16:13 Mahabharata barada | |
«Mahabharata» (Baharatyň nesilleri barada şanly rowaýat) – gadymy hindi eposy. Dünýäniň uly edebi epiki eseri bolan «Mahabharat» özünde kyssa žanrynyň agyr, ýöne düýpli epiki toplumyny: nowellalary, basnýalary, göÇme manyly hekaýalary, rowaýatlary, liro-didaktiki gepleşikleri, dini, syýasy, hukuk häsiýetli pikirleri, kosmogoniki mifleri, gimnleri jemleýär. Ol 18 kitapdan ybarat bolup, 75 000 ikilemeden durýar we onuň göwrümi «Iliada» we «Odisseýa» poemalaryndan birnäçe esse uludyr. «Mahabharat» Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň halklarynyň edebiýatynda sýužetleriň we obrazlaryň üsti bilen ösüşi özünde jemleýän çeşmedir. Hindi tradisiýasynda «bäşinji Weda» hasaplanylýar.
«Mahabharatany» kyssada esasy hereket edýän akyldar Wýase ýazýar (Pandawalaryň we Kaurawolaryň atasy). Eserde iki sany doganoglan toparlar bolan 5 sany Pandawalar (şa Pandunyň we şa aýaly Kuntiniň ogullary) we 100 sany Kaurawolaryň (şa Dhritaraştryň we şa aýaly Gandhariniň ogullary) arasyndaky dawa beýan edilýär. Pandawalaram, Kaurawolaram Kuru atly Aý dinastiýasyndan gaýdan nesiller. Ýöne kyssada köp ýagdaýlarda Kaurawolaryň umumy adyny Dhritaraştryň ogullary diýip agzalýar. Dawa Dhritaraştryň uly ogly häkimýetparaz, kiçilikden «tagty gysganyp, jenaýatçylykly meýiller bilen zäherlenen» Durodhan tarapyndan başladylýar. Goja şa Dhritaraştra dini akyldarlaryň, maslahatçylarynyň we uly aksakgallaryň aýyplamalaryna garamazdan oglunyň günäsini geçýär. Netijede dawa ýokary derejelere ýetip, keramatly meýdan Kurukşetrede 18 güne çeken gandöküşikli söweşe eltýär. Nesilleriň dawasyndaky aýratyn täsirli ýer iň güýçli pälwan – Pandawalaryň tanalmaýan uly dogany Karnanyň Kaurawolaryň tarapynda uruşmagydyr. Pandawalaryň we Kaurawolaryň arasyndaky söweş mifiki syry özünde jemleýär: hudaýlaryň islegi boýunça Kurukşetredäki söweşiň üsti bilen Kaurawolarda ornaşan danawa şeýtanlaryny ýok edilmelidi. Hut şonuň üçin hem Şiwa danawany iberip Durodhany döredýär we nesilleriň arasyndaky dawanyň başlanmagyna sebäp bolýar. Mundan başga-da gurban berilýän altardan Draupadi doglup, kşatrileriň arasyndaky duşmançylygyň döremeginiň başlangyjy bolýar. Hudaýlaryň pikiri Karnada jemlenýär, ýagny Suriniň ogly Wýasanyň tassyklamagyna görä, Karna ýerdäku dawalaryň tohumyny sepmek üçin döräpdir. Epiki kyssanyň birinji kitaby Pandawalaryň şalygyň ýaryny almagy we beýik gülläp ösen imperiýany döretmegi bilen tamamlanýar. Ikinji kitapda Pandawalar Kaurawolar döwletinden dini-milli oýun bolan süňk (küşt) oýnunda utulýarlar we 13 ýyllyk sürgüne gidýärler (III we IV kitaplar). V kitapda ählitaraplaýyn gapma-garşylygyň soňuna nokat goýmak üçin netijesiz geçen diplomatik ýollar barada aýdylýar. VI-X kitaplarda söweş barada gidýän bolsa ХI kitapda ýeňilen gahrymanlaryň agysy beýan edilýär. Urşuň öň ýany Pandawalaryň ortanjy dogany hem iň güýçlisi Arjun öz doganlarynyň ganyny dökmekden ýüz dönderýär. Ýöne onuň arabaçysy bolan Krişna onuň ahlak yzasyny meşhur wagyz «Bhawad-gitanyň» aýtgylarynyň kömegi bilen aradan aýyrýar. Kurukşetredäki bu söweş Kuli- ýugi, ýagny «dördünji we iň soňky» döwrüň başlanmagy bilen dabaralanýar. Söweşde Pandawalar Krişnanyň kömegi bilen ýeňiş gazanýarlar. Ýöne ýeňişiň hatyrasyna olar atasy Bhişmany, halypasy Drony, garyndaşy dindar Bhurişrawasy, ýegençisi Ghatotkaçi, dogany Karnany we doganoglany Durodhany öldürmeli bolýarlar. Pandawalaryň tarapyna geçen Kaurawolaryň öweý dogany Ýuýustdan özgesi gyrylýar, ýöne ýeňiji bolan Pandawalar hem ähli ogullaryny we kowmuny ýitirýärler. Ýeňişden soňra Pandawalaryň ulusy şa Ýudhişthira bu bolan gandöküşiklige puşman edýär we şalygy tabşyryp, terkidünýälikde ýaşamak üçin tokaýagitmek isleýär. Ýöne dini ulamalaryň we kowmunyň berk talap etmegi netijesinde (ХIV-XV kitaplar) şalyk borjuny berjaý edýär. Ol kowum-garyndaşlarynyň gyrylmagynda özüni günäkärlemegini bes etmeýär. Ilkinji 15 ýylyny