuň agasy Abdylla babatda ahy-zary...bu zatlaryň bary indi halkymyzy emele getirýän mifologiýanyň aýrylmaz düzüm bölegi.
Şol gymmatlyklar ulgamyny haýsydyr bir çynaberimsiz subutnamalaryň toplumy bilen syndyrjak bolmagam...
Dogrusy, Türkmen aga aýdýar: “Tokaý otla at gazan”, “Guýa tüýkür at gazan”, “Guýa s...ç-da at gazan” diýip...
Ýöne, hökman, bagyşlaň welin, “s..ç..p” ýa-da “tüýkürip” at gazanmalymyka?!
Gowy iş bilen at gazanyp bolmaýarmyka?
Ýa-da öz taglymatyny barmagyndan hem-de özüniň azgyn beýnisinden sorup alan Freýdiň taglymaty çyn bolup, biziň ählimiz, dünýä inenimizden başlap “s..çmakdan” lezzet alýan, ene, ata, uýa, dogan diýen gymmatlyklaryň nämedigini bilmeýän, diňe jynsy höwesiň yşgynda ýaşaýan haýwanlarmykak?!
“Gerostratyň sindromy” bolsa öňem adamlara mälim, ýöne at gazanasyň gelip, adamlaryň haýwany duýgularyny oýarjak bolup dyzap ýatmaly dälmikä diýýärin.
Şu meseläni öňe sürüp, özüniňkini dogry etjek bolýan “edebiýatçylara” meniň-ä aýtjagym: “Eger-de Gylyç Mülliýew hakykatdan-da Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň derejesinde şygyr ýazmagyň hötdesinden gelen bolsa, onda näme üçin biz, häzirki döwürde Gurbannazar Ezizowy, Kerim Gurbannepesowy, Mämmet Seýidowy, Halyl Kulyýewi we türkmen şygryýetine täzelik getiren beýleki ägirtleri tanaýarys, ony welin bilmeýäris?! Hä?!”.
Adamzadyň taryhynda, beýik ýazyjylaryň, şahyrlaryň, dramaturglaryň, nakgaşlaryň...umuman adamzat jemgyýetçiliginiň aňynda galmagyň hötdesinden gelen görnükli şahsyýetleriň aglaba köpüsiniň döredijiligi, iru-giç şeýle jedelleriň bahanasyna öwrülýärmikä diýýärin.

0
7 Myhman0430  
778
Serdar aga, käbir soraglarym bar. daşary ýurt syýasatçylarynyňky (politik) ýaly jogap däl-de, çürt-kesigräk jogap berseňiz begenerin.

1. ýokarky meselede "beýleki pikirdäkiler" ýa-da şol pikiri ilki aýdanlar at gazanjak bolup şeýtdilermikä?
2. eger halkyň aňyna siňenini we ş.m lary hasaba almasaň siz haýsyna ynanýaňyz (aslynda bu birinji sorag)?
3. (bu sorag A.T da hem bar) bizde ýene bir uly şahyryň bolany gowumy ýa has köp goşguly Magtymguly?
4. obýektiwni pikirlenseň, haýsy tarapyň delilleri has ynandyryjy?

0
8 Bagabat  
43
"daşary ýurt syýasatçylarynyňky (politik) ýaly jogap däl-de, çürt-kesigräk jogap":

1. Bilmedim. Sebäbi sowalyň özi belli bir derejede obýektiw jogaby almak mümkinçiligini inkär edýär. Ýagny, subýektiw zat barada obýektiw jogap soraýar - kimdir biri nämedir bir zady gaýranda haýsy matlap, niýet bilen etdi? Kimdir biriniň niýetine doly kesgitlemek üçin oň özi bolmaly ýa-da Hudaý.

2. Men hut halkyň aňyna siňenini hasaba alyp, öz ýazan nukdaýnazarymyň dogrudygyna ynanýan - Gylyç Mülliňki däl-de Magtymgulyňky. Sebäbi ýokarda-da ýazdym - Magtymguly adaty bir, zehinli, hakdan içen, görnükli, meşhur we ş.m. şahyr däl - Ol halkyň ruhy sütüni. Hemme halkda-da bir mahsuslyk bar - halk köpçüliginiň ykrar edenini intelligensiýa ykrar etmeýär. Intelligensiýaň ykrar edýänem halk üçin bir köpük. Ýöne Magtymgulyda welin ony halkam, intelligensiýa-da ykrar edýär. Bizde başga şoň ýaly dörediji - diňe Gurbannazar (bu şahsy pikirim, ýagny subýektiw nukdaýnazarym. Şoň üçinem mundan obýektiwlik gözzemeseňiz dogry bo:p ýatyý :-)).

3. Bizde "ýene bir uly şahyryň" bolmagyna eline pil alyp böwet basýan ýa-da şo uly şahyryň "depä dyrmaşyp barýan aýdyň ýoluna" händek gazan, gazýan, gazjak bamy? Bolubermeli eken-dä, kim oňa päsgel beripdir? Ýa kimdir biri: "şu goşgulaňňy Magtymguly ýazzy" diýip tabşyrmasaň, damagyňy tersine çalýas diýipdirmi?

4. Döredijilik subýektiw - bu aksioma. Şygyr - matematika däl. Onda: "2+2=4" diýip bolmaýar. Subýektiw zada subýektiwem baha kesilýär. Şoň üçinem subýektiw zat hakda obýektiw pikirlenseň, maňa-ha "öz tarapymyň", has dogrusam "özjanymyň" delillerim ynandyryjy. Eger-de şeýle bolmasa, men ol delillerimi ýazmazdym.

Halypam Tagan aga (hukuk ylymlarynyň kandidaty, dosent, halypa mugallym, görnükli alym, juda zähmetsöýer publisist Taganmyrat Dallaýewiç Goçyýew) bilen söhbetdeşlikler bolardy. Köpüsem gaty berk ýadyňda galýan hilisindendi:

-Mollum, iň gowy jedel haýsy?
-Başlanmadyk.

-Mollum, özge birini öz pikiriňe ynandyrmak mümkinmi?
-Jukk.

-Mollum, iki sany akylly adamyň her haýsynyň öz pikiri bolýar, nämüçin?
-Ýalňyş aýtdyň. Iki akylla iki pikir däl, iki akylla üç pikir.
-A onda akmaga nähili?
-Her hili.

Gadymy Rimiň suhangöýleri (oratorlary, ritorlary) forum (ýygnak) meýdançasynda çykyş edip, özleriniň ähli aýtjagyny aýdyp bolansoňlar "Diksi" (Dixi) diýen söz bilen nutuklaryny tamamlar ekenler. Bu söz: "Men aýtjagymy aýtdym. Indi diýere zadym ýok. Şoň üçin meni gižželäp, azara galjagam bolup ýatmaň!" diýen manyny aňladypdyr.

Şeýlelikde, Dixi.

0
9 Myhman0430  
778
boldy. nokat. dixi.
esasy zat birek-birege (hem şahslaryna hem pikirlerine) hormat goýmak.
bardy-geldi meň pikirim ýalňyş çykyp "beýlede" Magrymguly ýakamdan ebşitläp tutaýsa, hiç kime barmagymy çommaldyp "meni bu pikire şu itekledi" diýmeýän. tersine bolsa-da heşelle kakman, söz.

0
4 Bagabat  
43
Mysal üçin, “Şekspir” tahallusy bilen ýazan şahyryň, şol wagt öz adyny açyk beýan edip bilmedik aristokrat (begzada) Eduard de Wer, Oksfordyň 17-nji grafy ýa-da meşhur filosof Frensis Bekon, ýa-da şol döwürler meşhur şahyr Kristofer Marlo, ýa-da ýene-de bir begzada Uilýam Stenli Derbiniň 6-njy grafy, ýa-da begzadalaryň ýene-de biri Rojer Menners Ratlendiň 5-nji grafy diýişleri ýaly, Magtymgulynyň käbir goşgularyny hem alym Gylyç Mülliýewiň adyna ýöňkeýärler. Şeýle jedellere muşketýorlaryň atasy Dýuma-da, Puşkin hem, “Ýuwaş Don”-yň awtory Mihail Şolohow hem...başga-da köp-köp adamlaryň ömri we döredijiligi mynasyp bolupdyr.
Ýokarda ýazan sowalymy başgaçarak görnüşde, şu ýerde ýene-de bir gezek hetjikläsim gelýär:
Eger-de şo kimdir biriniň adyna ýöňkelýän eserleri, olaň awtory hökmünde tanaýan adamlarymyz däl-de, şolaň awtorlygy ýöňkelýän adamlar ýazan bolsa, näme üçin olar ýene-de bir üýtgeşik, hakdan içen eseri ýazyp, özlerini “talan” awtorlar bilen bir hatarda taryhda galmagyň hötdesinden gelmedilerkä?
Ine, iň gyzykly ýeri nämede.
Ýa, o bendeleň hemmesi birje “sahnaň” epizodik gahrymany bolup, özleriniň şol ýeke-täk, deňsiz-taýsyz eseri “çilnenden” soň, birdenkä güpür-tapyr düýbünden gowy zat ýazmagy başarman başlaýdylarmyka?!
Bu soraga belli teatr režissýory Stanislawskiň meşhur jümlesi bilen jogap beresiň tutup gidýär...
Ýöne näme üçindir, hiç kim hakykatdan-da döredilen, emeli şahsyýet bolan Kozma Prutkowyň döredijiligini, ony emele getiren doganlar Žemçužnikowlardyr Alekseý Tolstoýyň arasynda “pytratmaga” dalaş etmeýär.
Ýogsa, hakykatdanam, Kozma Petrowiç Prutkowyň meşhur eserlerini, ol däl-de Žemçužnikowlaryň biri ýa-da Alekseý Tolstoý ýazan ahyry?!

0
5 Myhman0430  
778
Berdi Kerbabaýew ýygnaga gatnaşýanlardan meselä okbektiw garamagy, hiç kimiň hususyýetine tokunmazlygy, dostlarça maslahat bermegi haýyş edipdir. Berdi Myradowiçi ýoldaşlaryň käbiri gatybir diňlemedik ýaly.

pikirleri özüňki bilen gabat gelmese ýerden alyp ýere sokup durmagyň hajaty ýok. bu medeniýetlilikden nyşan däl. hasam edebiýatçy bolsaň.

bir jedelli meseläň bir gapdalynda B. Kerbaba (ýazyjylar soýuzynyň başlygy, xx asyryň klassikleriniň biri), B. Seýtek (ýazyjylar soýuzynyň başlygy, xx asyryň klassikleriniň biri), G. Kuly (diplomat), G. Seýitli (ministr)... bolsa beýleki tarapdakylaram "garamaýaklar" bolsa, ýygnakda kimiň sesi batly çykar. kim diňlener, kimiň ýüzi demir darak bilen daralar. halk kimi diňlär. şu ýygnaga gatnaşanlaryň hemmesiniň şo goşgularyň Magtymgula degişlidigine ynanandyklaryna şübhäm bar. belki ynanandyrlaram.

Serdar agaň agzaýan akro goşgusy Tejen Nepesowyň şahsy arhiwinden "Gylyç Müllüýewiň Magtymgulynyň heniz çap bolmadyk goşgulary" diýip galdyran gaty
galyň dört depderiniň birinden göçürilip alnypdyr. Tejen Nepes ýaly alym şoňa üns bermedimikä. oňa sesiňi çykarma diýlen bolaýmasyn.

soň sesini çykaranlaryňam köpüsi peslär ýaly alymlar däl. ýokarky ýaly ýygnakdan soň olaram sesini çykaryp bilen däldirler diýip çaklaýan.

Serdar aga dogry aýdýa. köp kişi şu meseläni A. Taganyň kitabyndan okandyrlar (juda gowy kitap). men ony okamakam hem eşidipdim. okamadym, eşitdim. sebäbi beýle pikirdäki adamlar pikirini ýazmaga gorkan bolaýmasalar. Gurban Wehimili wakanam öň eşitdim. hatda gaty agras biri aýdyp berenem bolsa "oýun edýämikänaý" diýip pikirlenipdirin. A. Tagan "podtwerdit" etdi.

ýokarky ýygnagam, protokoldan çen tutsaň, baryp ýatan subýektiw bolupdyr. arasynda obýektiwräk çykyş edenem bar (kafedra müdiri ýaly. oňkam doly obýektiw däl). şo goşgulary Magtymgulynyňky etmeli diýýänleň köpüsi - ýokarkylaram, başga ýerde eşidenlerimem (okanlarymam) esasy diýýän zatlary "o goşgular halka ýaýrady, dünýä tanadyldy...". başga üýtgeşik delilleri ýok.

meň müňkür bolýan ýerim o goşgulardaky ulanylan sözler däl. G. Mülliň kitap hakdaky rowaýaty. o kitabyň ýitirim bolmagy. G. Mülliýewiň ýatkeşligine-de ynanmazçylyk edemok. Eger G. Mülliýew ýa onuň kakasy sowatsyz bolan bolsa, onda "30-njy ýyllarda her kim gorkusyna arap hatly kitaplary öwlüýä äkidip gömende bularam şeýdendir" diýerdim. ýöne olar sowatly adamlar. gaýtam şo ýyllarda etraplardan, obalardan Magtymgulyň şygyrlary ýörite gözlenýädi dämi.

gowja deliller bilen subut etseler, menem ynanardym. kesirlik edemok. ýokarky ýygnak meni pikirimden dänderip bilmedi.

men ne bu tarapdakylaň ne-de beýleki tarapdakylaň niýetleriniň erbet bolandyr öýdemok. iki tarapam gowy niýet bilen pikirini aýdýa. G.M hem gowy adam bolanyna çynym bilen ynanýan. uly sarpa goýýan.

0
10 Ependi  
284
Bu gohuň içine meň-ä girme meýlim, aslynda, akylymam çatanok bu çekişmelere. Magtymgulyny tumarymyz ýaly görýän. Beýle setirleriň ýekejesini ýazmak üçin ägirt uly zehin gerek. "Kyrk ýylda ýazylan kitaby" okadym bir wagt. Şonda, ýazyjy, awtory, ýaňy sönüp barýan şeme täzeden ot berip goýberäýýärdi öýýän. Soňlugy bilenem näme, tüweleme, biderek çekişmelere getirdi. Şonda bilipdim, öňi-soňy bu bir zada elter diýip. Diýşim ýalam boldy.

0
11 Ependi  
284
*girme meýlim ýok* - diýjekdim

0
12 Yusup  
50
Edebiýaçy alym Tejen Nepesow bir makala goýup gidäýmeli eken-ä. Belki şonda Has Türkmen agamyz düşünerdi.

0
13 Haweran  
411
Tejen Nepes ol-a bir makala eken, bir kitap goýup gidende-de üýtgän zat bolmazdy, suwly ýaby bulandyrmakdan başga.
@Bagabat agza-Serdar aga aýtjak zatlarymyñ köpüsini çöp döwen ýaly aýdypdyr. Şoñ ü.n gaýtalap durasym gelenok. Şonda-da goşjak käbir zatlarym bar. Soñ jemläp aýdaryn jemleýji teswiri, häzirlikçe pikirini aýdan aýtsyn.

0
14 Remezan  
1397
Magtymguly Pyragy barada öz bilýänimden aýdaýyn, türkmen halky kitap saklaýan halk diýip aýdyp bolmaz muny diýdigim, sowatly adamlar-da bar ekeni, ýöne kitapsöýüjilerem bolupdyr, diýjek bolanym, men entek kiçi wagtlarym Garry enem iki sany kitap aýap saklaýardy, biri bolsa üç sahypa, olam goparylan ekeni beýlekisi bolsa ilki başda çap edilen Magtymguly diýip duran kiçijek kitapçady, ondaky rus elipbiýinde bolsa-da y harpa derek, mýakiznak (ъ) ulanylan görnüşidi, mümkin kitapça SSSR-de çap edilendir, ýöne arapça ýazylan ýazgyny SSSR-de çap edilmedigini bilýän, men 8-nji klasda arapça harplary öwrenenimde şol haty okatdylar, doly bilmesem-de zordan diýen ýaly okadym, şonda ýalňyşmasam türkmeniň diýen goşgy barfy olam üç list okan bolsam bir bendini okadym. Garaz gürrüň bermegine görä Garry atamda birnäçe arap pars dilinde ýazylan kitaplary bar ekeni, SSSR gelen wagtlary, şol kitaplary ýygnalýar diýlende, şol üç listi galypdyr galanlaryny öwlüýäde gömüpdir, özi aradan çykýança aýap saklaýardy, ol wagt kän üns berilmän soň şol kitaplaram ýitip gitdi
Bagşylaram dessançylar, we birnäçe erteki otarýan ýaşulularymyz bardy, özümden mysal alsam näçe kitap okanymda-da doly bir hekaýany aýdyp bilemok, ýöne şol öňki ýaşulular, harp tanamazdan gürrüň edilen zady ýatda saklap gürrüň berýärdiler, rawylar ýalydy. Soňam Aşgabatda işleýän wagtym bir azerbeýjan geldi, men onuň bilen ýöne gürrüňdeş boldum, ondan-mundan sorap gyzyklanyp, edebiýat taryh barada gürrüňleşenimizde aýtdy, "biz türki halk öz şahsyýetimize eýe çykyp bilmeýäs, öz şahsyýetlerimiziň bolanyna-da müñkür bolýas" diýip birazyrak Magtymguly barada gürrüň berdi, Magtymguly we ýene birnäçe şahslar bolmadyk ýa subutnamasyz halk döredijiligi, diýip aýdanlar kän diýdi. Bu meselede gapma garşylyk döredeniň bilen üýtgejek zat ýok. Her kim öz pikirinde galýar. Soňam diýilýär-ä "akyly bar adam jedel etmez" diýip. Anyk bilmedik halyma goşulanyma ötünç soraýan, aýdan delillerim bolsa öz gözüm bilen gören we okan hatym.

0
15 Yusup  
50
Men hem bir süpük okujy. Bu zatlara aklym çatmaz. Magtymgulynyň kitabyny elime alyp 20 sahypadan kän okan däldirin. Sebäp goşgy bilen aram ýok.

0
16 Duralga  
1547
Jedelli bolmasa goşgular Magtymgulynyňky we Gylyç Mülliňki diýen gürrüň bolmazdy. Aňyrsynda biziň bilmedik taryhyň ýowuz we rehimsiz günleri ýatyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]