Ýudhişthira öňki patyşanyň resmi taýdan hökümdarlygyny ykrar edip, şonuň adyndan dolandyrýar. Ýöne Pandawalaryň ikinji dogany başarjaň we kesir Bhimaseniň gyjalatlaryna çydaman Dhritaraştra Pandawalaryň ejesi, maslahatçysy bolan Kuntini ugratman niýeti bilen tokaýa gidýär. Soňky 20 ýyl Ýudhişthira şalygy özbaşdak dolandyrýar. Soňky ýyl Pandawalar öz umumy aýaly Draupadi bilen şalygy goýup, Gimalaýa gidýärler we ýolda ölüp, asmana galýarlar (XVII-XVIII kitaplar). Epiki sýužet «Mahabharatanyň» ýaryndan az bölegini tutýar. Ol ýüzýyllyklaryň dowamynda nowellalar, mifiki we dini häsiýetli göçme manyly kyssalar bilen doldurylypdyr. «Bhawad-gita» bolsa induizmiň keramatly ýazgysy hökmünde «Mahabharatyň» esasy bölegini tutýar. Esasy ünsi özünde jemleýän epiki gahryman hökmünde Karnany görkezmek bolar. Kurukşetredäki kşatrilere we olary eýelän şeýtanlara gönükdirilen söweş baradaky Krişnanyň pikirleri Karna üçi açyk bolupdyr. Krişnanyň pikiriçä, Karna bolmadyk bolsa söweş bolmazdy. Üstesine-de, hut şol Karnanyň ölüminden soň Kaurawolar asgynlap başlaýarlar we ýeňiljekdiklerini boýun alýarlar, Dwapora-ýuga tamamlanýar we Kali-ýuga başlanýar. Kyssada Karnanyň ölümi barada beýleki wakalara seredeniňde köp beýan edilýär. «Mahabharatada» hudaýlar hakda mifler, gadymy gahrymanlar barada rowaýatlar, basnýalar we beýleki folklar esasy orun tutýar. Eposy ensiklopedia hökmünde hem ulanmak bolar, sebäbi muny awtorlaryň dürli gelip çykyşly saýlanan bilimleriniň toplumy hökmünde görkezse bolar. «Mahabharata» 18 kitapdan (parw) ybarat. 1. Adiparwa – Birinji kitap. Bharatyň nesliniň gelip çykyşy we şa Dhritaraştranyň hem-de onuň doganoglan inileriniň arasyndaky duşmançylygyň başlanyşy barada. 2. Saphaparwa – mejlisler barada kitap. Gadymy hindi knýazlyklarynyň Pandawalaryň ýolbaşçylygynda birleşmeleri we oaaryň şalykdan mahrum boluşlary barada. 3. Aranýakaparwa – tokaý kitaby. Pandawalaryň tokaýda geçiren 12 ýyllyk döwri barada 4. Wirataparwa – Wirata barada kitap. Sürgüniň soňky 13-nji ýylynda Pandawalaryň başdan geçirmeleri barada. 5. Udýogaparwa – Yhlas barada kitap. Kaurawolar bilen söweşmezlik üçin Pandawalaryň alyp baran diplomatik ýollary barada. 6. Bhişmaparwa – Bhişma barada kitap. Kurukşetredäki söweşiň 18 gününiň ilkinji 10 güni barada. 7. Dronaparwa – Drona barada kitap. Kurukşetredäki söweşiň 11-15-nji günlerindäki söweşler we ýekme-ýek çaknyşyklar barada. 8. Karnaparwa – Karna barada kitap. Kurukşetredäki söweşiň 16-17-nji günleri barada. 9. Şalýaparwa – Şalýe barada kitap. Kurukşetredäki söweşiň soňky güni barada. 10. Sauptikaparwa – ýatanyň üstüne çozuş barada kitap. Dronyň ogly Aşwatthmanyň üstine Pandawalaryň naýynsaplyk bilen çozmagy barada. 11. Striparwa – aýal ( ýanýoldaş manyda) barada kitap. Pandawalaryň üstüne Aşwatthmanyň ähtiýalanlyk bilen çozanyndan soň olaryň aýalynyň hasraty barada. 12. Şantiparwa – barlyşdyrma barada kitap. 13. Anuşasanaparwa – höküm barada kitap. 14. Aşwamedhikaparwa – Aty gurban bermek barada kitap. Kaurawolary ýeňenden soňra Pandawalaryň baştutanlygynda gadymy hindi knýazlyklarynyň birleşmegi barada. 15. Aşwamawasikaparwa – tokaýdaky ýaşaýyş barada kitap. Şa Dhritaraştri we onuň aýallary Gandhariniň we Kuntiniň tokaýa gidişleri we ömrüni tamamlaýyşlary barada. 16. Mausalaparwa – taýakly uruş barada kitap. Dogan taýpalar bolan ýadowlar, wrişnewler, andhaklar we kukjrlaryň arasynda ýokediji söweş hem-de Krişnanyň we Baladewiň ölümi barada. 17. Mahaprasthanikaparwa – ajaýyp çykalga barada kitap. Draupadi we Pandawalaryň durmuş ýolunyň soňy barada. 18. Swargarohanikaparwa – asmana göteriliş barada kitap. Pandawalaryň we Kaurawolaryň ölümi we olaryň asman şalygyna göç edişleri barada. Şeýle-de jemi 16375 ikileme, "Hariwamşaparwa" we Krişnanyň ömür beýany görkezilen. wikipediadan alyp terjime edilendir. Eseriň özüni okamadym, diňe kinosyny gördüm. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |